Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Mertebeli myhmany' garşylamaga taýýarlanýan Lebabyň iri bazarynda söwda ýarmarkasy gurnaldy


Bezeg suraty. Arhiwden alyndy. Türkmenistan.
Bezeg suraty. Arhiwden alyndy. Türkmenistan.

Dynç günlerinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Merkezi bazaryň golaýynda söwda ýarmarkalary gurnalyp, arzanladylan azyk önümleriniň ýörite söwdasy ýola goýuldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.

Ýerli ýaşaýjylar şeýle emeli arzançylygyň adatça döwlet ýolbaşçylarynyň, ýa-da ýokary derejeli hökümet resmileriniň sebite amala aşyrýan iş saparlarynyň öňüsyrasynda gurnalýandygyny aýdýarlar.

20-21-nji ýanwarda Merkezi bazaryň golaýynda gurnalan “wagtlaýyn” söwda ýarmarkalarynda, adaty bazar bahalary bilen deňeşdirilende arzan bahadan esasy iýmit önümleri, şol sanda et önümleri, ösümlik ýaglary we konditer önümleri satyldy.

“Et önümleriniň kilesi 45 manatdan, ösümlik ýaglarynyň bir litri 18 manatdan, kökeleriň bir kilogramy 18 manatdan satyldy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Wagtlaýyn söwda ýarmarkasynda, hususan-da, balyk söwdasy köp sanly alyjy çekdi.

“Täze ýyl baýramçylygynda satylmadyk balygyň bir kilogramy 25 manatdan satyldy” diýip, alyjylar aýdýar.

Sebitiň bazarlarynda balygyň ortaça bahasy 50-70 manat aralygynda üýtgeýär. Lakga balygynyň bir kilogramy 150 manada çenli çykýar.

Şu günler döwlet ýolbaşçylarynyň, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagyna garaşylýar. Soňky maglumatlara görä, diňe ýokary derejeli bir hökümet resmisiniň, gurluşyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýeriň sebite sapar etmegi hem mümkin.

Mundan ozal, Lebapda Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite amala aşyrmagy ahmal iş saparyna taýýarlyk çäreleri güýçlendi, arassaçylyk işleri batlandy.

Ýerli ýaşaýjylar şu günler sebit merkezinde içeri işler edaralarynyň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň açylyş dabarasyna garaşylýandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, şu günler Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň hem işe girizilmegine garaşylýar.

Bu aralykda, awtobanyň Mary – Türkmenabat böleginiň gurluşygyna-da badalga berilýär.

Ýatlasak, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna sapar edip, beýleki desgalar bilen bir hatarda, Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunda alnyp barylýan ýol gurluşyk işleri bilen tanyş boldy. Döwlet metbugatyna görä, bu ýoluň Tejen – Mary böleginde işleriň tamamlaýjy tapgyry alnyp barylýar.

Bu awtobanyň gurluşyk işlerini 2023-nji ýylyň dekabryna çenli doly tamamlamak göz öňünde tutulypdy, ýöne gurluşyk işleri uzaga çekdi.

Üç tapgyrda alnyp barylýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda işe girizildi, Tejen – Mary böleginiň tamamlaýjy tapgyry dowam edýär, Mary – Türkmenabat böleginiň gurluşygyna badalga berilýär.

Sebite sapar bilen gelmegine garaşylýan ýokary derejeli “myhmanyň hormatyna” öz işine başlan söwda ýarmarkasy türkmenabatlylar üçin, esasy iýmit önümleriniň söwdasy boýunça goşmaça mümkinçilikleri hödürledi.

Alyjylar wagtlaýyn söwda tekjelerinde et, ýag we konditer önümlerinden daşary önümleriň bahalarynyň bazarlardaky adaty bahalar bilen tas deňdigini aýdýarlar.

Türkmenistanda dowam edýän maliýe-ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik köp sanly hojalyklaryň ýaşaýyş şertlerine agram salýar. Ilatyň girdejileri bilen bazar bahalarynyň arasynda uly aratapawut emele geldi. Bazar bahalary ilatyň gapjygyna agram salýar.

“1500 manat zähmet hakyny kabul edip alýan bir işgäriň aýlygy nämä ýetýär? Iň gowy süýji-kökäniň bir kilesi 80 manatdan başlanýar, mesge ýagynyň bir kilesi 90-100 manat, margariniň 500 gramy 25 manat. Gazagystanda we Russiýada öndürilen unuň bir kilogramy 10-11 manatdan satylýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda zähmet haklary, döwlet kömek pullary we pensiýalar 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 10 göterim ýokarlandy. Ýöne bu ýokarlanmalar bazarlardaky gymmat bahalar bilen bäsleşip bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG