Aşgabadyň häkimiýetleri şäher ýaşaýjylarynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň umumy howlularynda nahar bişirip, üýşmeleň etmegine gözegçiligini artdyrýar. Şu günler häkimiýet wekilleri ýaşaýjylara bu howlularda çişlik bişirmegi gadagan edýär. Gadagançylygyň sebäbi barada häkimiýetler tarapyndan anyk düşündiriş berilmeýär.
“Tomus paslynda raýatlaryň işden soň, agşam çagy köp gatly jaýlaryň howlularynda dynç alyp, nahar bişirip, wagtyny hoş we şatlykly geçirmek mümkinçiligi çäklendirilýär. Häkimiýetler adamlary bu hezillikden hem mahrum edýär” diýip, paýtagtly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda etrap polisiýa bölümleriniň we Jaý ulanyş müdirlikleriniň işgärleriniň şäheriň dürli etrapçalaryna yzygiderli aýlanýandygyny aýtdy.
“Olar esasan gür ilatly köp gatly jaýlaryň howlularynda mangal ojaklarynda çişlik bişirip, garyndaşlary we dostlary bilen üýşen adamlary dargadýarlar” diýip, şäher ýaşaýjysy belledi.
Polisiýa we jaý ulanyş müdirliginiň wekilleri ýaşaýjylara berýän maglumatynda howlularda çişlik bişirmegiň gadagandygyny aýdýarlar, ýöne onuň anyk sebäbini düşündirmeýärler.
“Olar çişlik iýmek isleýän hojalyklaryň restoranlara çişlik sargap, öýlerine getirdip iýmelidigini aýtmak bilen çäklenýärler” diýip, ýaşaýjy belledi.
Habarçymyz häkimiýetleriň bu çäreleriniň tomus paslynda agşamara salkyn düşende köp gatly jaýlaryň howlularynda üýşüp, çişlik bişirip, dynç alýan ýaşaýjylaryň köpelen mahalyna gabat gelýändigini aýdýar.
Jaý ulanyş müdirlikleriniň biriniň işgäri anonim şertde beren maglumatynda gadagançylygyň sebäbiniň ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gurpdan düşen köp hojalygyň et satyn alyp, çişlik bişirip iýmäge mümkinçiliginiň ýokdugy bilen baglanyşyklydygyny belledi.
“Köp çaga maşgalasynyň maddy mümkinçiligine garamazdan, ene-atasyndan çişlik bişirip bermegi soraýar. Şol sebäpli häkimiýetler aglabasy häzirki hökümeti goldaýan gurply hojalyklaryň ile göz edip, çişlik bişirmegini gadagan etdi. Olara göze düşmezlik barada görkezme berdiler” diýip, işgär aýtdy.
Azatlyk bu gadagançylyk we onuň sebäpleri barada paýtagtyň häkimliginden we polisiýa bölüminden teswir alyp bilmedi.
Paýtagtyň häkimiýetleri şäher ýaşaýjylarynyň köp gatly jaýlaryň howlularynda üýşüp, dynç almak mümkinçiligi bilen bagly mundan ozal hem dürli çäklendirmeleri girizipdi.
Şu ýylyň fewralynda Aşgabatdaky habarçymyz köp gatly jaýlaryň umumy howlularynda we jaýlaryň girelgelerinde duran skameýka-oturgyçlaryň jemagat gulluklaryň işgärleri tarapyndan sökülip aýrylýandygyny habar berdi.
Şonda gullugyň käbir işgärleri munuň sebäbini bilmeýändigini aýtsalar, beýlekileri şäheri abadanlaşdyrmak çäreleri bilen baglydygyny öňe sürüpdiler.
Emma aşgabatlylaryň ençemesi bu çäreleri häkimiýetleriň adamlara gözegçiligi güýçlendirip, olaryň daşarda jemlenip, oturmagynyň öňüni almaga çalyşýandygy bilen düşündiripdi.
Mundan ozal häkimiýetler köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda ýuwlan egin-eşikleri guratmak üçin niýetlenen ýüpleri, tamdyrlary we tapçandyr eýwanlary hem söküp aýrypdylar.
Paýtagtdaky soňky çäreler türkmen häkimiýetleriniň ýurduň dürli künjeginde raýatlara gözegçiligi güýçlendirip, özleri tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýan adamlary gözlemek çärelerini artdyrýan mahalyna gabat gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum