Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Makedoniýa: polisiýa gijeki klubdaky ýangynyň sebäplerini anyklaýar


Demirgazyk Makedoniýanyň Koçani şäherindäki gijeki klubda bolan ýangynyň pidalarynyň hatyrasyna matam çäresi.
Demirgazyk Makedoniýanyň Koçani şäherindäki gijeki klubda bolan ýangynyň pidalarynyň hatyrasyna matam çäresi.

Demirgazyk Makedoniýanyň häkimiýetleri we raýatlary azyndan 59 adamyň ölmegine we 150-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan gijeki klubda dörän ýangyna sebäpkärleri gözleýärler, bu ýeriň ygtyýarnamasynyň kanunydygy barada soraglar ýüze çykýar.

Ölenleriň sanynyň artmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Koçanide 15-nji martda bolup geçen heläkçilikli ýangyndan bir gün soň, Saglyk ministri Arben Tarawari goňşy ýurtlardan, Ýewropa Bileleşiginden we ABŞ-dan gynanç hatynyň gelýändigini aýtdy.

Resmiler 15-nji mart agşamy DNA toparynyň konsertinde ulanylan pirotehniki partlamalaryň köp adamly klubda ýangyny tutaşdyrandygyny aýtdylar.

"Bu işde korrupsiýanyň we para-peşgeşiň dahyllydygyna ynanmaga esas bar" - diýip, içeri işler ministri Pançe Toşkowskiý aýtdy.

Ol gijeki Pulse klubynyň üçeginiň pirotehniki uçgunlardan ot alýan we ýanýan materialdan ýasalandygyny we galyň tüssäniň binanyň içine çalt ýaýrandygyny aýtdy. Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideo binanyň üçeginden galyň tüssäniň çykandygyny görkezdi.

"Klubda 500 töweregi adam bardy - 250 bilet satyldy" - diýip, içeri işler ministri aýtdy.

XS
SM
MD
LG