Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler sil suwlaryndan zyýan çekenlere ýardam berýän telekeçilere basyş görkezýär


Türkmen polisiýa işgärleri (Illýustrasiýa suraty)
Türkmen polisiýa işgärleri (Illýustrasiýa suraty)

Häkimiýetler maýyň ortalarynda ýagan güýçli ýagyşdan zyýan çeken raýatlara ýardam bermäge heniz-de howlukmaýan mahaly, ýurduň howpsuzlyk gulluklary jaýlaryna zeper ýeten hojalyklara maddy kömek edýän telekeçileri gorkuzmalara sezewar edýär. Bu barada Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň ençeme ýaşaýjysy we ygtybarly çeşmesi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna maglumat berdi.

“Şu aýda jaýlary zyýan çeken hojalyklara gelip çykyşy boýunça şol obalardan bolup, paýtagtda söwda ministrliginde işleýän we telekeçilik işi bilen meşgullanýan işewür adamlaryň ençemesi özbaşdak kömek edip başlady. Olaryň käbiri obadaşlaryna pul iberse, käbiri beýleki zatlary, şol sanda gurluşyk harytlaryny iberdi. Ýöne telekeçileriň bu tagallalary uzaga çekmän, bular güýç gulluklarynyň garşylygy we haýbatlary bilen gutardy” diýip, ýagdaýlardan habarly kakaly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bu maglumaty Azatlygyň Ahalyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki ygtybarly çeşmesi hem tassyklap, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň zyýan çeken hojalyklara ýardam berýän telekeçileri anyklap, olara basyş görkezip başlandygyny aýtdy.

“MHM işgärleri olara “günüňi köp görýärmiň ýa beýle puluň köpmi ýa-da juda akylly boljak bolýarmyň? Yzyňyza düşülse, ähli gazananyňyzy ýitirersiňiz” ýaly sözler bilen haýbat atypdyrlar. Şondan soň telekeçileriň köpüsi berýän kömegini bes etdi” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Kakanyň häkimliginden we MHM-den resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Maýyň ortalarynda ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde ýagan güýçli ýagşyň netijesinde, Ahal we Mary welaýatlaryna sil suwlary gelip, ýaşaýyş jaýlaryna we köçelere, ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetirdi. Azatlygyň habarçylaryna we ygtybarly çeşmelerine mälim bolan maglumatlara görä, tebigy hadysada bir esger öldi we başga-da alty sany esger dereksiz ýitdi.

Ahaldaky habarçymyz sil suwlarynda Kakanyň esasan hem obalarynda ýaşaýjylaryň 35%-niň jaýyna uly zyýan ýetendigini aýdýar. Ol şolardan 25%-nde jaýyny bejermäge düýbünden maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny hem belleýär.

“Bular dört-bäş çagaly hojalyklar bolup, olaryň jaýlarynyň diwarlarynda uly jaýryklar emele geldi. Bu jaýlarda ýaşamak hem howply. Käbir jaýlaryň suwagyny ýagyş suwy ýuwdy. Palçykdan we kerpiçden gurlan jaýlaryň arasynda ýykylan jaýlar hem bar. Olara döwlet tarapyndan henize çenli hiç hili ýardam berilmeýär” diýip, habarçymyz belledi.

Ol häzirki wagtda telekeçileriň berýän ýardamyndan hem mahrum bolan bu hojalyklaryň özbaşdak çykalga tapmaga, giň ýaýran işsizligiň arasynda, dürli gündelik işlerde zähmet çekip, jaýlaryny dikeltmäge çalyşýandygyny hem aýdýar.

“Köp kärendeçi daýhan bu hojalyklaryň çykgynsyz halyndan peýdalanyp, olary az pula işledýärler. Olar haşal otlary arassalaýarlar, ekin meýdanlaryny otamak işlerine gatnaşýarlar. Olaryň arasynda ýaş çagaly eneler hem bar” diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenistanyň hökümeti goňşy ýurtlardaky tebigy hadysalary adatça agzaýar we öz tarapyndan kömek hödürleýär, emma öz ýurdundaky ýagdaý barada dymmak tejribesini şu gezek hem dowam etdirýär.

Mundan başga-da, tebigy hadysalary we ejir çekenlere döwletiň hemaýatyny resmi derejede tassyklamaýan häkimiýetler zyýan çekenler üçin ilat arasynda özbaşdak guramalaşdyrylýan ýardamlaryň öňüni baglap, raýat raýdaşlygyny basyp ýatyrmak syýasatyny hem soňky ýyllarda ýygjamlaşdyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG