Lebap we Mary welaýatlarynda saglyk pudagynyň işgärleri, öz maddy serişdeleriniň hasabyna, iňlis dili kursuna gatnamaga mejbur edilýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji awgustda Marydan we Lebapdan maglumat berdiler.
“Welaýat Saglyk müdirliginden şäher saglyk öýlerindäki we tiz kömek gulluklaryndaky şepagat uýalaryna çenli ähli saglyk işgärleriniň iňlis dilini öwrenmelidigi baradaky buýruk bir hepde çemesi ozal gelip gowuşdy” diýip, Türkmenabadyň saglyk öýleriniň birindäki saglyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Çärjew etrabyndaky saglyk işgärleriniň biriniň aýtmagyna görä, bu buýruk bir aý mundan öň hem berlipdir, ýöne şonda munuň diňe ýaş medisina işgärlerine degişlidigi aýdylypdyr.
“Baş lukman indi bolsa, hemmämiziň iňlis dili kurslaryna gatnamalydygyny aýtdy” diýip, çärjewli saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Bu talap bilen maryly saglyk işgärleri hem ýüzbe-ýüz bolýarlar. Habarçymyz saglyk işgärleriniň köpüsiniň işden soň, eýýäm ýerli dil merkezlerine kursa gatnap başlandygyny aýdýar.
Welaýat Saglyk müdirlikleriniň resmileri bu talabyň sebäbi barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Ýöne saglyk işgärleriniň ençemesi talaby “häkimiýetleriň özlerini talamagynyň nobatdaky usuly” häsiýetlendirýär.
Olar muny özlerinden “diňe ýokary derejeli döwlet emeldarlary bilen ilteşiklidir öýdülýän dil merkezlerine gatnamagyň talap edilýändigi” bilen delillendirýärler.
“Saglyk işgärleri islendik dil merkezine gatnap bilmeýärler. Ýolbaşçylardan gelen buýruk esasynda, olar diňe ýokary derejeli döwlet emeldarlary bilen ilteşikli diýlip bilinýän iki dil merkezine we olaryň etraplardaky filýallaryna gatnap bilýärler. Bularda bir aýlyk iň arzan kursuň bahasy 200 manada barabar. Emeldarlar saglyk işgärleriniň hasabyna bu dil merkezleriniň gaznasyny dolduryp, kiselerini galňatjak bolýarlar” diýip, türkmenabatly saglyk işgäri aýtdy.
Maryly saglyk işgärleri hem, özlerinden diňe welaýat Saglyk müdirligi tarapyndan maslahat berlen dil merkezlerine gatnamagyň talap edilýändigini, bu merkezleriň käbiriniň lukmançylyk edaralaryna iňlis dili mugallymyny iberýändigini bellediler.
“Başlyk bize “dil bilseňiz biliň, bilmeseňiz bilmän geçiň. Emma meniň stolumda dil merkezlerinde iňlis dili kursunda okandygyňyzy tassyklaýan şahadatnamaňyz bolsun” diýip aýtdy” diýip, maryly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Munuň bilen bir wagtda, habarçylarymyz gürrüňi edilýän dil merkezleriniň täze iňlis dil mugallymlary gözleýändigi barada bildirişleriň peýda bolandygyny hem aýdýarlar.
Bu aralykda, saglyk işgärleriniň ençemesi işden soňra okamagyň kyndygyny, agşamara okuwa güýjüň galmaýandygyny belleýär.
“Sapaklara gatnaşýanlaryň tas ählisiniň okasy gelmeýär, okasy gelýän adam gaty az. Sapakda diňe telefona güýmenýärler ýa-da tölegini geçirip, sapaga düýbünden barmaýarlar” diýip, maryly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Saglyk işgärleriniň ençemesi bu pudakda iňlis dilini bilýänleriň sanynyň gaty azdygyny aýdýar.
Şol bir wagtda-da, olar dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetleriň wiza çäklendirmelerine we üzňelik syýasatyna ünsi çekip, ýurtda saglyk işgärleriniň iňlis dilini bilmegine bolan zerurlygy sorag astyna alýarlar.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Lebabyň we Marynyň Saglyk müdirliklerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Täze talap barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynda hem haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum