Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Kiýewi pilotsyz uçarlar we raketalar bilen nyşana alýar


Kiýew
Kiýew

Russiýa 2-nji sentýabr güni irden Kiýewe pilotsyz uçarlar, ganatly we ballistik raketalar bilen hüjüm edip, ýangyn turmagyna sebäp boldy, ýaşaýyş jaýlaryna we infrastrutura zyýan ýetirdi, azyndan iki adam ýaralandy diýip, şäher häkimi aýtdy.

Kiýew suw desgasyndaky suw gazanyna, Swýatoşinkski etrabyndaky Metro bekediniň girelgesine zyýan ýetdi, bu girelge bomba gaçybatalgasy hökmünde hem hyzmat edýrdi diýip, Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko aýtdy.

Hüjümde azyndan iki adam ýaralandy diýip, Kliçko gyssagly kömek hyzmatlarynyň işgärleriniň urlan raketalarynyň gaçan birnäçe etraplara iberilendigini aýtdy.

“Bu ýerde hemme zat üçin jogap bolar. Duşman muny duýar" diýip, prezident edarasynyň başlygy Andriý Ýermak hüjümden soň öz Telegram sahypasynda ýazdy.

Kiýewiň şäher harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko 10-dan gowrak ganatly raketanyň, şeýle-de Russiýanyň ukrain paýtagtyna we onuň töwereklerine atan 10 çemesi ballistik raketasynyň we pilotsyz uçarynyň Ukrainanyň howa goraglary tarapyndan ýok edilendigini aýtdy.

Howa reýdi duýduryşlary 2-nji sentýabr güni irden tas iki sagada golaý, asmanyň arassadygy yglan edilýänçä, tutuş Ukraina ýaň saldy. Goňşy ýurt, NATO gazasy bolan Polşa, hüjüm wagtynda öz howa giňişliginiň howsuzlygyny üpjün etmek üçin, özüniň we ýaranlarynyň howa gämilerini herekete getirdi diýip, “Roýters” aýtdy.

Şu aralykda, metbugat habarlaryna görä, Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkowda iki sany pilotsyz uçar ýaşaýyş jaýyna we mekdebe zarba urdy. Bu hüjümde ölenleriň bolmandygy habar berildi.

Bu hüjüm Russiýanyň bir gün öň edilen ukrain hüjümleriniň öňüni alandygy baradaky beýanatynyň yzyndan edildi.

Rus harbylarynyň habaryna görä, Kreml güýçleri düýn, öz szölerine görä, 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli çozuşlaryndan bäri, 158 sany pilotsyz uçaryň öňüni alyp, Ukrainanyň iň uly hüjümleriniň birini yzyna serpikdirdi.

Şeýle-de, bu ukrain güýçleriniň Russiýanyň Kursk sebitine çozaly bäri geçen birnäçe hepdäniň dowamynda, Moskwa goşunlarynyň olary yzyna çykarmak üçin edýän tagallalarynyň o diýen netije bermeýän wagtynda boldy.. Kreml olara gaýtawul bermegi wada beripdi.

Forum

XS
SM
MD
LG