ÝB-niň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekiliniň Türkmenistana sapary ýatyryldy. Ýewropa Komissiýasyndaky çeşmeler saparyň ýatyrylmagyny garaşylmadyk şahsy sebäpler bilen düşündirdiler.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaja Kallasyň 4-nji martda Aşgabada baryp, ÝB-niň hem-de Merkezi Aziýa ministrleriniň ýygnagyna başlyklyk etmegine garaşylypdy. Ýygnagy şu ýyl Türkmenistanda geçirmek planlaşdyrylýardy.
ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça edarasynyň websaýtynda 28-nji fewralda çap edilen maglumata görä, Aşgabatdaky ýygnagyň çäginde Kaja Kallas Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň daşary işler ministrleri, şeýle hem Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmelidi.
Şeýle-de, ÝB-niň resmi maglumatynda 4-nji marta bellenen ministrler ýygnagyndan soň ÝB-niň ýokary derejeli wekili bilen metbugat ýygnagynyň boljagy habar berlipdi. ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça edarasynyň websaýtynda çap bolan bu resmi beýanat Brussel wagty bilen sagat 10 töweregi saýtdan aýryldy.
Kaja Kallasyň edarasynda onuň Aşgabada saparynyň mart aýynyň ahyryna çenli yza süýşürilendigini Azatlyk Radiosyna habar berdiler.
Şeýle-de, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen ýörite wekili Eduard Stipraisyň gepleşikler üçin Aşgabada barýandygy mälim edildi. Ýewropa Komissiýasynyň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk boýunça metbugat wekili Pedro Foneska Monizanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Stiprais türkmen wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirer.
Ozal çap bolup, soň aýrylan resmi maglumata görä, ýygnagyň gün tertibinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde 2025-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde geçiriljek ilkinji ÝB-Merkezi Aziýa sammitine taýýarlykdan başga-da, Russiýanyň urşunyň Ukrainadaky ulag we sanly aragatnaşyga zyýanynyň regional täsirleri, möhüm çig mal, energiýa we suw, söwda, adamlaryň aragatnaşyklary, bilim we ylmy barlaglar ýaly köp sanly mesele göz öňünde tutulypdy.
ÝB-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleriniň ýygnaklaryna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistany, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşýar.
Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlyk guramasy (IPHR) ÝB-niň ýokary derejeli diplomatynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleri bilen ýygnagynda adam hukuklary we raýat jemgyýetçiligi meselesini gozgamaga çagyrypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum