Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Garyplaryň aýlygyny beriň!» Milliardlarça dollarlyk girdeji alýan klasterler işçi aýallaryň aýlygyny tölemeýär


Özbegistanyň köp klasterleri diňe bir daýhanlaryň bergilerini üzüp bilmezlik däl, eýsem pagta meýdanlarynda işleýän zenanlara bölünip berlen pullary hem doly tölemeýärler.
Özbegistanyň köp klasterleri diňe bir daýhanlaryň bergilerini üzüp bilmezlik däl, eýsem pagta meýdanlarynda işleýän zenanlara bölünip berlen pullary hem doly tölemeýärler.

Özbegistanyň klasterleri, ýagny degişli kärhanalaryň arasyndaky toparlar ençeme ýyl bäri daýhanlara pagta we galla üçin töleg töläp bilmeýärler, şeýle hem pagta meýdanlarynda işleýän aýallaryň hakyny gijikdirýärler.

Andijan welaýatynyň Pahtaabat etrabyndan onlarça aýal-gyz ýerli “Sohib Omad Barakasi” toparyna degişli “Wodiy Cluster-Textile” gowaça meýdanynda işlediler, emma klaster olara aýlyk tölemedi.

Ýyllyk möçberi üç million tonnadan hem geçýän özbek pagtasyny ösdürip ýetişdirmegiň agyr zähmeti oba aýal-gyzlarynyň gerdenine düşýär.

Häzirki wagtda Özbegistanyň pagta meýdanlaryna seretseň, pagta ýygýanlaryň ählisiniň diýen ýaly aýallardygyny görse bolýar.

Bu aýal-gyzlar tomsuň ýakyp barýan yssysynda gowaçany haşal otdan arassalaýarlar, çürtüm geçýärler we gowaça ideg edýärler.

Klasterler we fermerler olary iň arzan işçi güýji hökmünde hakyna tutýarlar. Aýallaryň bolsa bu iş bilen razylaşmakdan başga çäresi ýok.

Oba ýerlerindäki işsizlik we ykdysady ýetmezçilik zerarly biraz gazanç etmek isleýän aýallar gowaça meýdanlaryna gitmekden başga ýol tapyp bilmeýär.

Aýallaryň aýtmagyna görä, olar her gün üç Damas awtoulagynda, ondan-oňa geçip, iş ýerine barýançalar takmynan 50 kilometr ýol geçýärler. Alty orunly Damas ulagyna üstbe-üst oturyp, 9-10 aýal ýerleşýär.

– Tomus aýlary biz otuz aýal-gyz bolup, otag üçin, ekin meýdanlaryna çykdyk. Çagalarymyzy öýde galdyryp, 50 gradus yssyda işledik. Näçe wagt geçse-de, entek pulumyzy almadyk. Ýöne pagta ýygýanlara pul tölendi. Häzir bize olaryň 11,5 million sum (900 dollar) bergisi bar. Biz dürli häkimliklere ýüz tutsak-da, bizi ýene başga ýerlere kowdular. Biz sada adamlar, kanunlary bilmeýäris – diýip, pagta meýdanynda işlän aýallaryň biri "Wodiy Cluster-Textile" toparyndan nägilelik bildirýär.

Aralykçy toparyň Kamoliddin atly iş dolandyryjysy Pahtaabat etrabyndan gelen aýallar bilen dil ýüzünden şertnama baglaşyp, olaryň iş hakynyň doly tölenjekdigine wada beripdir.

Kalsteriň ýolbaşçylary üçin Kamoliddin tarapyndan düşürilen wideoda, aýallaryň gowaça meýdanynda, dyza ýetip duran haşal otlary kätmen bilen aýyrýandyklary görkezilýär.

Aýallar sähelçe hak üçin, gowaçany haşal otlardan arassalaýarlar.

Indi bolsa şol ujypsyz gazanç haky-da alyp bolanok.

– Aýallarymyzyň käbiri pagta meýdanyna çagalary bilen çykdylar. Biz çagalarymyzy mekdebe taýýarlamak we maşgalamyz üçin biraz pul gazanarys diýip umyt etdik. Eýýäm noýabr, gyş golaýlap barýar. Tomusky işimiz üçin, henize çenli pul almadyk. Tomusky yssyda köp adamlar kölegede otyrka, biz ýakyp barýan günüň aşagynda işleýärdik – diýip, başga bir aýal aýdýar.

Pahtaabat etrabyndan bolan Fatima Şodiýewa "Wodiy Cluster-Textile" toparynda işlemek üçin, aýallary Andijan etrabynyň Hrawi massiwindäki işe çagyrypdyr. Olar maý hem iýul aýynyň hakyny alýarlar, ýöne aralykda iýunyň töleginiň entek gelmändigini aýdýarlar. Aýallar aýlyk haklaryny almak talaby bilen Andijan welaýat prokuraturasyna arz edipdir.

– Aýallar 50 gradus yssyda işlediler. Klaster olara 23 million 275 müň sum (1800 amerikan dollary) tölemeli. Häzir aýallaryň käbiri çagasy bilen meniň öýüme geldiler, käbiri çagalaryny öýünde goýup, olar menden pullaryny almaga kömek bermegi haýyş edýärler – diýip, oba hojalyk işgäri Fatima Şodiýewa aýdýar.

Welaýat prokuraturasy klastere 6 million sum (470 dollar) töletdi. Emma galan 23 million 775 müň sum (1 860 dollar) üçin agentlik serişdeleri tapmaýan ýaly görünýär. Olar aýallaryň gaýtadan beren arzasyny hem jogapsyz galdyrdylar.

Özüni Jawlon diýip atlandyran Andijan welaýat prokuraturasynyň işgäri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, Pahtaabat etrabyndan pagta ýyganlaryň arzalaryndan habarlydygyny aýdyp, okuwa gidendigi sebäpli, işiň tamamlanmandygyny düşündirdi.

Özüni Şuhrat diýip tanyşdyran “Sohib Omad Barakasi” toparyň müdiri Azatlygyň Özbek gullugy bilen eden gürrüňdeşliginde, özüniň ýakynda işe başlandygyny hem-de pagta ýyganlaryň problemalaryndan habarsyzdygyny aýtdy. Ol ýagdaýy öwrenjekdigine we meseläni oňyn çözjekdigine söz berdi.

Özbegistanda klaster toparlarynyň daýhanlara bergisi köp wagtdan bäri kynçylyk döredýär. Olaryň köpüsi pagta we galla üçin bergiler sebäpli bankrot boldular. Häzir käbir toparlar ekin ýerlerinde agyr zähmet çekýänleriň, ýönekeý hakyna tutulan işçileriň, esasan hem aýal-gyzlaryň aýlygyny tölemeýärler.

Özbegistanyň prezident Mirziýoýew özbekleri pagta gulçulygyndan azat edendigini ençeme gezek aýtdy. Emma garaşsyzlykdan 33 ýyl geçse-de, özbek daýhanlarynyň durmuşy öňki Sowet Soýuzynyň döwrüne garanyňdan, kän bir üýtgemedi.

Pagtaçylyk pudagyndaky döwlet monopoliýasy Mirziýoýewiň dolandyrýan zamanynda klasterler toparynyň monopoliýasyna öwrüldi. Pagtaçylaryň we hakyna tutulýan işçileriň zähmet haklary öňküsi ýaly bozulmagyny dowam etdirýär.

Mirziýoýewiň entek premýer-ministr bolup işlän wagty wada beren oba hojalygynyň mehanizasiýasy hakykatda amala aşmady. Daýhanlaryň we pagtany ösdürip ýetişdirýänleriň esasy guraly kätmen bolup galýar. Häzire çenli pagtany ýygmak işleri-de el bilen alnyp barylýar.

Gender deňligi boýunça komissiýanyň başlygy we Oliý Majlisiň Senatynyň ýolbaşçysy Tanzila Narbaýewa şeýle gulçulygyň, edil elektrik togunyň kesilişi ýaly geçmişde bolup geçen zatdygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol işsiz galan aýallaryň kynçylyklaryny we hakyny alyp bilmeýändigini hiç haçan agzamaýar.

Tanzila Narbaýewa ol öwgüli sözleri bäş ýyl mundan ozal "Amerikanyň sesi" bilen eden interwýusynda aýdypdy. Emma ýyllaryň geçmegi bilen oba aýallarynyň durmuşynda hiç zat üýtgemedi diýen ýaly.

Puldan mätäçlik çekýän aýallaryň gündelik gazanýanlary 70 müň sum ýa-da 6 dollar. Bu möçberdäki pula hatda bir kilogram eti hem satyn almak mümkin däl.

Özbegistanda zähmetkeşleriň bähbitlerini goramak üçin, garaşsyz kärdeşler birleşmeleri ýok.

Klasterler üçin işleýän daýhanlar we işçiler şeýle birleşmeleri döretjek bolanlarynda, häkimiýetleriň garşylygyna duçar bolýarlar.

Ýaňy-ýakynda geçirilen parlament saýlawlaryna gatnaşan hökümet tarapdary partiýalaryň hiç biri işsizleriň we aýlyk haklaryny alyp bilmeýän Andijan welaýatyndan gelen aýallaryň kynçylyklaryna üns bermedi.

Saýlawlarda bu zenanlaryň seslerini sanap geçenler kömek we kynçylyklar hakyndaky hakyky çagyryşlary eşidip bilmediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG