Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri 800 milliard ýewro goranyş planyna seretmekçi bolýar


Aktiwistler Brýusselde geçiriljek sammitiň öňüsyrasynda, Ýewropa Geňeşiniň binasynyň daşynda Ukrainany goldamak üçin uly baýdak açýarlar. 5-nji mart, 2025 ý.
Aktiwistler Brýusselde geçiriljek sammitiň öňüsyrasynda, Ýewropa Geňeşiniň binasynyň daşynda Ukrainany goldamak üçin uly baýdak açýarlar. 5-nji mart, 2025 ý.

Parižde we Londonda geçirilen krizis ýygnaklaryndan soň, Ýewropa liderleri indi Brýusselde geçiriljek “ýörite sammit” üçin ýygnanýarlar. Sammitde esasy üns harby güýçleri artdyrmak meýilnamalaryna gönükdirilýär.

Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan “netijeleriň taslamasynda” howa goranyşyny, artilleriýany we “çuňňur takyk zarba urmak mümkinçiliklerini” güýçlendirmek meseleleri agzalýar.

Ýewropa Bileleşigi gorag meselesinde “hakykatdanam täze sahypa açar” diýip, ÝB-niň ýokary derejeli resmisi sammitiň öňüsyrasynda aýtdy. Ol bu meselede “hemmelerden” görnüp duran “aýdyň islegiň” bardygyny hem sözüne goşdy.

Sammitde esasy üns Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýeniň teklip eden “REARM Ýewropa” (red: baş harplary) atly meýilnamasyna gönükdiriler. Meýilnama ÝB-e agza ýurtlaryň goranyşyna sarp etmek üçin 800 milliard ýewro (844 milliard dollar) serişde goýberilmegini göz öňünde tutýar.

6-njy martdaky sammiti geçirmek barada, çalt depginde ilerleýän diplomatik özgerişlere jogap hökmünde, 27-nji fewralda yglan edilipdi. Ýöne şondan bäri Ak tamyň Owal ofisinde Tramp bilen Zelenskiýniň arasynda bolan gyzgyn çekişmeden we Waşingtonyň Ukraina harby kömegini doňdurandan soň, diplomatik özgerişleriň depgini has-da güýçlendi.

XS
SM
MD
LG