2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 52 million dollara barabar bolup, bu 2022-nji ýylyň görkezijilerinden 13% ýokarydyr. Bu barada 28-nji aprelde Tatarystanyň raisi Rustam Minnihanowyň metbugat edarasy habar berdi.
Minnihanow 28-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistanda sapar boldy. Ol prezident Serdar Berdimuhamedow, şeýle-de Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gepleşikleri geçirdi.
“Türkmenistanda uzak ýyllardan bäri öňdebaryjy tatar kompaniýalary üstünlikli iş alyp barýarlar. Geçen ýyl biziň özara söwda dolanyşygymyz 13% artyp, ol 52 million dollara deň boldy” diýip, Minnihanow türkmen prezidentine aýdypdyr.
Şol bir wagtda, bar bolan hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary aýdyňlaşdyrylmady.