Aşgabatda dowam edýän çörek gytçylygynyň arasynda, döwlet dükanlary degişlilikde arzan bahadan goýberilýän buhankanyň ýany bilen tamdyr çöregini hem satyn almaga mejbur edýärler. Ýurtdaky ykdysady krizis we işsizlik sebäpli gurpdan düşen hojalyklar, hökümet tarapyndan goýberilýän subsidirlenen azyk önümlerine garaşly bolup galýarlar. Bu sebäpli raýatlar çäkli möçberde satylýan çöregi satyn alyp bilmek üçin, gijeden nobat tutýarlar.
“Paýtagtyň 8-nji belgili döwlet dükanynda 60 teňňeden satylýan buhankanyň ýany bilen üç manatlyk tamdyr çöregini hem satyn almak talap edilýär. Söwdagärler dil üsti bilen edilýän bu talap bilen ylalaşmadyk raýatlara: ‘Almasaň, alman geç! Ötä gidip bilersiň!’ diýip gödek jogap gaýtarýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren raýatlaryň biri 7-nji iýulda habarçymyza gürrüň berdi.
Ol döwlet dükanlarynda bir adama üçden artyk buhankanyň berilmeýändigini, şol bir wagtda ýany bilen satyn almagy talap edilýän tamdyr çöreginiň hem hiliniň ýaramazdygyny, onuň gatap gidendigini gürrüň berdi.
Habarçymyzyň söhbetdeşleri bazarlarda husuýyetçileriň hödürleýän bäş manatlyk çöregini günde-günaşa satyn almaga maliýe ýagdaýlarynyň ýetmäýändigni, bu sebäpli döwlet dükanlarynyň öňünde gijeden başlap nobat tutýandyklaryny aýtdylar.
Emma dükan açylan badyna, gyt çörek ähli adama ýetmän, tiz wagtda gutarýar. Bu sebäpli nobata duran adamlaryň arasynda häli-şimdi dawa-jenjeller, hat-da ýakalaşma hadysalary ýüze çykýar.
Goşmaça çykdajy edip, çörek satyn almak başartsa-da, adamlar onuň pes hilli undan bişirilendigini, yslydygyny, hat-da kä halatlarda içinden mör-möjekleriň hem çykýandygyny aýdýarlar.
Türkmen hökümeti ýurtda alty ýyl töweregi dowam edýän agyr ykdysady krizisi boýun almaýşy ýaly, çöregiň hasam gytalmagy boýunça düşündiriş bermeýär.
Emma anonim gürleşen söwdagärler, ýitileşen çörek gytçylygyny ammarlarda ýerli unuň azalmagy bilen düşündirýärler.
Häzir ýurtda galla oragy dowam etdirilýär. Bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Emma häkimiýetleriň bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigi hakyndaky ozalky beýanatlaryna garamazdan, ýurtda unuň we çöregiň gytçylygy ýyllar boýy aradan aýrylmaýar.
Bu ýagdaýlar dogursynda, şol sanda döwlet dükanlarynyň işine hem gözegçilik edýän Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginden maglumat ýa düşündiriş almak başartmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum