Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda bolan ýel-harasat türkmen çölünden güman edildi


Arhiw suraty
Arhiw suraty

27-nji awgustda bolan “görlüp-eşidilmedik hadysa” Eýranyň territoriýasynyň 60 göteriminiň tot-tozana gaplanmagyna sebäp boldy diýip, Eýranyň “Ham-Mihan” gazeti ýazýar.

26-njy awgustda başlanan we ýurduň demirgazyk, demirgazyk-gündogaryndaky sebitleriň käbirini gaplap alan tot-tozan, resmileriň käbiriniň pikiriçe, Türkmenistanyň çöllük ýerlerinden uç alan bolmaly. Emma hünärmenleriň käbiri bu çaklamany ret etdi we tozanly ýeliň sebäbini ýurt içindäki suwly, çygly ýerleriň guramagy bilen baglanyşdyrdy diýip, habarda bellenýär.

Ýerli metbugat we sosial media soňky günlerde Mazandaran welaýatynyň gündogar böleginde, Eýranyň demirgazygynda, Gorgan we Horasan welaýatynyň demirgazyk sebitlerinde turan ýel-harasady görkezýän şekilleri paýlaşdylar.

Ýaşaýjylaryň käbiri bu hadysany bu sebitlerde “görlüp-eşidilmedik” diýip häsiýetlendirdi, beýlekiler muny Sistan we Bulujystan welaýatynda bolup geçen ýel-harasatlar bilen deňeşdirdi.

Bu harasat Aşgabat bilen Tähranyň soňky ýyllarda ýygjamlaşan ýel-tupanlara we çägeli harasda garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek kararyna gelmeginiň yz ýanyndan boldy.

Metbugat maglumatyna görä, Eýranyň daşky gurşaw ministriniň daşky gurşawy goramak boýunça orunbasary Iraj Heşmati golaýda Türkmenistanyň daşky gurşaw ministri Çarygeldi Babanyýazow bilen onlaýn maslahatyny geçirip, howa özgermesiniň sebite ýetirýän täsiri, hususan-da tot-tozanly ýelleriň we çäge sowurýan harasatlaryň ýygjamlaşmagy barada pikir alyşdy.

XS
SM
MD
LG