Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

8-nji iýunda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň başlangyjy bilen ýurduň ähli welaýatlarynda çekirtge çozuşlaryna taýýarlyk çärelerine bagyşlanyp, gyssagly ýygnaklar geçirildi. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri habar berýär.

Bu duşuşyklar goňşy Gazagystanda we Özbegistanda çekirtge howpuna garşy duýduryşlaryň berilýän wagtynda geçirilýär. Neşire görä, Özbegistanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän Garagalpagystan, Horezm, Buhara we Nawoýi sebitlerinde eýýäm çekirtge howpy ýüze çykyp başlady.

Welaýatlarda geçirilen ýygnaklara etrap häkimleri we olaryň orunbasarlary hem-de Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň ýerli edaralarynyň başlyklary gatnaşdy.

Çekirtge belasyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde, ýerli resmiler serhet ýaka sebitlerde ýerleşýän ekerançylyk meýdanlarynda nobatçylyk çekilmegini guramalaşdyrarlar hem-de zyýankeşlere garşy insektisidlerden peýdanylmagyna taýýarlyk görerler.

Nobatçylyga bellenen gullukçylar çekirtge howpy boýunça yglan edilen adatdan daşary ýagdaý ýatyrylýança bellenen sebitlere esewan ederler. Çekirtgeler peýda bolan halatynda, nobatçylar derhal degişli etrap häkimliklerine habar bermäge borçly edildi. Şondan soňra, sebite insektisidler bilen ýörite hünärmenler iberiler.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasyna görä, 7-nji iýunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleri wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirip, durnukly çekirtge gözegçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk edarasynyň ýardam bermeginde Gazagystan tarapyndan guramalaşdyrylypdyr.

Ýygnak çekirtge howpuna garşy milli we sebitleýin göreşde tejribeleriň paýlaşylmagyny hem-de bu ugurda serhetüsti we uzak möhletli sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Bulardan başga-da, BMG edarasyna görä, 13-18-nji maý aralygynda türkmen we özbek hünärmenleri iki ýurduň arasyndaky serhetýaka sebitlerde serhetüsti çekirtge barlaglaryny geçirdiler.

Bu barlaglara Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň alty hünärmeni, şeýle-de Özbegistanyň Ösümlikler boýunça karantin agentliginiň alty hünärmeni gatnaşypdyr.

Lebap welaýatynyň Hojambaz, Farap we Köýtendag sebitlerinde, şeýle-de Özbegistanyň Kaşkadarýo welaýatynyň Guzar, Dehanabat we Nişan etraplarynda hem-de Buhara welaýatynyň Kakarkul we Alat etraplarynda geçirilen barlaglarda onlarça müň gektarlyk ekerançylyk meýdanlary çekirtge howpuna garşy gözden geçirilipdir. Gözleg işleriniň dowamynda türkmen tarapynda 18500 gektar meýdan, özbek tarapynda bolsa 24 müň gektar meýdan barlanypdyr.

Esewan işlerinde serhediň iki tarapynda hem bir inedördül metr meýdanda 8-15 sany marokgo çekirtgesi dykyzlygynda, şeýle-de bir inedördül metr meýdanda 6-10 sany örküçli sazak çekirtgesi dykyzlygynda çekirtge sürüleri tapylypdyr.

Azyk we oba hojalyk guramasynyň Çekirtgelere esewan ediji edarasyna görä, serhediň iki tarapynda hem zyýankeşlerden ejir çekýän ekerançylyk meýdanlarynda himiki serişdelere bilen arassaçylyk işlerine badalga berlipdir.

Gözleg işleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maliýeleşdirmeginde Azyk we oba hojalyk guramasynyň bir sebit taslamasynyň çäklerinde geçirilipdir.

BMG edarasyna görä, Türkmenistanda aprel aýynda 25180 gektar meýdan çekirtge howpuna garşy barlanypdyr. Ýurduň Ahal welaýatynda 8-nji aprelde, Lebap welaýatynda 10-njy aprelde, Balkan welaýatynda 19-njy aprelde we Mary welaýatynda 27-nji aprelde marokgo çekirtgeleriniň ýumurtgalamagy barada habarlar berlipdir. Şeýle-de bu aýyň dowamynda ýurt boýunça 6385 gektar meýdanda insektisidler bilen gözegçilik işleri geçirilipdir.

Biraz öň, fewralyň ortalarynda “Inside Climate News” neşiri ylmy barlaglara salgylanyp global maýlamanyň netijesinde hem-de gurakçylygyň täsiri bilen, dünýäniň täze sebitlerinde, şol sanda Türkmenistanda, Owganystanda we Eýranda çekirtge howpunyň ýüze çykmagynyň mümkindigi barada duýduryş berdi. Ylmy barlaglara görä, yssy we gurak howa şertleri çekirtgeleriň köpelmegine amatly şert döredýär. Çekirtgeler oba hojalyk ekinlerine agyr zyýan ýetirip bilýär.

Şonda neşir howanyň maýlamagy bilen bagly global aladalaryň arasynda, Günbatar Hindistanyň, Eýranyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň çekirtge belasy babatynda täze gyzgyn nokatlara öwrülmeginiň ahmaldygyny duýdurdylar.

Türkmen häkimiýetleri çekirtge howpy boýunça metbugatda çykyş etmeýärler. Döwlet mediasy zyýankeşleriň oba hojalyk pudagyna ýetirýän zyýanlaryny agzamaýar.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde daýhanlar 2020-nji , 2021-nji we 2023-nji ýylyň ýaz, tomus aýlarynda çekirtge çozuşlaryna garşy goragsyz galdylar.

Ýerli daýhanlar Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 2020-nji ýylyň maý aýynyň başlarynda, bary-ýogy birnäçe günüň dowamynda 35 müň gektar ekerançylyk meýdanynyň çekirtge howpundan zyýan çekendigini habar berdiler. Şondan bir ýyl soňra, 2021-nji ýylyň iýun aýynda gündogar sebitiň käbir etraplarynda 26 müň gektar bugdaý, gowaça, bakja we miweli baglar çekirtge çozuşlaryndan zyýan çekdi.

2023-nji ýylyň tomsunda bolsa ýerli agronomlar günbatar Türkmenistandan çekirtge belasynyň peýda bolandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosy çekirtge howpuna garşy görülýän taýýarlyk çäreleri boýunça Türkmenistanyň oba hojalyk resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG