Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rahmon Putin bilen Russiýadaky täjikler meselesini maslahatlaşdy


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon rus kärdeşi Wladimir Putin bilen. Kreml, 9-njy maý, 2024.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon rus kärdeşi Wladimir Putin bilen. Kreml, 9-njy maý, 2024.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon rus kärdeşi Wladimir Putin bilen Kremlde bolan duşuşygynda Russiýadaky zähmet migrantlary meselesini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Ol bu meseläni “örän ynjyk” diýip atlandyrdy.

“Elbetde, bu gün men siz bilen käbir meseleleri, hususan-da biziň migrant işçilerimiz bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak isleýärin. Bu biz üçin örän ynjyk we esasy meseleleriň biri" diýip, Rahmon 9-njy maýda Putin bilen bolan duşuşygynda aýtdy.

Rahmon Moskwa 8-nji maýda, Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere we GDA döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl ýygnagyna gatnaşmak üçin, iş saparyna geldi.

Täjigistanly zähmet migrantlary meselesi 22-nji martda, Moskwanyň “Krokus Siti Holl” söwda we güýmenje merkezinde bolan terrorçylykly hüjümden soň, bu hüjümde Russiýadaky täjik migrantlarynyň günäkärlenmegi, migrant täjikleriň köpçülikleýin saklanmagy, barlanmag we deportasiýa edilmegi netijesinde gozgaldy.

Täjigistanyň bir milliona golaý raýaty Russiýada işläp, yzda galan maşgalalaryna pul iberýär. Oppozisiýa wekilleri Duşenbäni raýatlary 30 ýyldan gowrak wagt bäri mynasyp iş we aýlyk bilen üpjün edip bilmezlikde tankytlaýarlar.

XS
SM
MD
LG