Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň Türkmenistana bugdaý eksporty 76.5% artdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gazagystan bir ýylyň dowamynda, ýagny 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri bir ýyl wagt aralygynda, Türkmenistana eksport edýän bugdaýynyň möçberini 76.5% artdyryp, bu görkeziji 299.3 müň tonnadan 528.1 müň tonna ýetdi. Bu barada 26-njy ýanwarda Gazagystanyň statistika boýunça döwlet komiteti mälim etdi.

Pul nukdaýnazaryndan eksport 58.7% artyp, bu mundan ozalky 109.2 million dollardan 173.2 milliona dollara çenli ýetipdir.

Gazagystanyň eksport edýän bugdaýynyň görkezijileri boýunça Türkmenistan, Özbegistandan we Täjigistandan soň üçünji orunda durýar.

Ýylda 1.5 million tonna golaý bugdaý hasylyny alýandygyny öňe sürýän Türkmenistanda ýiti azyk krizisi, şol sanda un we çörek gytçylygy ençeme ýyl bäri saklanyp galýar. Türkmen hökümeti muny resmi taýdan boýun alman gelýär.

XS
SM
MD
LG