Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dnipro ýas tutýar, Ukraina Kiýewi nazarlan dronlaryň öňi alyndy diýýär


 Dnipro, 3-nji iýul, 2024
Dnipro, 3-nji iýul, 2024

Ukrainanyň paýtagtyndaky harby resmiler 4-nji iýul gününiň dag çaglarynda Kiýewi nyşana alan rus pilotsyz uçarlarynyň täze "tolkunlarynyň" öňüni alandyklaryny aýtdylar, gündogarda, ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän uly bir şäheriň ýaşaýjylary bolsa, bir hepdeden hem az wagt içinde urlan üçünji zarbadan ölenleriň ýasyny tutýandyklaryny habar berdiler.

Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko telegramda pilotsyz uçarlaryň “dürli tarapdan” gelendigini, emma “ýekeje uçaryň hem Kiýewiň özüne gelip ýetmändigini” aýtdy.

Partlama sesleri şäherde ir sagat 4-de berlen howa duýduryşyndan soň eşidildi, ýöne Popko şäherdäki durmuş akymynyň umuman bozulmandygyny aýtdy.

Ukrain goşuny 3-4-nji iýul gijesi merkezi we demirgazyk sebitlerde ruslaryň uçuran 22 sany hüjüm dronynyň 21-sini urandygyny aýtdy.

Şu aralykda, merkezi Dnipro şäherindäki harby dolandyryş gullugynyň başlygynyň aýtmagyna görä, Russiýanyň bu şähere 3-nji iýulda uran zarbalary netijesinde ölenleriň sany alty adama ýetdi. Şeýle-de ol 30-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Dnipro şäheriniň häkimi Boris Filatow uruşdan öň 1 million çemesi ilaty bolan Dnipro şäherine bäş gün içinde edilen üçünji hüjümden soň, 4-nji iýuly ýas güni diýip yglan etdi.

Şeýle-de, bu bombalamalar prezident Wolodymyr Zelenskiniň ýaranlardan has ösen howa goranyş ulgamlary we uzak aralyga ýetýän ýaraglary ibermek barada edýän haýyşyny gaýtalamagyna sebäp boldy.

Zelenski 3-nji iýulda söweş meýdanyndaky ýagdaýyň "petik" diýlip häsiýetlendirilmegini ret etdi we soňky aýlarda Ukrainanyň söweşlerdäki adam güýjüniň güýçlenendigini, ýöne "gurallara we entek gelip ýetişmedik ýaraglara" mätäçdigini aýtdy.

Ak tam 3-nji iýulda Ukraina üçin ýene-de 2,3 milliard dollarlyk harby kömek bukjasyny yglan edeninden soň, Zelenski ABŞ resmilerine minnetdarlyk bildirdi we "Biz ABŞ-nyň mundan beýläk hem kömek berjegine bil baglaýarys" diýdi

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Urşy öwreniş instituty (ISW) şu hepde Ukrainanyň "adam güýji kynçylyklaryny aradan aýyrmak" üçin täze brigadalary döredýändigini aýdyp, "günbatar ýaraglarynyň iberilmeginiň gijikdirilmeginiň we ýeterlik bolmazlygynyň Ukrainanyň täze döreden brigadalarynyň hemmesini enjamlaşdyrmagynyň öňüni aljaga meňzeýändigini" çaklady.

"Öz wagtynda" beriljek günbatar kömegi Ukrainanyň Russiýanyň häzirki "söweş meýdany" inisiatiwasyna jogap bermek ukybyny "aýgytly kesgitleýji" bolar diýip, neşir aýtdy.

Kreml rus prezidenti Wladimir Putin bilen Hytaýyň prezidenti Şi Szinpiniň 3-nji iýulda Gazagystanda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäginde Ukraina barada hem gürleşendigini aýtdy.

“Roýters” habar gullugynyň Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, olar Russiýanyň gatnaşmazlygynda geçirilýän parahatçylyk gepleşikleriniň "islendik formatynyň netijesiz boljakdygyny bellediler”.

Krymy we Ukrainanyň beýleki dört sebitini bireýýäm anneksiýa edendigini öňe sürýän Russiýa geçen aý Şweýsariýada Ukrainada parahatçylyga tarap ýol arçamak üçin geçirilen uly sammite çagyrylmady.

Gelýän hepde, Transatlantik bileleşigiň 75 ýyllygy mynasybetli Waşingtonda geçiriljek NATO sammitinde Ukrainanyň goragyny mundan beýläk-de goldamak we hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmak çäreleriniň gözlenmegine garaşylýar. Ýöne, Zelenskiniň çagyryşlaryna garamazdan, Kiýewiň NATO-a goşulmagyna çagyrylmagyna garaşylmaýar.

Russiýanyň TASS habar gullugy 4-nji iýulda Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Dnipropetrowsk sebitinde Ukrainanyň MiG-29 uçaryny ýok edendigini habar berdi, ýöne ukrain häkimiýetleri bu habary tassyklamady.

Ukrain goşunynyň habarlarynda rus güýçleriniň gündogar Donetsk sebitindäki Pokrowsk sebitine hüjüm edýändigi aýdylýar.

Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa sebitiniň gubernatory Iwan Fedorow 4-nji iýulda, soňky bir günüň dowamynda 10 oba ýagdyrylan rus oklarynyň iki adamyň ölümine, bir adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Azatlyk radiosy söweşýän taraplaryň agyr söweşleriň barýan ýerlerinden berýän maglumatlaryny garaşsyz ýagdaýda barlap bilmeýär.

Forum

XS
SM
MD
LG