Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 32-nji ýyl dönümi mynasybetli yglan edilen günä geçişlikde 1 müň 180 raýat tussaglykdan boşadyldy. Ozalky bendileriň ençemesi günäsi geçilenleriň sanawyna düşmek üçin, türme resmilerine müňlerçe dollar para töländikleri barada Azatlyga gürrüň berdiler. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan öňki tussag türmäniň içinde hem alym-berimiň uly rol oýnaýandygyny aýtdy.
22-nji sentýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde, adatça bolşy ýaly, günäsi geçilendigi yglan edilen raýatlaryň şahsyýetleri barada maglumat berilmedi. Netijede olaryň arasynda syýasy tussaglaryň, şol sanda türkmen türmelerinde ýitirim edilenleriň atlarynyň bolup-bolmandygy mälim däl.
Şol bir wagtda, ozalky günä geçişlerde hem bolşy ýaly, bu gezek hem bendilerden sanawa goşdurmak üçin para soralandygy barada maglumatlar gowuşýar. Birnäçe gün öň azatlyga çykan ozalky tussag, tomsuň ortalarynda türme resmileriniň özleri bilen näresmi ikiçäk gepleşikleri geçirendiklerini gürrüň berdi.
“Iýulda türme resmileri Jenaýat kodeksine laýyklykda günä geçişlige degişli bendiler bilen gepleşik geçirdiler. Olar azat ediljekleriň sanawyna goşdurmak üçin, garyndaşlarymyzyň olara 2 müň 500 dollar möçberinde pul bermegini soradylar. Bu her bir günä geçişligiň öň ýany döreýän adaty bir ýagdaý” diýip, Baýramalynyň türmesinde ençeme ýyl oturyp çykan söhbetdeşimiz belledi. Azatlykda onuň at-familiýasy, ýaşaýan sebiti we saklanan türmesi barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk nukdaýnazaryndan olary äşgär etmeýäris.
Türkmenistanda soňky 30 ýylyň dowamynda onlarça müň adam türmeden geçdi. Türkmenistan dünýäde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurtda möhüm baýramçylyklara gabatlanyp, ýylyň dowamynda 3-4 gezek köpçülikleýin günä geçişlik yglan edilýär.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ozalky tussag, özüniň saklanan Baýramalynyň türmesinde her kamerada göz öňünde tutulanyndan tas iki esse köp adamyň saklanýandygyny, has az tussagly kamera düşmek üçin bolsa, 20 müň manat para bermelidigini aýtdy.
Ol tussaglaryň arasynda dürli keselçilikleriň, şol sanda inçekesel, sarygetirme ýaly hassalyklaryň hem köpdügini belledi.
Habarçymyzyň söhbetdeşiniň beýan eden ýagdaýlary, şol sanda korrupsiýa hadysalary boýunça degişli türme resmilerinden, şeýle-de Içeri işler ministrliginden we Baş prokuraturadan maglumat almak başartmaýar.
Halkara hukuk guramalarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan ýöňkelýän günäni boýun aldyrmak, adamy özüne we başgalara garşy görkezme bermäge mejbur etmek üçin ulanylýan ýowuz gynag, basyş praktikalarynyň iň giň ulanylýan ýurtlarynyň biri bolup durýar.
Azatlyk türkmen türmelerinde bendileriň gynamalara sezewar edilýändigi barada hem maglumatlary beripdi.
Bu aralykda, garaşsyz turkmen.news neşiri on ýyldan gowrak wagt bäri azatlykdan mahrum edilen adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Mansur Mingelowyň Marydaky türme hassahanasyndan çykarylyp, Lebapdaky berk düzgünli koloniýa geçirilmeginiň planlaşdyrylýandygyny habar berýär. Maglumatda munuň netijesinde Mingelowyň ýaramaz saglyk ýagdaýynyň hasam ertetleşip biljekdigi duýdurylýar.
Türkmenistanda nobatdaky köpçülikleýin günä geçiş yglan edilýän mahaly, garaşsyzlyk ýyllarynda adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan ýurduň türmelerinde zorlukly ýitirim edilen hasaplanýan adamlaryň, “syýasy tussaglaryň” we “wyždan ýesirleriniň” ykbaly nämälim galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum