Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hüjümlerinde azyndan 2 adam öldi, Dunaý portunyň infrastrukturasy zaýalandy


Harkowa urlan zarbanyň yzlary. 24-nji iýul, 2024.
Harkowa urlan zarbanyň yzlary. 24-nji iýul, 2024.

Russiýanyň Ukrainanyň sebitlerine 24-nji iýulda atan toplary we raketalary azyndan iki adamyň ölmegine, birnäçe adamyň ýaralanmagyna, Dunaý boýundaky Izmaýil portunyň infrastrukturasyna zyýan ýetmegine sebäp boldy diýip, sebit resmileri aýtdy.

Russiýanyň öten agşam günortadaky Herson şäherine atan toplary netijesinde bir gartaşan aýal ýogaldy diýip, sebitiň harby administrasiýasy habar berdi.

"Rus goşuny öten agşam Dinipro etrabynda bir ýaşaýyş jaýyna hüjüm etdi. Gynansagam, 77 ýaşly bir aýal öldürildi we onuň jesedi öz öýüniň harabalarynyň aşagyndan tapyldy” diýip, telegramda ýerleşdirilen habarda aýdyldy.

Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkowa hem birnäçe raketa zarbasy uruldy, azyndan bir parahat ýaşaýjy öldürildi diýip, şäher häkimi Ihor Terehow telegramda aýtdy.

"Birinji zarbada Harkowyň etraplarynyň birinde ýerleşýän senagat zolagy nyşana alyndy .... Ikinji raketa hususy kärhananyň ýerleşýän ýerine urup, binanyň ot almagyna sebäp boldy. Ol ýerde bir adamyň ölendigi habar berilýär” diýip, Terehow aýtdy.

Harkowyň gubernatory Oleh Synýehubow şäheriň Nemyşlýanski etrabyna edilen hüjümde senagat binasynyň ot alandygyny aýtdy.

Günortadaky Odesa sebtiniň häkimi Oleh Kiper Russiýanyň pilotsyz uçarlarynyň Dunaý boýundaky Izmaýil portuna zarba urandygyny aýtdy. Bu port Ukrainanyň galla eksportynda uly rol oýnaýar.

"Ruslar port infrastrukturasyny we ýaşaýyş jaýyny nyşana aldy" diýip, Kiper telegramda üç adamyň ýaralanandygyny hem sözüne goşdy. Kiper hüjümiň port enjamlarynyň birnäçesine zyýan ýetirendigini we ýangyna sebäp bolandygyny, ýöne soň ýangynyň öçürilendigini aýtdy.

Buharestde, Ukrainanyň NATO agzalygyndaky goňşusynyň Goranmak ministrligi Dunaýyň çep kenaryna, Rumyniýanyň Tulça etrabynyň aňyrsynda ýerleşýän Izmaýile edilen hüjümlerden soň bu sebitde iki söweş uçaryny asmana galdyrandygyny aýtdy.

Ukrainanyň harby-howa güýçleri öz howa goranyş ulgamlarynyň Russiýanyň Ukrainadaky nyşanalaryna iberen 23 pilotsyz uçarynyň 17-sini urandygyny aýtdy. Ukrainanyň howa güýçleriniň serkerdesi, general Mykola Olesçugyň sözlerine görä, pilotsyz uçarlaryň köpüsi Odesa sebitiniň asmanynda urlup ýykyldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem şu aralykda öz howa goragy ulgamlarynyň Belgorod sebitinde Ukrainanyň üç sany pilotsyz uçaryny urandygyny aýtdy.

Ukrainanyň ýokary harby serkerdesi, polkownik general Oleksandr Syrskiý 24-nji iýulda "The Guardian" gazetine beren interwýusynda ukrain pilotsyz uçarlarynyň şu wagta çenli Russiýanyň içinde zawodlar, ýangyç ammarlary we ok-ýarag ammarlary ýaly, "200-e golaý möhüm infrastruktura desgasyny" nyşana alandygyny aýtdy. Ol bu desgalaryň ählisiniň "harby logistika" bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Şeýle-de, Ukraina öz deňiz dronlarynyň Gara deňizdäki rus harby gämileriniň üçden birini gark edendigini ýa-da hatardan çykarandygyny öňe sürdi.

"Bu hakykatdanam olar üçin duzak we käbir gämiler üçin gabyr boldy" diýip, Sryskiý "The Guardian" gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG