Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň wise-prezidenti Zarif hökümete edilen basyş sebäpli işden çekildi


Mohammad Jawad Zarif
Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň strategiki meseleler boýunça wise-prezidenti Muhammet Jawad Zarif ýurduň kazyýet başlygy Golam Hossein Mohseni-Ejeýiň "maslahaty" bilen wezipesinden çekildi.

Zarif 3-nji martda X-da eden ýazgysynda Mohseni-Ejei bilen söhbetdeşlige "çagyrylandygyny" we onuň dowamynda özüne "hökümete mundan beýläk basyş edilmezligi üçin akademiýa dolanmagyň maslahat berlendigini" mälim etdi.

Öňki daşary işler ministri Zarifiň reformaçy prezident Masud Pezeşkianyň hökümetine bellenmegi birnäçe aý bäri dartgynlylyga sebäp boldy, onuň berk tankytçylary esasy wezipelere bellemek baradaky 2022-nji ýylyň kanunynyň bozulandygyny öňe sürýärler.

Tankytçylar Zarifiň Amerikada doglan ogullarynyň goşa Eýranyň we ABŞ-nyň raýatlyklarynyň bardygyny öňe sürýärler.

Zarif uzak wagtdan bäri Eýranda aşa konserwatiwler tarapyndan nyşana alynýar, onuň daşary ýurtly aragatnaşyklarynyň köpdügi öňe sürülýär we oňa şübhe bildirilýär.

XS
SM
MD
LG