Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hassa hossarlary ýurtda tapdyrmaýan zerur dermanlary daşary ýurtlardan sargamaga çalyşýar


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir dermanhana. Maý, 2023 ý.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir dermanhana. Maý, 2023 ý.

Türkmenistandaky dermanhanalarda köp sanly kesellere garşy zerur bolan dermanlaryň ýetmezçiligi dowam edýär, süýji keselini we käbir onkologiýa kesellerini bejermekde ulanylýan möhüm dermanlar düýbünden tapdyrmaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary derman serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen bagly problemalaryň paýtagt Aşgabatda we ähli sebitlerde duýulýandygyny habar berýärler.

“Meselem, süýji keseli bilen kesellän adamlaryň gan şekerini düşürmekde ulanylýan “Maninil” atly derman ýok, şol sebäpden, onuň ornuny tutujy, ýöne ynsan saglygyna zyýanly täsirleri bolan dermanlardan peýdalanmaly bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy derman senagaty pudagyndan habarly bir çeşmäniň sözlerini getirýär.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan näsag hossarlary dürli derejelerdäki onkologiýa kesellerini bejermekde ulanylýan dermanlaryň ýurduň dermanhanalarynda düýbünden tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.

“Bu ýagdaý köp sanly hassalaryň biwagt aradan çykmagyna hem sebäp hökmünde görkezilýär” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Derman ýetmezçiligi bilen bagly problemalar ýurt raýatlaryny özbaşdak çykalgalary gözlemäge, ýurduň çäginde tapdyrmaýan dermanlary daşary ýurtlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň, ýa-da tanyş-bilişleriniň üsti bilen üpjün etmäge çalyşmaga mejbur edýär.

Ýöne hemmeler beýle mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmeýär. Daşary ýurtlarda hossarlary bolmadyk adamlar “takdyra ten berip”, ýurduň çägindäki ýagdaý bilen oňuşmaly bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyndaky problemalar barada yzygiderli habar berip gelýärler. Hökümet resmileri we döwlet mediasy ýurduň iň gymmatly baýlygynyň ynsan saglygy bolandygyny aýdyp, bu ugurda netijeli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini öňe sürýärler. Şeýle-de, täze gurlup ulanylmaga berilýän keselhanalar, saglyk merkezleri ýurduň saglyk maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegine mysal hökmünde görkezilýär. Ýöne ýurtda dowam edýän derman gytçylygy, ýa-da gymmatçylygy bilen bagly problemalar resmi media serişdelerinde agzalmaýar.

Habarçylarymyz ýanwar aýynda paýtagt Aşgabatda käbir kesellere garşy zerur bolan derman serişdeleriniň gymmatçylygy sebäpli, öý goşlaryny, ulaglaryny satmaga mejbur bolan hojalyklar barada habar berdiler.

Ýatlasak, gyş paslynyň dowamynda Türkmenistanda ýiti respirator, gyzamyk ýaly keselleriň ilat arasynda giň ýaýrap, näsaglaryň saglyk ýagdaýlarynyň çylşyrymlaşan halatlary hasaba alyndy.

Balkan welaýatynda bolsa, dekabr aýynda lukmanlar näsaglara möhleti geçen dermanlary satmaga mejbur edildi. Şonda Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynyň saglygy saklaýyş müdirliginiň döwlet dermanhanalarynda ýaramlylyk möhleti gutaran ýa-da gutarmagyna sanlyja gün galan dermanlary saglyk öýleriniň işgärlerine mejbury satyn aldyrandygyny hem anykladylar.

Fewral aýynda Lebap welaýatynyň saglyk edaralarynda prokuratura barlaglary geçirlip, seljeriş işleri saglyk edaralaryndaky dermanlaryň ýaramlylyk möhletiniň barlanylmagyny hem öz içine aldy.

Dekabryň soňky hepdesinde häkimiýetler Mary welaýatynyň käbir etraplarynda ygtyýarnamasyz derman satýan hojalyklary nyşana aldylar. Bu ýagdaý günorta-gündogar sebitiň çetki obalarynda döwlet we hususy dermanhanalaryň bolmazlygy bilen bagly problemalaryň üstüni açdy.

Apreliň birinji hepdesinde saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyndaky nogsanlyklaryň paş edilmegi Türkmenabatda lukmanlaryň maýyplara döwlet tarapyndan mugt berilmeli dermanlary ýazmakdan ýüz öwürmegi bilen bagly habarlar bilen dowam etdi.

Türkmenistanyň saglyk resmileri ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyndaky kemçilikler boýunça halkyň öňünde hasabat ýa-da beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Ynsan saglygyny ýurtdaky iň gymmatly baýlyk hökmünde öňe sürýän döwlet mediasy saglyk pudagyndaky problemalar, derman ýetmezçiligi, ilatyň zerur bolan dermanlary daşary ýurtlardan sargamaga çalyşmagy ýaly wakalar barada dymýar.

Azatlyk Radiosy paýtagt Aşgabatda we sebitlerde dowam edýän derman ýetmezçiligi barada ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG