Türkmenistanyň adalatçysy, ýagny adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili 2-nji iýulda ýurtda adam hukuklarynyň 2023-nji ýyldaky ýagdaýy boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Türkmen metbugatyna mahsus äheňde ýurtda gazanylan ösüşleri birsydyrgyn taryplan 107 sahypalyk hasabatda metbugat azatlygy we söz azatlygy adalgalary bary-ýogy ýeke gezek agzaldy.
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy boýunça türkmen adalatçysynyň taýýarlan soňky hasabatyna gönükdirilýär.
Birinjiden, bu hasabat adam hukuklary boýunça abraýly halkara guramalarynyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlaryndan düýpgöter tapawutlanýar.
Halkara hasabatlar bu ýurtda raýatlaryň syýasy we raýat azatlyklarynyň berk çäklendirilmegi, raýatlaryň söz, pikir, maglumat, metbugat, hereket, din-wyždan azatlyklarynyň berk basgylanmagy, türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilen syýasy tussaglaryň meseleleri, adamkärçiliksiz türme şertleri, gynamalar, ýurtda kazyýet garaşsyzlygynyň bolmazlygy, eden-etdilikli tussag etmeler ýaly adam hukuklarynyň giň ýaýran meselelerine ünsi çekýär.
Ýöne türkmen adalatçysynyň adam hukuklary hasabaty esasan, türkmen metbugatynyň dili bilen aýdylanda, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurtda gazanylan ösüşleri wasp edýär. Bu maglumatda halkara hasabatlarda agzalýan meseleler ýa ýüzleý gozgalýar, ýa-da düýbünden gozgalmaýar.
Hasabatda raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklary olaryň syýasy we raýat hukuklaryndan ileri tutulýan äheňde suratlandyrylýana çalym edýär.
Maglumatda 2023-nji ýylda Adalatçynyň edarasyna raýatlardan gelip gowşan arzalar we şikaýatlar, meselem, ýaşaýyş jaý hukugy, kazyýet kararlaryna nägilelik, migrasiýa meseleleri, zähmet hukugy, ýer hukugy we bilime bolan hukuk ýaly meseleler boýunça kategoriýalara bölünipdir.
Hasabatyň ýüztutmalar bölümi barada giňişleýin gürrüňe geçmezden ozal, geliň, bir pursat, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň ýurtdaky hukuk durumyna we iş ýüzündäki statusyna nazar aýlalyň!
Adalatçynyň 'döreýşi'
Türkmenistanda 2016-njy ýylda täze Konstitusiýanyň kabul edilmeginden bary-ýogy birnäçe aý soňra, şol ýylyň 23-nji noýabrynda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Bu kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi. Şol ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň parlamentiniň deputaty Ýazdursun Gurbannazarowa Türkmenistanda ilkinji ombudsmen, ýagny adalatçy wezipesine bellenildi.
2016-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen täze Konstitusiýa döwlet metbugatynda kanunyň hökmürowanlygynyň, raýatlaryň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepilnamasy hökmünde şöhlelendirildi. Ýurtda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň täze Konstitusiýanyň kabul edilmeginden sähel wagt soňra öz işine başlamagy, Baş Kanuna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň miwesi hökmünde kabul edildi.
Adalatçy özüniň kanunda kesgitlenen wezipelerine laýyklykda ýurtda adam hukuklaryna degişli döwlet kepillikleriniň berjaý edilmegine esewan işlerini öz üstüne alýar. Adalatçynyň wezipesi, kanuna laýyklykda, ozal bu ugurda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýär.
Umuman aýdylanda, adalatçy raýat bilen döwletiň arasynda, halk bilen häkimiýetiň arasynda araçy ýaly wezipäni öz üstüne alýar. Halkyň arz-şikaýatlaryny häkimiýetlere eşitdirmäge, raýatlaryň hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly hadysalara ünsi çekmäge, raýatlaryň kanunda kesgitlenen hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet kepillikleriniň berjaý edilmegine goşant goşmaga borçlanýar. Ýöne soňky hasabatdan hem görnüşi ýaly, türkmen adalatçysy esasan ýurtda gazanylan ösüşleri taryplamak, olary wagyz etmek, hatda adam hukuklarynyň esasy meselelerini bassyr-ýussur etmek ýaly wezipeleri hem, iş ýüzünde, öz üstüne alana çalym edýär.
Adam hukuklarynyň ähliumumylygy
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1948-nji ýylda kabul edilen Adam hukuklarynyň ýeke-täk ähliumumy jarnamasy bar. Adam hukuklarynyň, raýat we syýasy azatlyklaryň, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryň halkara kesgitlemesi birmeňzeş. Meselem, ABŞ-da hukuk kemsitmesi hasaplanýan islendik hukuk bozulmasy Ýewropada-da, Russiýada-da, Ýaponiýada-da, Türkmenistanda-da hukuk bozulmasy we hukuk kemsitmesi hasaplanaýjak ýaly! Ýöne näme üçin, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça abraýly halkara hukuk guramalary bilen Türkmenistanyň adalatçysynyň adam hukuklaryna çemeleşmesi tapawutlanýan ýaly bolup görünýär?
Näme üçin türkmen adalatçysy Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy babatynda halkara hasabatlaryň gozgaýan meselelerini hukuk kemsitmesi hökmünde hasap etmeýär? Ýa-da näme sebäpden adam hukuklary boýunça halkara guramalar öz hasabatlarynda türkmen adalatçysynyň ýyllyk hasabatlaryny ykrar etmeýär?
Synçylar şeýle soraglaryň dogry jogabyny Baş kanunda dünýewi, demokratik we hukuk döwleti hökmünde kesgitlenen Türkmenistanyň awtoritar syýasaty bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda adalatçy prezidentiň hödürlän üç dalaşgäriniň arasyndan Mejlisiň gizlin ses berişligi esasynda saýlanýar we bäş ýyl möhlet bilen wezipede galýar.
Adalatçy öz üstüne ýüklenen borçlary päk ýürekli, garaşsyz, tarapgöýsüzlik bilen adamyň bähbidine ýerine ýetirmäge kasam edip, wezipä girişýär.
Geliň indi hasabatyň mazmunyna dolanaly!
Gozgalan meseleler
Aşgabat şäheriniň bir ýaşaýjysy ýaşaýan salgysyna ýazga girmek üçin zerur bolan resminamalaryň birini doganyndan alyp bilmändir. Ol Adalatçynyň edarasyna ýüz tutup, doganyndan şol resminamanyň alnyp berilmegini haýyş edipdir. Adalatçy aşgabatly ýaşaýjynyň arzasyny Içeri işler ministrligine ugradypdyr. Içeri işler ministrligi doganlaryň ikisini-de içeri işler edaralaryna çagyryp olar bilen gürrüňdeşlik geçiripdir. Şondan soňra mesele çözülipdir.
Beýleki bir aşgabatly ýaşaýjy 1-nji synpa gitmeli oglunyň sazçylyk mekdebine kabul edilmeýändigine nägilelik bildirip, adalatçynyň edarasyna arza ýazypdyr. Munuň bilen baglylykda, Adalatçy Bilim ministrligine ýüz tutupdyr. Soňra ýaş çaga sazçylyk mekdebine okuwa kabul edilipdir.
Biz bu ýerde hasabatda aýdylan wakalar has düşnükli bolar ýaly, olary sadalaşdyryp agzap geçýäris, ýogsa, hasabatda kanunyň maddalaryna salgylanylyp, resmi dil ulanylýar.
Balkanly bir ýaşaýjy raýatlyk pasportyny almak üçin zerur bolan resminamalary degişli edaralardan alyp bilmänsoň, Adalatçynyň edarasyna ýüz tutupdyr. Adalatçy onuň arzasy boýunça Balkanyň welaýat häkimligine ýüz tutupdyr. Şeýlelikde, mesele çözülipdir.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň bir ýaşaýjysy özlerine berlen mellek ýerlerine elektrik togunyň çekilip berilmegini haýyş edip, Adalatçynyň edarasyna ýüz tutupdyr. Adalatçy bu arzany Lebap welaýat häkimligine ugradypdyr. Şondan soňra, degişli mellek ýerlerine elektrik sütünleri oturdylyp, tok çekilipdir.
Beýleki bir aşgabatly ýaşaýjy ogly we gelni tarapyndan özüne, aýalyna hem-de kiçi gyzyna yzygiderli azar berilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Adalatçysyna ýüz tutupdyr. Adalatçy bu mesele boýunça içeri işler edaralaryna ýüz tutupdyr. Soňra bu oňşuksyzlygyň jaý üstünde turan dawa bolandygy anyklanyp, häkimiýetler tarapyndan seljeriş işleri geçirilipdir.
Ýüztutmalardan hem mälim bolşy ýaly, käbir arzalarda dogan doganyň üstünden, ýa-da ata ogluň üstünden arz edip, Adalatçynynyň edarasyna ýüz tutýar.
Ýöne hasabata görä, iş gözläp Adalatçynyň edarasyna ýüz tutýan raýatlar hem bar. Meselem, Balkan welaýatynyň bir ýaşaýjysy özüniň iş bilen üpjün edilmeýändigine nägilelik bildirip, Adalatçynyň edarasyna ýüz tutupdyr. Adalatçy bu nägileligi Balkan welaýat häkimligine ýetiripdir. Munuň yz ýany, ýerli häkimiýetler özleriniň degişli raýata boş iş orunlaryny hödürländiklerini, ýöne onuň aýdylan işlerden ýüz öwrendigini aýdypdyrlar.
Ýöne hasabata görä, raýatlaryň iş meseleleri bilen bagly arz-şikaýatlary öňki ýyllar bilen deňeşdirilende azalypdyr.
Adamlar esasan jaý meselesi we ýazga durmak meseleleri boýunça Adalatçynyň edarasyna has köp ýüz tutupdyrlar. Adalatçynyň diwanyna ýylyň dowamynda ýazmaça we dil üsti bilen jemi 562 sany ýüztutma gelip gowşupdyr.
Ombudsmen hasabat döwründe Mary welaýatyndaky jeza çärelerini ýerine ýetiriji edaralara eden saparlary barada hem habar berýär. Tussaglar adalatçy bilen gürrüňdeşlikde kän bir arz-şikaýat bildirmändirler, olar, bir alajy bolsa, günä geçişlige düşüp, möhletinden öň boşamagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanypdyrlar.
Adalatçy hasabat döwründe özüne gowşan başga-da birnäçe arzalar barada maglumat berýär. Meselem, olaryň birinde Türkmenistanda 2021-2023-nji ýyllar aralygynda öz güýjünde bolan Milli Geňeşiň ýokarky palatasynyň, ýagny öňki Halk maslahatynyň bir agzasy bu palata ýatyrylandan soňra özüniň öňki işine gaýtarylmagyny haýyş edip, Adalatçynyň edarasyna ýüz tutupdyr. Öňki kanun çykaryjynyň haýyşy Adalat ministrliginiň üsti bilen kanagatlandyrylypdyr we ol öňki işine gaýdyp barypdyr.
Beýleki bir arzada Aşgabatda şäheriniň bir ýaşaýjysy kiçi ýaşly gyzynyň daşary ýurt döwletine çykarylmagyna rugsat berilmegi boýunça ýardam sorap, Adalatçynyň edarasyna ýüz tutupdyr. Bu ýüztutma Migrasiýa gullugy tarapyndan kanagatlandyrylypdyr.
Hasabatyň başky bölümlerinde adam hukuklary boýunça ygtyýarly edaranyň wekilleriniň gatnaşan halkara konferensiýalary we ýöriteleşdirilen okuwlary barada hem maglumat berilýär.
Şeýle-de, hasabata görä, Türkmenistanyň Adalatçysy Milli adam hukuklary guramalarynyň Global Bileleşigine akkreditasiýa bolmak ugrunda hem iş alyp barýar.
‘Gozgalmadyk’ meseleler
Hasabatda Türkmenistanda pikir we metbugat azatlygynyň ýagdaýy, şeýle-de beýleki esasy azatlyklaryň ahwaly barada asla maglumat berilmeýär.
Söz we metbugat azatlygy, elbetde, Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň ilkinji maddasy däl, ýöne söz we metbugat azatlygy, dana sözlerde hem aýdylşy ýaly, beýleki azatlyklaryň we hukuklaryň berjaý edilip-edilmeýändigini anyklamaga ýardam berýär.
Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň ilkinji maddasy ähli adamlaryň mertebesi we hukuklary babatynda azat we deň bolup dogulýandygyny nygtaýar.
Deklarasiýanyň ikinji maddasy hem deňligiň ähmiýetini nygtaýar. Her bir adam şu Jarnama bilen yglan edilen ähli hukuklara we ähli azatlyklara rasasyna, teniniň reňkine, jynsyna, diline, dini, syýasy ýa beýleki ynam-ygtykatlaryna, milletine, ýa-da sosial gelip çykyşyna, emlägine we beýleki ýagdaýlara garamazdan eýe bolmalydyr diýýär. Jarnamanyň üçünji maddasy adamyň ýaşamaga, azatlyga we şahsy eldegirmesizlige bolan hukugyny nygtaýar.
Söz, pikir we beýan azatlygynyň ähmiýeti 18-19-njy maddalarda öz beýanyny tapýar. Şoňa çenli adamyň ynsan mertebesine mahsus ýaşamaga bolan hukuklary nygtalýar.
Türkmen adalatçysynyň hasabaty adam hukuklary babatynda Türkmenistanda kabul edilen milli maksatnamalara hem ünsi çekdi. Hasabatyň agramly bölegi Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň nä derejede ösdürilýändigini, kämilleşdirilýändigini subut etmäge çalyşdy.
Hasabata görä, Türkmenistan adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin milli meýilnamany üstünlikli durmuşa geçirýär, ýurtda adyl we adalatly saýlawlar geçirilýär, raýatlar syýasy-jemgyýetlik proseslere işjeň gatnaşýar.
“Bu döwürde [ýagny hasabat döwründe] amala aşyrylan özgertmeler syýasaty, ykdysadyýeti, durmuş üpjünçiligini we medeniýeti gurşap almak bilen, adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň mundan beýläk-de doly üpjün edilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirdi” diýip, hasabat aýdýar.
Ýene bir gezek ýatlatsak, Adalatçy wezipä girişende “öz üstüne ýüklenen borçlary päk ýürekli, garaşsyz, tarapgöýsüzlik bilen adamyň bähbidine ýerine ýetirmäge kasam edip” işe başlaýar.
Ýöne türkmen adalatçysynyň, iň soňky ýedinji hasabaty, öňki ýyllarda bolşy ýaly, esasan ýurtda geçirilýän özgertmeleri taryplamaga we gazanylan ösüşleri wasp etmäge gönükdirildi.
Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň hasabaty hem Türkmenistanda Jemi içerki önümiň ösüş derejesini 6,3 göterim hökmünde görkezýär. Bu sanlar, mälim bolşy ýaly, Bütindünýä banky we Halkara pul gaznasy tarapyndan ykrar edilmeýär.
Hasabat ilatyň 10 göterim ýokarlandyrylan zähmet haklary, döwlet kömek pullary we pensiýalary barada maglumat berýär. Şeýle maglumatlar raýatlaryň ykdysady hukuklarynyň kanagatladyrylýandygyna subutnama hökmünde hödürlenýär. Açylyp ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, saglyk desgalary, obalar we beýlekiler barada maglumat berilýär.
Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegi ugrunda tagalla etmek wezipesini öz üstüne alan edara, synçylara görä, Türkmenistanda raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň basgylanýandygy baradaky hasabatlary gytaklaýyn inkär edip, ýurduň resmi propagandadaky keşbiniň wasp edilmegine goşant goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum