Beýik Britaniýa Merkezi Aziýanyň zähmet migrantlarynyň arasynda, ýyl geldikçe giňden ýörgünleşip barýar. Diňe geçen ýylyň özünde, sebitiň raýatlaryna möwsümleýin işlere 22 müňden gowrak wiza berlipdir, bu Britan hökümetiniň resmi maglumatlarydyr. Adamlary esasan ýokary aýlyk haklary özüne çekýär: hatda bir möwsümde-de jaý üçin pul gazanyp ýa-da karzyňy töläp bilersiň. Ýöne adam hukuklaryny goraýjylaryň bellemegine görä, Beýik Britaniýada işe bolan ýokary islegiň artmagy bilen dürli wada-emeller arkaly migrantlary aldaýan ýalançylaryň sany hem artýar. Adamy mugt ezmek howpy-da bar.
Gyrgyz raýaty Begimaý Romanowa ikinji gezek Beýik Britaniýada işlemäge gitmäge taýýarlyk görýär. Geçen ýyl ol ýaş sogan ýetişdirilen fermada, alty aý işläpdir. Maý aýynda ol şol ýurda ýene-de işlemäge gitmegi maksat edinýär. Düzgüne laýyklykda, möwsümleýin iş üçin, şeýle wiza diňe alty aý möhlet bilen berilýär. Eger işgär özüni gowy görkezip bilse, iş beriji oňa ýene çakylyk iberip bilýär.
«Hawa, iş agyr. Howa ýagyşly, Çyglylyk sebäpli saglyk kynçylyklary, aýratyn-da sowuklama ýüze çykyp biler – diýip, Begimaý hakyky ýagdaýy aýdýar. – Men artritli we artrozly, ýagny bogunlaryň çişmegi ýaly derdi bolanlara ol ýere gitmegi maslahat bermezdim. Aýallar üçin bu agyr, ýöne ýaş adamlara ýeňil bolup biler. Men ol ýere gitmäge ikinji gezek taýýarlanýan, sebäbi karzdar bolanymyz üçin, pul ýetmezçiligi ýüze çykyp dur. Bu ýerde beýle aýlyk ýok».
Begimaý hut özüne işlän fermasynda erbet hilli adamlaryň ýa-da galplygyň duş gelmändigini aýdýar. Ýöne ol aýal uçmazdan öňürti iş baradaky ähli maglumatlary dykgatly öwrenipdir: ol özüne düşjek iň pes aýlyk hakynyň möçberini bilipdir, saglyk ätiýaçlandyryşyň nämäni öz içine alýandygyny we Beýik Britaniýada hepdede näçe sagat işläp boljakdygyny öwrenipdir.
Hukuk goraýjylar şeýle taýýarlygyň seýrekdigini aýratyn belleýärler. Merkezi Aziýanyň graždanlarynyň köpüsi Beýik Britaniýa taýýarlyksyz, gabat gelşine görä gidýärler. Mysal üçin, olar işçileri diňe ygtyýarly edaralaryň kabul edýändigini bilmeýärler, olaryň bola 2024-nji ýylda diňe altysy bar. Beýle maglumatlardan habarsyz migrantlary ýalançylar peýdalanyp bilerler.
«Olar, aýratyn-da, ýerli işe ýerleşdiriji edaralar tarapyndan aldanýarlar ýa-da başga ýurtlardan adamlar peýda bolup, biziň migrantlarymyzy aldaýarlar. Mysal üçin, ýaşaýyş jaýy, lukmançylyk ätiýaçlygy üçin goşmaça töleg tölemegi talap edýärler – diýip, Bişkekdäki “Oeýsis” jemgyýetçilik gaznasynyň başlygy Meerim Osmonaliýewa düşündirýär. – Aslynda bolsa, eger Beýik Britaniýa şol mümkinçiligi berýän bolsa, onda iş beriji adam eýýäm ol çykdajylaryň ählisini ödeýär».
Eger migrant Beýik Britaniýada bir betbagtlyga uçrasa, onda ol hökümete degişli bolmadyk birnäçe guramalara ýüz tutup biler. Olaryň biri Şotlandiýadaky Worker support center – Işçileri goldamak merkezidir. Geçen ýylyň dowamynda, ol merkeze dört ýüzden gowrak adam ýüz tutupdyr. Olaryň köprägi-de Merkezi Aziýadan gelen migrantlar bolupdyr.
«Bize ýüz tutanlaryň köpüsi iňlis dilinde gepläp bilmeýärdi. Biz olara rus dilinde kömek berýäris hem-de terjimeçileri özümize çekmäge mümkinçiligimiz bar – diýip, Işgärleri goldamak merkeziniň müdiri Waleriýa Ragni aýdýar. – Iş şertleri daşary ýurtdan gelen adamlaryň köpüsiniň garaşýan ýagdaýyna laýyk gelmeýär. Mysal üçin, olar howply we arassaçylyk şertleri kadaly bolmadyk şertlerde ýaşaýarlar. Ondan başga-da, fermalar köplenç çet ýerlerde ýerleşen, işçiler bolsa iş ýerine baglanan, bu ýagdaý hem olara kömek üçin ýüz tutmaga kynçylyk döredýär».
Köplenç Merkezi Aziýadan bolan möwsümleýin işçileriň şikaýatlary aýlyk haky bilen bagly bolýandygyny Work Rights Centre guramasyndan başga bir wekil aýdýar. Muny migrantlaryň özleri-de tassyklaýarlar. Şeýle-de, olaryň aýtmagyna görä, işde esassyz ýere jerime salynmagy ýa-da iş wagtyndan daşary hyzmata tölenmeli pul meselesi bilen kynçylyklar ýüze çykýar.
«Daşary ýurtdan adamlar ýylyň dowamynda, alty aýa çenli işe gelýärler, şonuň üçin, olaryň wagty örän çäkli – diýip, Work Rights Centre’iň barlagçysy Andriý Sawitskiý aýdýar. – Adamlar dürli şertlerde işlemäge taýýar, iş tabşyryjylar bolsa bu mümkinçilikden peýdalanyp, käte hukuk düzgünlerini bozýarlar. Işgärler kemsidilmeleriň bardygyny aýdýarlar, ýaramaz ýaşaýyş şertlerinden, örän uzak iş sagatlaryndan ýa-da wada berlen möçberdäki iş mümkinçilikleriniň ýerine ýetirilmezliginden şikaýat edýärler. Iş möwsüminiň gyzgalaňly däl wagtynda, bütin hepdäniň dowamynda kerwensaraýda işsiz oturmaly bolsalar, olara bary-ýogy 32 sagat aýlyk tölenýär».
Hukuk goraýjylar eger şertnamanyň ylalaşylan şertleri hakykata gabat gelmese, daşary ýurtdan gelen adamyň başga ferma geçirilmegini talap etmäge hakynyň bardygyny nygtaýarlar. Emma köpler muňa synanyşjak hem bolmaýar: Merkezi Aziýalylar köplenç islendik nägileligiň problema öwrülmeginden we wizalaryndan mahrum edilmeginden gorkýarlar.
«Esasy kynçylyklaryň biri haýsydyr bir düzgüniň bozulandygy hakynda, şikaýat edilmeginden gorkulmagydyr – diýip, Worker Support Centre müdiri Waleriýa Ragni aýdýar. – Munuň ençeme sebäbi bar. Ýöne meniň pikirimçe, Iň esasy zat migrantlaryň bu sapara gaýtmagy üçin, köp çykdajy edýänligidir. Şonuň üçinem olar pul gazanyp ýa-da bergilerini yzyna gaýtaryp bilmerin öýdüp gorkýarlar. Bu ýagdaý hem olary şikaýat etmekden daşda saklaýar».
Hukuk goraýjy aktiwistler sapara çykmazdan öňürti şertnamalaryň şertlerini ünsli öwrenmäge, barýan ýurdunyň kanunlaryny bilmäge, şondan soň bolsa, öz hak-hukuklaryny talap etmekden gorkmazlyga çagyrýarlar. Olaryň ýene bir kemçiligi, köplenç, Merkezi Aziýadan gelenler kanuny äsgermän, wiza möhleti geçenden soň, öz ýurduna dolanmak meselesi bilen bagly bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinl
Forum