Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malala Ýusufzaýi: "Talyban" Owganystanda "gyz kanunsyzlygyny" yglan etdi


Malala Ýusufzaýi Ýohannesburgda 5-nji dekabrda çykyş edýär.
Malala Ýusufzaýi Ýohannesburgda 5-nji dekabrda çykyş edýär.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýusufzaýi 5-nji dekabrda eden çykyşynda, Owganystanyň "Talyban" hökümetiniň ýöredýän syýasatyny ýazgardy we halkara jemgyýetçiligini gender aparteidini adamzada garşy jenaýat diýip yglan etmäge çagyrdy.

Nelson Mandelanyň aradan çykmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli eden çykyşynda, Ýusufzaýi Ýohannesburgda (Günorta Afrika Respublikasy) diňleýjilere "Talyban" 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýet başyna dolanyp gelenden bäri, «gyz kanunsyzlygyny» yglan edendigini aýtdy hem-de azatlygyň ýoklugy sebäpli köpleriň lapykeç ýagdaýa düşendigini gürrüň berdi.

«Mundan bary-ýogy iki ýyl ozal Owganystanda aýallar işleýärdiler, ýolbaşçy orunlary eýeleýärdiler, ministrlikleri dolandyrýardylar, erkin hereket edip bilýärdiler. Dürli ýaşdaky gyzlar futbol we kriket oýnaýardylar, mekdeplerde okaýardylar. Hemme zat kämil bolmasa-da, ösüş-özgeriş bardy» diýip aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ABŞ hökümeti Owganystandan goşun çykarandan soň, häkimiýeti ele alan "Talyban" «gaty gysga wagtda gyzlara we aýallara garşy yzygiderli gysyş çärelerini geçirip başlady». Olar aýallaryň hukuklaryny çäklendirýän 80-den gowrak permanlary we buýruklary kabul etdiler, şol sanda olar «galp görüşlerine» laýyklykda, gyzlara orta bilimi almaga gadaganlyk girizdiler. «Hakykat ýüzünde "Talyban" gyz kanunsyzlygyny yglan etdi we bu öz netijelerini berýär» diýip, Ýusufzaýi aýdýar.

Mundan on bir ýyl ozal, Malala Ýusufzaýi 15 ýaşynda wagty mekdep awtobusynda gelýärkä, “Tehrik-e Taliban Pakistan” ekstremist toparynyň hüjüminden, kellesinden ýaralandy. Ol topar owgan “Talybanyna” wepadarlyk kasamyny içipdi, ýogsa ol iki toparyň aýratyn operatiw hereketleri we buýruk gurluşlary başgady.

Ýusufzaýiyň garşysyna edilen hüjüm, umuman, gyzlaryň bilim ugrunda alyp barýan göreşi ekstremistleriň nyşanyna öwrülipdi. Ýagdaý Pakistanda hem halkara derejesinde sarsgyn döretdi.

Ol 17 ýaşynda wagty taryhda iň ýaş Nobel baýragynyň eýesi boldy. 2014-nji ýylda hindi çagalarynyň hukugy boýunça aktiwist Kaýlaş Satýarti bilen bu baýraga mynasyp saýylypdy.

Nelson Mandelanyň mirasyna bagyşlanan çykyşynda, Ýusufzaýi owal başda "Talybanyň" gyzlara we aýallara garşy girizen çäklendirmeleri bütin dünýädäki habar beriş serişdelerinde baş mowzuk bolanlygyndan, häzir «dünýä ýüz öwürdi», ýöne «Owganystandaky düzgüniň aslynda nämedigini aýtmak örän möhüm – bu gender aparteididir» diýip, Malala nygtady.

Malala dünýä liderleriniň bu meselede öz pozisiýasyny beýan etmäge mümkinçiliginiň bardygyna, şol sanda BMG-niň adamzada edilýän jenaýatlar baradaky täze dokumentine gender aparteidini goşup biljekdigine ynanýar.

"Men her bir ýurduň her bir hökümetini gender aparteidini adamzada edilýän jenaýat hökmünde yglan etmäge çagyrýaryn" diýip, Malala Ýusufzaýi aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG