ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio 2-nji fewralda Panama kanalyna baryp görüp, kabul ediji ýurda möhüm suw ýoluna Hytaýyň edýän gatnaşygyny çäklendirmese, Waşngtonyň “zerur çäreleri görjekdigini” duýdurdy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, hökümet çykdajylaryny nyşana alýan ýerine ýetiriji çäreleriň arasynda, Waşingtonyň esasy halkara kömek goluny ýapýana çalym etdi. Halkara ynsanperwer guramalary bu çäräniň heläkçilikli netijelere getirip biljekdigini duýdurdy.
Panamanyň prezidenti Hose Raul Mulino, görnüşinden, bu sözleri ýürege ýakyn kabul edip, Waşingtonyň Pekiniň mümkin bolan täsiri baradaky aladalaryna jogap hökmünde, Panamanyň Hytaýyň Guşak we ýol başlangyjyna goşulmak baradaky şertnamasyny uzaltmajakdygyny aýtdy.
Mulino ABŞ administrasiýasy üçin möhüm syýasat meselesi bolan immigrasiýa meselesinde hem hyzmatdaşlyk etjekdigini we bu ugurda görüljek goşmaça çäreleri yglan etdi.
Mulino Rubio Panamanyň kanaldaky özygtyýarlylygyň çekişilmejekdigini aýdandygyna garamazdan, Waşingtonyň Pekiniň suw ýolunyň töweregindäki täsirleri babatynda edýän aladalaryna üns berjekdigini aýtdy.
Pekiniň Guşak we ýol başlangyjyna goşulmak barada 2017-nji ýylda baglaşylan düşünişmek ylalaşygyny täzelemezlik karary Waşingtonyň Hytaýyň Panamadaky täsiri baradaky aladalaryny peseletmek üçin edilen ilkinji ädim bolup görünýär.
Guşak we ýol Hytaýyň lideri Si Szinpiniň başlan daşary syýasat başlangyjy bolup, dünýäniň köp ýurduny öz içine alýan infrastruktura taslamasy ýüzlerçe milliard dollarlyk hytaý maýasynyň ýatyrylmagyna ýol açdy.
Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Tammy Brýus Rubionyň prezident Donald Trampa Hytaýyň gatnaşygynyň suw ýoluna wehim salýandygy we ABŞ-Panama şertnamasynyň bozulmagy bolýandygy barada habar getirendigini aýtdy.
"Döwlet sekretary Rubio bu taýda emele gelen ýagdaýyň kabul ederlik däldigini we haýal etmezden düzediş çäreleri görülmese, şertnama esasyndaky hukuklaryny goramak üçin, Birleşen Ştatlaryň zerur çäreleri görmelidigini açyk-aýdyň etdi" diýip, Brýus aýtdy.
Rubio Panamanyň görmeli çärelerini anyklaşdyrmady we haýsy çäreler görülmedik ýagdaýynda Birleşen Ştatlaryň nähili gaýtawul çärelerini görüp biljekdigini aýtmady.
Mulino žurnalistlere Panamanyň ABŞ bilen täze maýa goýumlary, şol sanda infrastruktura taslamalary boýunça işlemäge synanyşjakdygyny aýtdy.
"Meniň pikirimçe, bu sapar täze gatnaşyklary gurmak üçin gapy açýar... we men ABŞ-nyň Panamadaky maýa goýumlaryny mümkin boldugyça köpeltmäge synanyşaryn" diýip, ol aýtdy.
Şu aralykda, ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligine (USAID) garşy bildirilýän aýyplamanyň çäginde, Trampyň döwlet çykdajylaryny azaltmak boýunça wekili Elon Maskyň tassyklamagyna görä, hökümetiň ABŞ-nyň defisitini 1 trillion dollara çenli azaldyp biljekdigi öňe sürülýär. Mask bu çäräni korrupsiýa garşy göreş hökmünde görkezýär.
USAID-iň, BMG-niň dünýädäki ähli ynsanperwer kömeginiň 40 göteriminden gowragyny üpjün edýändigini aýdýan guramasynyň web sahypasy 3-nji fewralda ýapyldy, Tramp bu agentligiň “bir topar radikal lunatikler tarapyndan dolandyrylandygyny” aýtdy.
USAID-iň geljegi barada gürrüň edip, "Biz olary aýyrýarys, soň karar ederis" diýip, ol žurnalistlere 2-nji fewralda aýtdy.
Tramp bu sözleri CNN we “Roýters” neşirleri USAID-iň iki sany howpsuzlyk işgäriniň Maskyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet netijeliligi departamentiniň (DOGE) wekilleri tarapyndan, agentligiň kompýuter ulgamlaryna arlaşmagyň öňüni almaga synanyşanlaryndan soň, administratiw rugsada çykarylandygy barada beren habarlaryndan soň aýtdy.
Maskyň özi Kongres tarapyndan tassyklanan, ABŞ-nyň daşary ýurt kömeginiň çäginde onlarça milliard dollary dolandyrýan USAID-i “jenaýat guramasy” diýip atlandyrdy we onuň "ölmeli wagty" geldi diýdi.
Rubionyň garamagyndaky Döwlet departamenti 24-nji ýanwarda, Trampyň daşary ýurt programmalaryny öz syýasatyna laýyklaşdyrmak meýilnamasynyň çäginde, ABŞ-nyň daşary ýurt kömek maksatnamalarynyň täze maliýeleşdirmeleriniň hemmesini diýen ýaly doňdurmagy buýurdy.
Owganystany maliýeleşdirmekdäki arakesme “kömege mätäç 22 milliondan gowrak owganla gerek operasiýa üçin heläkçilikli bolar” diýip, Norwegiýanyň Bosgunlar Geňeşiniň baş sekretary Ýan Egeland AÝ/AR-nyň Azady radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri, USAID Ukraina milliardlarça dollar gumanitar kömegini, ösüş kömegini we göni býujet goldawyny berdi.
Tramp Baýden administrasiýasynyň Ukraina beren kömeginiň mukdaryny, şol sanda milliardlarça dollarlyk ýaragy tankyt etdi.
Düýbi Kiýewde ýerleşýän, hökümetden aýry, garaşsyz Korrupsiýa garşy Komissiýanyň (NAKO) bilermeni Switlana Musiak Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugyna USAID-iň Ukrainadaky maliýeleşdirmeleriniň togtadylmagynyň raýat jemgyýeti maksatnamalaryna ýaramaz täsir edip biljekdigini we “ABŞ-nyň demokratik özgertmeler we ýurtdaky ykdysady durnuklylyk üçin berýän goldawynyň peselmegini” yşarat etjekdigini aýtdy.
Forum