Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ballistik raketalary Russiýa eksport etmekden nähili peýda görüp biler?


2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Tähranda geçirilen Milli Goşun güni paradynda Eýran raketasyny görkezdi.
2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Tähranda geçirilen Milli Goşun güni paradynda Eýran raketasyny görkezdi.

Täze hasabatda Eýranyň gysga aralyga niýetlenen “Fath-360” we “Ababil” ballistik raketalary Russiýa eksport etmäge taýýarlanýandygy we rus harbylaryna bulary ulanmagy öwredip başlandygy aýdylýar.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina giň gerimli çozuşyna başlaly bäri Eýranyň Russiýany ballistik raketalar bilen üpjün edendigi ýa-da oňa ballistik raketalary satmaga taýynlyk görýändigi barada birnäçe maglumat çap edildi.

Bu maglumatlaryň hiç biri ABŞ ýa-da Ukrainanyň resmileri tarapyndan tassyklanmady we Eýran Russiýany ýaraglandyrandygyny ýa-da ýaraglandyrmagy meýilleşdirýändigini inkär etmegi dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan analitikler soňky hasabat barada takyk maglumatlaryň ýokdugyny, ýöne bu tassyklanylsa, munuň Russiýanyň söweş tagallalaryna uly goşant goşjakdygyny we Eýran üçin hem peýdasynyň, hem-de zyýanynyň boljakdygyny aýtdylar.

Russiýanyň Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketalaryny ulanmagy, Moskwanyň öz inwentaryny gaýtadan dikeltmek üçin Eýrana ýüz tutmagy baradaky aladalary gysga wagtlaýyn aradan aýrypdy.

“Şeýle-de bolsa, söweş meýdanyndaky giň göwrümli talaplar Demirgazyk Koreýanyň üpjünçilik mümkinçiliklerini kynlaşdyran bolup biler” diýip, “Karnegi halkara parahatçylyk gaznasynyň” işgäri Nikol Grajewski Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Ol Moskwanyň “Demirgazyk Koreýa garaşlylygyny azaltmak” strategiýasy hökmünde, Eýranyň ballistik raketalaryna ýykgyn edip biljekdigini, munuň bolsa Russiýanyň Phenýan bilen Tährany biri-birine garşy ulanmagyna we “potensial taýdan strategiki peýdalaryny hasam artdyrmagyna” mümkinçilik döredip biljekdigini aýtdy.

Ozal ýurduň goranmak ministri bolup işlän Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgunyň 6-njy awgustda Tährana eden sapary, Moskwanyň Eýranyň raketalaryny edinmek isleýändigi baradaky şübheleri güýçlendirdi.

Pilotsyz uçarlardan raketalara

Ukraina urşunyň ilkinji aýlaryndan bäri Russiýa Eýranda öndürilen “Şahed” we “Mohajer-6” pilotsyz uçarlaryny ulanmakda güman edilýärdi. Bu uçarlaryň köpüsi Ukrainanyň şäherlerinde we söweş meýdançalarynda urlup ýykylandan soňra tapylypdy.

Eýran ilkibaşda Russiýany ýaraglandyrýandygy baradaky maglumatlary ret etdi, ýöne soňra uruşdan ozal Moskwa “çäkli mukdarda pilotsyz uçar” iberendigini boýun aldy.

Munuň tersini görkezýän köp sanly subutnamalaryň bardygyna garamazdan, Tähran pilotsyz uçarlarynyň Russiýa tarapyndan Ukraina garşy ulanylýandygyny inkär etmegini dowam etdirýär. Bu, ABŞ-ny we Ýewropa Bileleşigini, Moskwa kömek edenligi üçin, Eýrana garşy sanksiýalary girizmekden saklamady.

Grajewski, Eýranyň pilotsyz uçarlarynyň “tehnologiýa, önümçilik we amaly ulanyş taýdan rus [pilotsyz uçarlaryndan] has artykmaçdygyny” aýtdy. Emma ol ballistik raketalar barada aýdylanda, gürrüňiň “hil däl-de, mukdar barada” gidýändigini belledi.

Russiýa ballistik raketalary ibermekden gelýän abraýdan başga-da, Eýran “Fath-360” we “Ababil” raketalarynyň söweşde nähili çykyş edýändigi barada-da möhüm maglumat ediner.

Mundan başga-da, Grejewski raketalaryň “operasiýalarda ulanylyşynyň we Russiýanyň islendik üýtgetmesiniň, Eýrana raketalarynyň ýetmezçilik edýän käbir böleklerinde kömek edip biler” hem diýdi.

Ozal berlen habarlarda Russiýanyň Eýranyň “Fateh-110” we “Zolfakar” atly gysga aralyga niýetlenen ballistik raketalaryna gözi gidýändigi aýdyldy. Ýöne olary Russiýa eksport etmegiň, Eýrany Raketa tehnologiýalaryna gözegçilik etmek režiminiň (MTCR) aralyk çäklerini we ýük göterijilik çäklerini bozmak bilen ýüzbe-ýüz etjekdigini, Waşingtonda ýerleşýän “Demokratiýalary goramak gaznasynyň” ýokary derejeli işgäri Behnam Ben Taleblu aýtdy.

Şol bir wagtda, “Fath-360” we “Ababil” Raketa tehnologiýalaryna gözegçilik etmek režimi tarapyndan kesgitlenen 300 km we 500 kg çäklerden geçmeýär.

“Şeýle-de bolsa, bu [“Fath-360” we “Ababil” gysga aralyga niýetlenen ballistik raketalaryň] äsgerilmeli däldigini aňlatmaýar, sebäbi olar Russiýa uzak aralyga niýetlenen ýerli raketalary gorap saklamaga kömek edýär we rus-eýran gatnaşyklarynyň çuňlaşýandygyny alamatlandyrýar” diýip, Taleblu belledi.

Hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin töwekgelçilikleri kabul etmek

Tähran Raketa tehnologiýalaryna gözegçilik etmek režiminiň (MTCR) aralyk çäklerini we ýük göterijilik çäklerini bozmak bilen ýüzbe-ýüz bolmasa-da, Eýranyň Russiýany ballistik raketalar bilen üpjün etmegi, Günbatar ýurtlaryny gaharlandyrar.

BMG-niň Eýranyň raketa importy we eksporty baradaky çäklendirmeleriniň möhleti 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlandy, emma ABŞ we E3 (Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa), şeýle hem ÝB Eýrana garşy girizen ballistik-raketa sanksiýalarynyň möhletini uzaltdy.

“E3 Eýrana duýduryşlarynda tutanýerli boldy. Eýranyň ballistik raketalarynyň Russiýa iberilmegi, Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly islendik çözgüdi kynlaşdyrar” diýip, Grajewski aýtdy.

Ýadro şertnamasyny dikeltmek baradaky gepleşikler togtadyldy we şertnamanyň möhleti 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlanýar. Eýran şertnamany gaýtadan dikeltmek perspektiwalary bolmadyk halatynda Russiýa bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmek isleýän bolup biler.

Eýran Russiýanyň 12-14-nji awgustda Moskwada geçirilen ýyllyk goşun sergisine gatnaşdy we özüniň iň soňky harby tehnologiýalarynyň käbirini, şol sanda “Mohajer-10” pilotsyz uçaryny görkezdi. Bu uçar, Russiýanyň Ukrainada ulanan “Mohajer-6” pilotsyz uçarynyň täzelenen görnüşidir.

Taleblu, Eýranyň Russiýany pilotsyz uçarlar bilen ýaraglandyrmak üçin nagt we altyn bilen bir hatarda, bir giden zatlary alandygyny we “hyzmatdaşlygyň bu wektorlarynyň hasam çuňlaşjakdygyny” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG