Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz saýlawlarynda aşa sagçylar öňe saýlanýar, ahyrky netije näbelli


Marin Le Peniň aşa sagçy Milli bileleşik partiýasy Fransiýada geçirilen parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynda öňe saýlandy.
Marin Le Peniň aşa sagçy Milli bileleşik partiýasy Fransiýada geçirilen parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynda öňe saýlandy.

Marin Le Peniň aşa sagçy Milli bileleşik partiýasy 30-njy iýunda Fransiýada geçirilen parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynda, ses berişlikleriň häzirki çykyş netijelerine görä, öňe saýlandy, ýöne öňünden çaklap bolmaýan ahyrky netije bäşleşigiň indiki hepde geçiriljek ikinji tapgyrynyň öň ýanyndaky ýagdaýlara bagly bolar.

Ipsos, Ifop, OpinionWay we Elabe kompaniýalarynyň çykyş netijelerine görä, Milli bileleşik, ses berişlige gatnaşanlaryň köp bolmagy bilen, sesleriň 34 göterim töweregini alyp, ýeňiş gazandy. Bu partiýanyň öz çepçi we merkezçi bäsdeşlerinden, şol sanda prezident Emmanuel Makronyň 20,5 göterim ses alan Bileleşik ýaranlygyndan öňe saýlanandygyny görkezýär.

“Täze halk frontynyň”, gyssagarada düzülen çep ganat koalisiýasynyň 29 göterim töweregi ses almagyna garaşylýar. Netijeler saýlawdan öň geçirilen pikir soralyşyklaryň görkezen netijelerine laýyk geldi, ýöne immigrantlara garşy, ýewroskeptik Milli Bileleşik partiýasynyň Makron bilen birlikde hökümet gurup biljekdigi ýa-da däldigi baradaky meselä kän aýdyňlyk getirmedi.

Fransiýada köp adamyň gözüne gelmeýän Milli bileleşik indi häkimiýete öňkülerinden has ýakyn geldi. Le Pen jynsparazlyk we antisemitizm bilen tanalýan partiýanyň adyny arassalamaga, abraýyny dikeltmege çalyşdy we, saýlawçylaryň Makrona durmuşyň gymmatlamagy we immigrasiýa bilen bagly aladalaryň ýokarlanmagynyň arasynda bildirýän gahar-gazabynyň arasynda, bu taktika gowy netije berdi.

Bazar güni geçirilen ses berişlige gatnaşygyň köp bolmagy Fransiýanyň rekord mukdarda üç ugurly bäsleşige tarap barýandygyny görkezýär. Bilermenleriň pikiriçe, bu Milli bileleşige köplenç iki ugurly bäsleşiklerden has köp peýdaly bolýar.

Makron saýlawçylary “aç-açan respublikan we demokratik” kandidatlaryň arkasynda ýygnanyşmaga çagyrdy. Soňky beýanatlaryndan çen tutulsa, ol Milli bileleşigiň we aşa çepçi “Baş egmez Fransiýanyň” dalaşgärlerini kän golaýlatmajak bolýar.

Merkez-çepçi we aşa çepçi syýasy liderleriň ählisi özleriniň üçünji orny eýeleýän dalaşgärleriniň bäsleşikden çekilmegine çagyrdylar.

"Biziň görkezmelerimiz ýönekeý we düşnükli: Milli bileleşige ýekeje ses hem bermeli däl" diýip, “Baş egmez Fransiýanyň" lideri Žan-Luk Melençon aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ses berişlikden öň dörän bölünişikde kanun çykaryjylarynyň bir böleginiň Milli bileleşige goşulmagy netijesinde, Merkez-sagçy respublikanlar partiýasy ses bermek boýunça hiç hili görkezme bermedi.

Hünärmenler ses berişligiň birinji tapgyryndan soň edilýän orun çaklamalarynyň gaty nädogry bolup biljekdigini we munuň hususan-da şu gezekki saýlawda şeýle boljakdygyny aýdýarlar.

Bazar güni agşamlyk ses berişligiň tutuş ýurt boýunça sanalan resmi netijeleri taýyn bolmady, ýöne olaryň ýakyn wagtda bolmagyna garaşylýar. Fransiýada geçirilen saýlawlaryň çykyş netijeleri adatça ýokary derejede takyk bolýar.

Forum

XS
SM
MD
LG