Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahorluk habary dekanyň 'gaharyny getirdi', studentleriň 'kitaphana sürgüni' uzaldyldy


Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymçylyk institutyna girjek okuwçylar synaglaryň netijelerini görýärler. Aehiw suraty
Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymçylyk institutyna girjek okuwçylar synaglaryň netijelerini görýärler. Aehiw suraty

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bu okuw jaýyndaky parahorluk barada çykan habardan soň ýagdaýyň has kynlaşandygyny habar berýärler. Türkmenistnda ýokary bilim edaralarynda, şol sanda orta mekdeplerde çuň kök uran parahorluk hiç kim üçin täzelik däl we, türkmen häkimiýetleri wagtal-wagtal has göze düşen ‘parahorlary’ azatlykdan mahrum edip, emele gelen agyr ýagdaýy göni we gytaklaýyn tassyk edýärler. Şol bir wagtda, bilim ministriniň hökümet mejlislerinde berýän hasabatlarynda bu mesele düýpden agzalmaýar. Hünärmenler kiçi Berdimuhamedowyň, uly Berdimuhamedowdan tapawutlylykda, bilim özgertmeleri bilen dilde hem ‘gyzyklanmaýandygyny’ öňe sürýärler.

“Azatlykda habar çykanyndan soň, dekan bize, ertirki nyzama düzülen talyplara gygyrdy. “Araňyzda gaty kän myş-myş ýaýradýan bar, myş-myşlaryňyz bilim ministrligine baryp ýetipdir. Okuwa geldiňizmi, okuw bilen boluň. Etmäge işiňiz azmy?” diýdi” diýip, ýerli habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen talyp aýtdy.

Onuň sözlerine görä, dekanyň eden käýinçli gürrüňinden soň, studentleriň ozalam ýeňil bolmadyk “ýagdaýy has kynlaşydyryldy”.

“Mundan öň rugsatly ýa-da rugsatsyz ýagdaýda sapaga gelip bilmän galan günüňde gatnaşmadyk her sapagyň üçin bir 12 sahypalyk depderde eliň bilen referat ýazyp, her galan günüň üçin iki sagatlap kitaphanada oturmaly edilýärdi” diýip, student öňki ýagdaýy gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, mugallymlar talyplaryň ýazan referatlaryny barlamaýar. Studentleriň käbiri soň öz ýazan ýazgylarynyň zibil bedresinde ýatanyny görüp, has peýdaly zada sarp edip biljek wagtyny ýitirenine gynanýar diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

“Azatlykda çykan habardan soň, biziň ‘ýagdaýymyz agyrlaşdy’; ozal, kitaphanaçy bilen gatnaşygyň gowy bolsa ýa-da oňa bir plitka şokolad berseň, kitaphanadan irräk gaýdyp bolýardy, indi ol ýerde oturmaly iki sagatlyk ‘temmini’ üç sagada çenli uzaltdylar.”

Ýöne, ýokary okuw jaýyndaky parahorluk barada çykan habaryň ‘peýdaly’ tarapy hem boldy, profesor-mugallymlar bu habardan soň emele gelen ýagdaýdan peýda görüp başladylar diýip, habarçynyň söhbetdeş bolan başga bir student aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ozal rugsat alyp, sapakdan galanyň üçin pul, para bermeli däldi, indi professorlar rugsat üçin hem para alýarlar.

“Paranyň belli bir möçberi ýok. Ýöne para bermeseň, her galan sapagyň üçin üç sagat kitaphanada oturmaly. Rugsat almak hem öňkülerinden kynlaşdyryldy. Eger-de saglyk ýagdaýyň sebäpli, birden dümewläp-beýleki edip, okuwdan galjak bolsaň, hökmany suratda institutyň lukmanyna ýüz tutmaly. Lukmanlar bolsa, professorlara garanyňda hem açgöz, 50 manatdan az paranyň ýüzüne-de seretmeýär” diýip, 2-nji kursda okaýan talyp gürrüň berdi.

Ol bu ýagdaýyň ‘halys ýürege düşýändigini, bular okuwy taşlap gider ýaly etjek bolýarmykalar?’ diýip pikir etdirýändigini aýtdy.

Studentiň kitaphanada iki, üç sagat oturmaga mejbur edilmegi, bir tarapdan, talyplaryň kitaphana kän barmak islemeýändigini görkezse, ikinji tarapdan, okuw jaýynyň kitaphanada oturmagy ‘jeza ýa temmi’ hasaplamagy, ýa-da studentleri şeýdip okamaga höweslendirjek bolmagy geň görünýär.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly professor okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň bu çykalgasynyň ‘bilimdäki agyr çökgünlikden habar berýändigini’ aýtdy.

Talyplaryň kitaphanada oturmakdan soň ‘kyn görýän’ ýene bir işi ýer depmek diýlip hasaplanýar.

Okuwy tamamlaýan, 5-nji kursda okaýan bir talybyň aýtmagyna görä, öňünden para alan mugallymlar para berenleri institutyň çägindäki ýerleri depmäge mejbur etjek bolýarlar.

“Hamala, biziň başga iş-aladamyz ýok ýaly. Uçurym bolmagyň öň ýanynda ýer depdirip, bizi masgaralajak bolýana meňzeýärler. Bolmasa, parany berdik, ähli zat gürleşildi. Ýa ýene-de pul aljak bolýarlarmy, belli däl. Indi sorasalar, para berjek däl” diýip, 5-nji kursda okaýan talyp aýtdy.

Onuň sözlerine görä, okuw jaýynyň gutardyşda berýän ýörite znaçogyny hem satyn almaly. “Öňler onuň bahasy 400 manatdy, bu ýyl näçe boljagy belli däl. Ýöne alaç ýok, näçe diýseler, satyn almaga mejbur bolýarsyň” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran student aýtdy.

Türkmen metbugaty, şol sanda Bilim ministrliginiň web sahypasy ýurduň okuw jaýlarynda sowet döwründen bäri dowam edýän we soňky onýyllyklarda has çuňlaşandygy aýdylýan korrupsiýanyň ýagdaýy barada esasan dymmak pozisiýasyny saýlap alýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Gurbanguly Berdimuhamedow öz wagtynda özünden öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň çäklendiren bilim mümkinçiliklerini "gaýtadan açyjy" bolup çykyş edipdi. Emma onuň ogly, Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň bilim meselesi esasan telewideniýe diktory derejesinde agzalýar, prezident bu möhüm meseledäki pozisiýasyny öz sözleri bilen aýtmaýar.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikrine görä, Türkmenistanda soňky otuz ýylda emele gelen agyr ýagdaý esasan bilimdäki korrupsiýa bilen baglanyşykly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG