Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtyň birnäçe hassahanasynda MRT barlagyndan gecip bolmaýar


Magnit-rezonans tomografiýa guraly - MRT. (Illýustrasiýa suraty)
Magnit-rezonans tomografiýa guraly - MRT. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda medisina hyzmatlarynyň ilata elýeterliligi gowşaklygyna galýar. Şu günler paýtagtlylar MRT barlagyndan geçmegiň kynlaşandygyny aýdýan bolsalar, welaýat ýaşaýjylary saglygyny barlatmak mümkinçilikleriniň hasam çäklidigini aýdýarlar.

Aşgabatdaky birnäçe keselhanada, şol sanda Newrologiýa we Endokrinologiýa merkezlerinde, Kelle we boýun keselleri bejeriş merkezinde MRT barlagy geçirilmeýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy saglyk işgärlerine salgylanyp, enjamlaryň işlemeýändigini we bu ýagdaýyň soňky bir aýa golaý wagt bäri dowam edýändigini belleýär.

Azatlyk bilen gürleşen çeşmeler keseliň ojagyny anyklamak üçin ulanylýan magnit-rezonans tomografiýa guralynda barlagdan geçirmek üçin paýtagta welaýatlardan hem hassalaryň ugradylýandygyny belleýärler.

"MRT enjamy bilen lazerli takyk suratlary edýän bu enjam Türkmenistan boýunça diňe aşgabatda işleýärdi. Welaýatlardaky ähli agyr näsaglar Aşgabatdaky halkara saglyk merkezlerine ýollanma esasynda birnäçe aý öňünden nobat boýunça ugradylardy. Bu hassanyň wagtyny ýitirmegine alyp gelýär. Emma indi öz nobaty ýetip, Aşgabada baran onlarça näsag paýtagtdaky halkara saglyk merkezlerinde bu MRT enjamynyň işlemeýändigini bilip galýarlar" diýip, çeşmeleriň biri 8-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan welaýatly näsaglaryň sözlerine görä, welaýatlardan paýtagtyň anyklaýyş-bejeriş merkezlerine baran hassalara 10-njy oktýabrdan soň gelmek maslahat berilipdir.

Azatlyk Radiosynyň MRT gurallarynyň işläp-işlemeýändigini we bu barlagyň geçirilmeýändiginiň sebäplerini anyklamak üçin paýtagtyň saglyk merkezleriniň resmileri bilen gürleşmek boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Balkanly hassalar bilen söhbetdeş bolan habarçymyz Aşgabada barlaga baran adamlaryň ençemesiniň oňurga diskindäki kemçilikler, kelle-boýun oňurgasyndaky gryža, beýnisinde çiş döremegi ýaly hassalyklardan ejir çekýändigini gürrüň berdi.

Habarçymyz şeýle keselleri anyklamak üçin welaýatly näsaglaryň Aşgabadyň keselhanalaryna ýüz tutmakdan başga mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýar. Şeýle-de bolsa, Balkan welaýatynyň keselhanalarynda we Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasynda MRT guraly bar.

Balkanly lukmanlar bu guraly kadaly işletmek üçin tejribeli kadrlaryň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

"Bu enjam Balkan welaýatynda hem bar, ýöne ony işledip bilýän bilimli kadr ýok. Şu sebäpden ýiti neýro ýa-da kelle çanagyndaky we beýnidäki keselleri anyklamak üçin Balkanabatdaky anyklaýyş we tiz kömek merkezlerindäki MRT enjamlary şol edaralara ulanyşa berleni bäri ýekeje sapar hem peýdalanylmady" diýip, balkanly lukman gürrüň berdi.

Soňky döwürde welaýatlaryň saglyk edaralary näsaglary barlagdan geçmek we bejeriş almak üçin diňe paýtagta däl, Arkadag şäheriniň täze gurlan merkezlerine hem ugradyp başladylar. Täze şäherde gurlan kaşaň medisina merkezleri döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Emma bu ýerdäki hyzmatlaryň beýleki ýerlerden esli ýokary bahalary ilat köpçüligi üçin elýeterli däl.

Türkmenistanly lukmanlaryň Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde eden gürrüňdeşlikde aýtmagyna görä, Türkmenistanda kadaly medisina hyzmatlary köpçülige elýeterli däl, hili ýaramazlaşýar, keselhanalarda ýer ýok, tejribeli lukmanlar ýetmezçilik edýär, saglyk edaralary zerur enjamlar bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeýär, derman ýetmezçiligi saklanýar, şeýle-de parahorluk medisina hyzmatlaryny gymmatladýar.

Şu sebäplere görä, mümkinçilik tapan türkmenistanlylar saglygyny bejermek üçin başga ýurtlara gitmäge synanyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG