“Ýurduň ykdysadyýeti döwletiň we prezidentiň berk gözegçiliginde galýar. Energetika we oba hojalygy ýaly esasy pudaklar dolandyryjy elitanyň we howpsuzlyk güýçleriniň elinde saklanýar... Bu olara häkimiýeti, güýji öz ellerinde saklamaga we daýhanlaryň garaşsyz, azat-erkin bolmagynyň öňüni almaga kömek edýär” diýip, lebaply ykdysatçy aýdýar. Azatlyk türkmen obasynda dörän ýagdaý baradaky pikirlerini sorap, ýurduň dürli ýerlerinde ýaşaýan adamlara ýüz tutdy.
Garaşsyz metbugatda we sosial mediada peýda bolýan başga pikirlere gytaklaýyn reaksiýa bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýunda ýurduň galla harmanyna eýýäm 1 million tonna bugdaýyň tabşyrylandygyny aýtdy. Bu beýanat Akbugdaý etrabynyň Parahat geňeşliginiň kärendeçileriniň oba arçynynyň awtoulagyny daşlan gününiň iki gün soňundan edildi. Ýöne häkimiýetler kärendeçileriň düşen ýagdaýy, adamlaryň bildirýän nägilelikleri we inkär edip bolmajak zähmet migrasiýasynyň düýp sebäpleri barada hiç bir zat aýtmaýarlar.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, kärendeçiler bugdaýy orlan ýerleriniň ellerinden alnyp, emeldarlara ýa beýleki täsirli adamlara berilmeginden nägile bolýarlar. Aýdylmagyna görä, bugdaýdan ýeterlik girdeji alyp bilmeýän daýhanlar kärende ýerlerine mal otlaryny, beýleki ekinleri ekip, çeken zyýanlarynyň öwezini dolmaga çalyşýarlar. Neşir seýle ýagdaýyň Akýaýla, Garagum geňeşliklerinde hem dörändigini, kärendeçileriň ýolbaşçylara indi dymyp oturmajakdyklaryny duýdurandygyny habar berýär.
Synçylaryň köpüsi, şol sanda Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti, türkmen hökümetinde döwlet üpjünçilik komitetiniň ýolbaşçysy bolup işlän Nurmuhammet Hanamow Türkmenistanyň oba hojalygynda dörän dartgynly ýagdaýyň sebäplerini hakykatda azat bazar ykdysadyýetine ‘ýarymçyk’ geçilmeginde görýär.
Azatlyga pikirini aýdan daýhanlaryň biri Türkmenistanda bazara geçmegiň bir taraply, häkimiýetlere peýdaly, halka zyýanly bolandygyny, şol bir wagtda-da, sowet döwründen galan ýapyklyk, artdyryp ýazmalar, ýalan maglumat, parahorluk praktikalary dowam edýän wagtynda, metbugatda näçe ynandyrjak bolsalar-da, hakykatda hiç bir bolçulygyň bolup bilmejekdigini, çörek nobatlarynyň, azyk gytçylygynyň ýa-da gymmatlygynyň dowam etjekdigini, obalaryň dargajakdygyny öňe sürdi.
Ikinji tarapdan, öňki prezidentiň geçiren birnäçe reformasynyň şowsuz bolmagy we ahyrynda onuň uly we amatly ýer böleklerini we beýleki resurslary döwletiň saýlap-seçen ‘aýratyn’ adamlaryna bermek kararyna gelmegi ýurduň ilatynyň has pukara we aşa baý adamlara bölünmek prosesini çaltlaşdyrýana meňzeýär diýip, synçylar aýdýarlar.
Prezidentiň gözegçiliginde 'ösdürilýän' ykdysadyýet
Ýerli ýagdaýlary gowy bilýän lebaply synçy we ykdysatçy bu ýagdaý baradaky pikirlerini ýazmaça aýtdy. Onuň ynanjyna görä, Türkmenistan erkin bazar ykdysadyýetine geçýändigini resmi taýdan yglan edenem bolsa, hakykatda, iş ýüzünde bu geçiş gaty çäkli bolmagynda galýar:
“Ýurduň ykdysadyýeti döwletiň we prezidentiň berk gözegçiliginde galýar. Energetika we oba hojalygy ýaly esasy pudaklar dolandyryjy elitanyň we howpsuzlyk güýçleriniň elinde saklanýar. Hususylaşdyrma hökümetiň ykdysadyýete bolan gözegçiligini pese gaçyrmazlyk niýeti bilen, gözegçilik astynda geçirilýär”.
Lebaply synçynyň pikiriçe, oba hojalygynda sowet döwründe adat bolan görnetin, hemmä belli galplyklaryň, ýalan maglumat bermek, aşa meýilleşdirmek, mejbury zähmet we ogurlyk praktikalarynyň ‘bazar ykdysadyýetine geçilende’ hem saklanyp galmagynyň birnäçe sebäbi bar.
Birinji sebäp, lebaply synçynyň ýazmagyna görä, resurslara gözegçilik bolup, dolandyryjy elita bu tejribäni oba hojalygyna we çeşmeleriň paýlanyşyna gözegçilik etmek üçin ulanýar.
“Bu olara häkimiýeti, güýji öz ellerinde saklamaga we daýhanlaryň garaşsyz, azat-erkin bolmagynyň öňüni almaga kömek edýär” diýip, lebaply ykdysatçy pikirini dowam etdirýär.
Ikinji sebäp ykdysady peýdalar bilen bagly bolup, ogurlyk we galplyk korrumpirlenen emeldarlara, işgärlere we olaryň töweregine şahsy peýda görmäge, aňsat we bikanun girdeji almaga mümkinçilik berýär.
Üçünji sebäp bolsa, sosial gözegçilik bilen bagly: Zor bilen işletmek we döwlet sektoryndaky işgärleriň ekspluatasiýasy, netijesiz bolsa-da, ilaty işe almak arkaly ýasama sosial durnuklylygy saklamaga mümkinçilik berýär.
Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda raýatlaryň iş açyp, emläk edinip biljekdigi, kanunlaryň adamlary we olaryň emläklerini gorajakdygy barada umytly gürrüňler edilipdi. Emma synçylar, soňky onýyllyklaryň tejribesine seredip, daýhanyň emläk hukuklarynyň sorag astyndadygyny aýdýarlar.
"Türkmenistanda daýhanlar resmi taýdan ýerlere we ekinlere eýe bolup bilerler, emma iş ýüzünde, hökümetiň berk gözegçiligi sebäpli, olaryň hukuklary gaty çäklendirilýär. Düzülýän meýilnamalary hökümet kesgitleýär, bahalara we satyn alynýan önümlere hökümet gözegçilik edýär. Bu bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine laýyk gelmeýär” diýip, lebaply ykdysatçy aýtdy.
Onuň pikiriçe, Türkmenistandaky daýhanlar öz ýagdaýlarynyň beýleki ýurtlardaky daýhanlaryň ýagdaýyndan has erbetdigini bilýärler.
“Döwletiň satyn alyş nyrhlary köplenç dünýä bahalaryndan has pes bolup, bu ýagdaý daýhanlaryň aljak girdejilerini peseldýär. Döwletiň satyn alyş nyrhlarynyň uzak ýyllar üýtgemezligi ýa-da ujypsyz üýtgedilmegi goňşy ýurtlardaky nyrhlary, dünýä bahalaryny belli bir derejede bilýän, öz ýagdaýynyň gowulanmazlygynyň sebäbine düşünjek bolýan adamlary pikirlendirýär. Netijede, beýleki ýurtlardaky daýhanlaryň ýagdaýy bilen deňeşdirilende, bu ýagdaý ýerli daýhanlaryň arasynda nägilelige we lapykeçlige sebäp bolýar” diýip, lebaply synçy Azatlyga ýazmaça beren düşündirişinde aýtdy.
Türkmen daýhany öz ýagdaýyny daşary ýurt daýhanlarynyň ýagdaýy bilen deňeşdirýär
Anonimlik şertinde gürleşen daýhanlaryň biri ‘daşary ýurtlaryň daýhanlary alýan hasylyna görä girdeji alýar, bizde ekin ekip başlan badyňa para berip başlamaly’ diýdi.
Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda “ekin üçin gowy tohum almak, ýeri gowy sürdürmek, dökün almak, suw tutmak üçin para bermeli”. Şol bir wagtda, Azatlyga pikirini aýdan daýhanlaryň köpüsi emeldarlar diýilýänleriň ekin meýdanlarynyň ideginiň gowy bolýandygyny, olaryň ekinden gowy girdeji alyp bilýändigini aýdýarlar.
“Garyp daýhanlaryň aljak dahody eýýäm berilmeli paralar bilen gutarýar. Daşary ýurtda beýle parahorluk ýok , köp daýhanyň öz tehnikasy bar, olar öz eken ekinleriniň hiline görä girdeji alýarlar. Biziň daýhanlarymyzyň bolsa, ekine seretmek höwesini gaçyrýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň görkezilmezligini soran kärendeçi türkmen we daşary ýurt daýhanlarynyň arasyndaky tapawut barada öz edýän pikirini aýtdy.
Öňki iki prezidentiň yglan eden oba hojalyk özgertmeleri oba infrastrukturasynyň we daýhanlaryň peýdasyna bolmady, kolhoz-sowhozlaryň emläkleri, tehnika we mallar dargadyldy, adamlaryň durmuş derejesi pese düşdi. Emma häkimiýetler bu ýagdaýy açyk boýun almakdan saklanýar we, syýasy azatlygyň, söz, metbugat azatlygynyň bolmazlygy oba adamlarynyň öz meselelerini guramaçylykly ýagdaýda gozgap bilmegine ýol bermeýär diýip, öňki diplomat Nurmuhammet Hanamow pikir edýär.
Ol Türkmenistanda dörän agyr ykdysady şertleriň häzirki pursatda diňe ýokardan, prezidentiň öňki iki ýolbaşçynyň ýalňyş syýasatyndan ýüz öwrüp, halk aladasyny etmegi netijesinde üýtgedilip biljekdigini çaklaýar.
Emma lebaply synçy biraz başga pikirde, ol hökümetiň halky baýatmak üçin mümkinçilik döretmek barada aýdýan zatlaryna garamazdan, hakykatda ilatyň aglaba böleginiň garyp bolup galýandygyny, munuň bilkastdan edilýän bolmagynyň hem ahmaldygyny ýaňzydýar:
“Oba infrastrukturasynyň ýaramaz ýagdaýy we migrant işçileriň ýagdaýy oba hojalygynda geçirilen özgertmeleriň netijesiz bolandygyny tassyklaýar. Sowet ritorikasyny dowam etdirýän hökümet propagandasy hakyky problemalary bukmaga synanyşýar. Bu häkimiýeti elde saklamak üçin ulanylýan has giň strategiýanyň bir bölegi bolup biler” diýip, ykdysatçy aýtdy.
Lebaply synçynyň pikiriçe, bu ýagdaýyň saklanmagy, belli bir derejede, jemgyýetçilik düşünjesi bilen hem bagly bolup durýar.
“Türkmenistanda halk köpçüligi hökümetiň sözleriniň hakykata laýyk gelmeýändigini bilýär. Köp adam muňa oýun diýip düşünýär we propaganda ynanmaýar” diýip, synçy adamlaryň köpüsiniň göçüp, häzirlikçe öz meselelerini daşary ýurtlarda gowy durmuş gözlemekde görýändigini belleýär.
Şonuň bilen birlikde, migrantlaryň arasyndaky duýgular, sosial mediada oba hojalygynyň agyr ýagdaýy barada öz pikirini aýdýan migrantlar jemgyýetde açyk gürrüň etmek we üýtgeşikligi talap etmek zerurlygyna düşünýänleriň artýandygyny görkezýär. Bu, ikinji tarapdan, ilat arasynda öz hukuklary ugrunda göreşmek isleýän adamlaryň sanynyň köpelýändigini hem görkezip biler diýip, synçy aýtdy.
Ýöne, lebaply synçynyň pikiriçe, Türkmenistanda köp adam obada ýa-da ýurtda durmuşyň üýtgäp biljegine pessimist, ynamsyz garaýar.
“Häzirki şertleriň durgunlyga we netijesizlige alyp barýandygyny görýärler we düýpli özgertmeler bolmazdan düýpli gowulaşmalara garaşmaýarlar. Ýakyn geljekde adalatly ýer reformasyna garaşmak kyn. Bu döwletiň ýagdaýy hakykatdan hem halkyň bähbidine üýtgetmäge taýýarlygyna bagly bolar. Häkimiýet başyndaky elita we howpsuzlyk güýçleri ykdysadyýete we ýere gözegçilik edýän wagtynda möhüm üýtgeşmelere garaşylmaýar” diýip, lebaply synçy Azatlyga ýazmaça beren düşündirişinde aýtdy.
Pagtanyň girdejisi pes, azaby köp...
Azatlygyň aýry-aýrylykda gürleşen adamlarynyň ählisi diýen ýaly, biri-birinden habarsyz ýagdaýda, daýhanlaryň ýagdaýynyň gaty agyrdygyny tassyklady.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan kärendeçileriň biri gowaça ekmegiň, döwletiň kesgitlän nyrhyndan pagta tabşyrmagyň 'daýhana zyýandan başga peýda getirmeýändigini' aýtdy.
"Pagtanyň girdejisi pes, azaby köp, kän zähmet, suw talap edýär. Emma, ýerleriň şorladylmagyna, daşky gurşawa ýetirýän beýleki zyýanlaryna garamazdan, hökümet gowaçadan el çekmeýär. Meniň pikirimçe, bu ekin adamlary gysyp saklamak, olara berk gözegçilik etmek üçin ulanylýar. Eger-de ýerasty baýlyklarymyz ýerlikli ulanylan bolsa, otuz ýylda ýurdy miweli baglyga öwrüp, daşary ýurtlara tonna-tonna önüm eksport edýän daýhanlarymyz bolardy" diýip, anonimlik şertinde gürleşen kärendeçi aýtdy.
Onuň pikirine görä, daýhan öz ýetişdiren hasylyny daşary ýurtlara satyp bilýän bolmaly, "pomidor, gawun ýetişdirip, içerki bazarda satan daýhanyň gazanjy hiç zada ýetmeýär. Döwletiň kesgitlän bahasyndan bugdaý, pagta tabşyryp, 40 ýyl daýhançylyk etseň-de, öý satyn almaga ýa-da maşyn almaga pul ýygnamak mümkin däl.
"Türkmen ykdysadyýetiniň, hususan-da oba hojalygynyň çökendigi hiç kime gizlin däl. Munuň ilkinji we anyk mysaly oba müdirlikleriniň ýerleşýän edara jaýlary. Oba resmileri ýykyljak bolup duran köne, SSSR döwründe gurlan jaýlarda otyrlar. Olaryň iş ýerleri işlär ýaly ýer däl, harabaçylyk. Remont, bejergi görmänine kän ýyl bolupdyr. ...Gelen başlyk ýer satýar, jübüsini dolduryp, ýerini indiki geljege tabşyrmak bilen bolýar. Tehnikalar hem satylýar. Bu zatlaryň hiç biri gizlin däl..." diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi ýagdaýyň umuman bilinýändigini tassyk etdi.
"Daýhanlaryň arasynda häzir bugdaý planlaryny dolup bilmedik gaty kän, güýji ýeten kagyz ýüzünde 'plan doldy' diýip ýazdyrýar. Öz potrat ýerlerini taşlamak isleýän daýhanlar hem az däl, olar 'ýurduň ykdysadyýeti şeýle gitse, gelejek görmeýändiklerini' aýdýarlar. Parahorluk shemasy pudaklaryň ählisiniň çökmegine alyp gelýär. Çet obalaryň käbirinde ne oňaýly elektrik bar, ne-de agyz suwy. Ýaşaýjylar daşary ýurda gitmek üçin öýlerini satýarlar" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli hünärmen aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen hökümeti ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary boýun almaýar we, çörek we beýleki zerur önümleriniň dowamly gymmatlamagyna garamazdan, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin uly işleriň alnyp barylýandygyny tekrarlaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum