Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NÝT: Tramp Ukraina boýunça ýygnak geçirer


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp duşenbe güni administrasiýasynyň ýokary derejeli goranmak we howpsuzlyk resmileri bilen Ukraina boýunça syýasatyna degişli ýygnak geçirer. "Nýu-Ýork Taýms" bu barada habar bermedik administrasiýanyň işgärine salgylanyp, maglumat çap etdi.

Maglumata görä, duşuşyga Döwlet sekretary Marko Rubio we goranmak ministri Pit Hegset hem gatnaşarlar. Habar berişlerine görä, Baýdeniň administrasiýasy tarapyndan tassyklanan ok-däri we enjamlar bilen birlikde Ukraina berilýän harby kömegi togtatmak ýa-da düýbünden ýatyrmak ýaly dürli mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ak Tam beýle ýygnagy resmi taýdan yglan etmedi.

28-nji fewralda Ak Tamda Tramp bilen Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň arasyndaky gepleşikler köpçüligiň üns merkezine düşdi. Şondan soň ukrain delegasiýasy Ak Tamdan çykyp gaýtmaga mejbur edildi. Ukrainadaky seýrek minerallary öndürmek we maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça hyzmatdaşlyk boýunça taýýarlanan şertnama hem gol çekilmedi.

Ukraina we Ýewropa soňky wakalary göz öňünde tutup, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýa bilen söweşde Ukraina harby, maliýe we syýasy goldawdan ýüz öwürmegi mümkin diýip, pikir edýärler. Olar ABŞ-nyň parahatçylyk kepilliklerine gatnaşmagynyň möhümdigini nygtaýarlar we Kiýew bilen Waşingtonyň arasynda gepleşikleriň täzeden başlamagyny isleýärler.

XS
SM
MD
LG