Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň nobatdaky maslahaty Türkmenistanda geçiriler


Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň daşary işler ministrleri Ýerewanda duşuşýar. Arhiw suraty. 14-nji dekabr, 2023 ý.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň daşary işler ministrleri Ýerewanda duşuşýar. Arhiw suraty. 14-nji dekabr, 2023 ý.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Üçünji maslahaty şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Resmi habarda durnukly ösüşde, ulag we sanly arabaglanyşygy kämilleşdirmekde hem-de azyk we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde bu maslahatyň ähmiýeti nygtalýar.

Türkmenistan geografiki taýdan Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşse-de, deňze çykalgasy bolmadyk döwlet hasaplanýar. Hazar deňziniň halkara suwlara, ummanlara çykalgasy ýok.

Birleşen Milletler Guramasynyň sanawyna görä, bu sanawa 32 döwlet girýär. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi, şeýle-de sebit ýurtlaryndan Azerbaýjan we Owganystan hem bar. Gazagystan tutýan meýdany boýunça deňze çykalgasy bolmadyk iň uly döwlet hasaplanýar.

Türkmenistan özüniň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýändigini, munuň bilen baglylykda, ýurduň halkara ulag taslamalaryna işjeň gatnaşýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG