Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Polşa, Ispaniýa we Britaniýa özleriniň Russiýa garşy sanksiýa basyşlaryny güýçlendirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada gürrüňi gidýän alty ýurduň daşary işler ministrleriniň Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça kabul edilen bilelikdäki beýanatda aýdylýar.
Onda Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan söweşine päsgel bermek üçin, elýeterli ähli gurallar arkaly mundan beýläk-de Moskwa garşy basyşlary artdyrmaga taýýardygy nygtalýar. Mundan başga, ministrler Russiýanyň söweş hereketlerini bes edip, Ukraina ýetirilen zyýan üçin kompensasiýa tölemese, onda onuň Günbatar ýurtlaryndaky aktiwleriniň doňdurylan ýagdaýda saklanmalydygyny ýene bir gezek bellediler.
Beýanatda ýurtlaryň “Ukrainanyň goranyş senagatyny ýa-da hyzmatdaş ýurtlaryň Ukrainadaky harby gatnaşygyny" çäklendirýän parahatçylyk şertnamasyny asla kabul etmejekdigi hem aýdylýar.
“Ýewro-atlantik sebitiniň howpsuzlygyna, şeýle-de Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bütewiligine wehim salýan hiç bir ylalaşyk kabul edilip bilinmez” diýip, beýanatda bellenilýär.
Şeýle-de ministrler Russiýany ok atyşyklary bes etmek boýunça gepleşikleri “uzaga çekmek taktikasyndan” ýüz öwürmäge çagyrdylar. Olar Ukrainanyň “parahatçylyga bolan berk meýlini äşgär edendigini”, şol sanda öňünden hiç hili şert goýulmazdan ok atyşyklary doly bes etmäge razy bolandygyny nygtadylar.