Mary welaýatynyň polisiýa edaralarynda işini taşlap, daşary ýurtlara çykmaga ymtylýan işgärler köpelýär. Ýerli hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary boş iş orunlaryny yglan edýärler, ýöne giň ýaýran parahorlyk kadr meselesini bökdeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji ýanwarda maglumat berdi.
“Soňky aýlarda Mary welaýatynyň içeri işler edaralarynda öz arzasy boýunça işden çykýan işgärler köpeldi” diýip, bir ýerli hukuk goraýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertlerde gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, amatsyz iş şertleri, ýolbaşçylar tarapyndan kemsidilmeler, raýatlara jerime ýazmak boýunça esassyz berilýän tabşyryklar we beýleki ýagdaýlar hukuk goraýjylary öz islegleri boýunça iş taşlamaga iterýär. Üstesine, daşary ýurtlara çykan öňki polisiýa işgärleriniň maşgala agzalarynyň durmuş, hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, maliýe mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy içeri işler edaralaryndaky işden çekilmeleri höweslendirýär.
“Daşary ýurtlara çykan öňki polisiýa işgärleriniň yzda galan maşgala agzalarynyň hal ýagdaýy gowulanyp, olar jaý, mellek ýer, ýa-da awtoulag satyn almaga, jaý salmaga, kiçiräk söwda bilen meşgullanmaga başlaýarlar” diýip, hukuk goraýjy aýdýar.
Ýerli ýolbaşçylar öz islegleri boýunça işden çykýan adamlaryň öňüni baglamaýarlar. Olar iş başyndaky polisiýa işgärleri bilen özara gürrüňdeşliklerde boş iş orunlaryny yglan edip, ýaşlary işe çekýändiklerini aýdýarlar. Ýöne däp bolan parahorlyk tejribeleri kadr meselesinde özüni görkezýär.
“Şu günler islendik hukuk goraýjy edarada iş tapylýar. Işe geçmek üçin talap edilýän paranyň möçberi iki esse arzanlady, 30 müň manat boldy. 21 ýaşyny dolduran tanyş-bilişleriňiz, dogan-garyndaşlaryňyz bar bolsa getiriň, habar beriň!” diýip, ýerli hukuk goraýjy işgär edara ýolbaşçysynyň sözlerini sitirleýär.
Öňler bu pudakda işe durmak üçin talap edilýän paranyň möçberi 60-70 müň manat aralygynda üýtgeýän ekeni.
Ýerli howpsuzlyk resmileri diňe bir Içeri işler ministrliginiň edaralarynda, şol sanda Ýangyn howpsuzlyk gullugynda, ýa-da beýleki agentliklerde däl, eýsem, ähli hukuk goraýjy edaralarda işgärleriň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.
Ilat arasynda kada öwrülen paranyň möçberi işe kabul edişlikde azalan hem bolsa, hukuk goraýjy edaralara işe girmekde şert goşulýan beýleki käbir talaplar dalaşgärleri kanun goraýjy gulluklara işe geçmäge hyjuwlandyrmaýar.
“Parasyz, tölegsiz işe kabul etseler, sagdyn ýaş ýigitler az däl. Ýöne olaryň 30 müň manat para berip, işe girmäge ýagdaýlary ýok. Galyberse-de, biziň ýurdumyzda “üç arka” talaby dowam edýär. Kazyýet jogapkärçiligine çekilen dogan-garyndaşyň, hossaryň bar bolsa kyn. Ýöne para berseň, bu ýagdaýy hem gizläp bolýar. Para bermeli, şonuň üçin adamlar hukuk goraýjy işine höweslenmeýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Iş mümkinçilikleri babatynda daşary ýurt döwletleri özüne çekijiligini saklap galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir MHM işgäriniň garyndaşy özüniň garyndaşlyk gatnaşygynyň daşary ýurda çykmaga päsgelçilik döredýändigini aýdýar. Ýöne, şonda-da, ol öz aýalynyň familiýasyna geçip, daşary ýurda çykmaga synanyşmakçy bolýar.
“Meniň agam welaýatlaryň birindäki MHM edarasynda işleýär. Bu ýagdaý meniň ýolumy baglaýar. Sebäbi, agam maňa şeýle diýýär: ‘men MHM işinde işläp ýörkäm, seni daşary döwletlere çykarmaýarlar, eger sen daşary ýurda çyksaň, meni bärde işletmeýärler, işden çykararlar’ diýdi. Men aýalymyň familiýasyny alyp, hatda propiskamy hem gaýynlara geçirip, ýurtdan çykmaga synanyşmakçy bolýaryn” diýip, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Hukuk goraýjylaryň özleri hem ýurtdan çykyp, eklenç çeşmelerini gözleýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik ýurt raýatlaryny eklenç gözleginde daşary ýurtlara iterdi. Pandemiýa hereket çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagy bilen, daşary ýurtlara köpçülikleýin göçüşler gaýtadan güýçlenip başlady. Göçüşleriň täze tapgyrynda, döwlet edara-kärhanasynda işi, eklenç çeşmesi bolan adamlar hem migrasiýa tolkunlaryna goşulýar.
Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň içeri işler edaralaryndaky işden çekilmeler boýunça ýerli resmilerden teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum