Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şi, Putin Gazagystanda ŞHG sammitine başlady


Hytaý lideri  Şi Szinpin 2-nji iýulda gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşmak üçin, bir günlük döwlet sapary bilen Astana geldi.
Hytaý lideri  Şi Szinpin 2-nji iýulda gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşmak üçin, bir günlük döwlet sapary bilen Astana geldi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň lideri Şi Szinpin 3-nji iýulda Gazagystanda Belarusy agzalyga kabul etjek guramanyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) iki günlük sammitine başlady.

Ýewraziýa ýurtlary klubynyň garaşylýan giňemesi, ABŞ ýolbaşçylygyndaky dünýä tertibini düzýän günbatar institutlaryna garşy alternatiwalary hödürlemek bilen, Pekin bilen Moskwanyň sebitara howpsuzlyk blogyny garşylyk agramy hökmünde ulanmak üçin edýän ýene bir tagallasy bolup görünýär.

Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň üçünji ýylyna uzamagy bilen, ŞHG liderleriniň Astanada geçirýän ýyllyk sammiti Putin üçin özboluşly bir platforma döreder we rus lideri bu ýerde özüniň halkara derejesinde izolirlenmändigini görkezmäge çalşar.

Belarusyň goşulmagy bilen çäklenmän, bu sammit sebitde terrorçylyga garşy has gowy utgaşdyrmalaryň ýola goýulmagyna üns berer. Sebäbi aprel aýynda Moskwanyň Krokus siti hol merkezinde bolan hüjüminden soň, bu ýagdaý agzalar üçin möhüm meseleleriň biri bolup galýar.

Sebit ýurtlarynyň ýolbaşçylary Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýy we Gazagystan tarapyndan teklip edilen sermaýa gaznasynyň täze mehanizmi barada hem maslahat eder.

"ŞHG-niň mandaty gaty dagynyk we örän uzaklary nazarlaýan bolup biler" diýip, Düýbi Berlinde ýerleşýän MERICS pikir merkeziniň analitigi Ewa Seiwert Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy. “Resmi taýdan aýdylanda, bu agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy gowulandyrmaga hem-de sebitde birek-birege ynam döretmäge gönükdirilen howpsuzlyk guramasy bolup durýar” diýip, analitik sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu bileleşik 2001-nji ýylda Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan tarapyndan, başda territorial dawalary çözmäge gönükdirilen agzalyk hökmünde döredildi we soňra has giňeldilip, sebit howpsuzlygy we ykdysady ösüş ýaly meseleleri çözmegi hem öz içine aldy. ŞHG 2017-nji ýylda Hindistan bilen Päkistany, 2023-nji ýylda Eýrany hem öz agzalygyna goşdy we şu ýyl Belarusyň hem goşulmagy bilen, ýene ulalar öýdülýär.

ŞHG-nyň 23 ýyllyk taryhyndaky ewolýusiýa esasan Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde jemlenýär.

Moskwa käte bu guramanyň Hytaý ýolbaşçylygyndaky meýilnamalaryny, şol sanda sebitleýin ösüş banky we azat söwda zolagy baradaky tekliplerini gowşatmak ýa-da ýatyrmak niýetine eýerdi . Ýöne Şi bilen Putiniň soňky ýyllarda öz ýurtlarynyň arasynda has berk gatnaşyk gurmagy netijesinde, hususan-da Russiýanyň Ukrainada başlan giň gerimli urşundan bäri, iki lider Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyny has giň hyzmatdaşlygyň bir bölegine we özleriniň ABŞ-a garşy dünýägaraýyşlarynyň bir merkezine öwürdi.

"Hytaý ŞHG-nyň Günbatara garşy döredilen gurama bolmandygyny görkezmek üçin uzak wagt alada etdi, ýöne bu ýagdaý üýtgedi, hususan-da Eýran goşulanyndan soň” diýip, Seiwert aýtdy. "ŞHG mundan beýläk Günbataryň näme pikir edýändigi bilen kän gyzyklanmaýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň ýokary derejeli resmileriniň iýun aýynda geçirilen ýygnagynda Putin, ŞHG ýaly öňden bar bolan guramalaryň kömegi bilen, “Ýewraziýa sebitinde daşarky harby güýçlerň bolmagyndan ýuwaş-ýuwaş, etaplaýyn ýüz öwürmek üçin”, "Ýewraziýada köpçülikleýin howpsuzlygyň täze ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn kepillikleriniň täze bir ulgamyny" döretmek barada çykyş etdi.

Berlindäki Karnegi Russiýa Ýewraziýa merkeziniň işgäri Temur Umarow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, halkara görnükliligini we geosyýasy ähmiýetini ýokarlandyrýandygyna garamazdan, ŞHG-nyň henizem köp babatda simwoliki, mazmun babatynda ýeňil gurama bolup galýandygyny aýtdy.

"Ol şindem özüniň nämedigini we indi näme bolup biljekdigini anyklamaga synanyşýar" diýip, ol aýtdy. "Ahyr netijede onuň esasy artykmaçlygy uly göwrümi we bilelikdäki jemi içerki önümi bolup durýar, ýöne bu ýerde henizem görnüp duran düýpli netijeler ýok" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Belli bir açyk-aýdyň mandatynyň bolmazlygy bilen, ŞHG esasan sebit ýolbaşçylarynyň wagtal-wagtal Şi we Putin bilen duşuşmagy üçin bir diplomatik forum bolup hyzmat edýär.

Hytaý lideri 2-nji iýulda gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşmak üçin, bir günlük döwlet sapary bilen Astana geldi we ŞHG sammitinden soň başga bir döwlet sapary bilen Täjigistana gider.

Şi we Putin 4-nji iýulda ikiçäk gürleşip, ŞGH sammitiniň çäginde şu ýyldaky ikinji duşuşygyny geçirmekçi bolýar.

Azerbaýjan, Katar, Mongoliýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkmenistan we Türkiýe ýaly bu gurama agza bolmadyk döwletleriň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň hem bu ýygnanyşyga gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu ýylky sammite Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi gatnaşmaýar, onuň ýerine daşary işler ministri Subrahmanýam Jaýşankar gatnaşýar.

Forum

XS
SM
MD
LG