Türkmenistanyň demirgazygynda güýçli aýaz saklanýar we gar ýagýar. Azatlygyň Daşoguzdaky habarçylarynyň 3-nji martda beren maglumatynda käbir ýerlerde howanyň -15 gradusa çenli sowan wagtynda ilatly ýerleriň elektrik energiýasyz galandygy, buzly ýollarda heläkçilikli ýagdaýlaryň ýüze çykandygy aýdyldy.
2-nji martda agşam sagat 9 töwereginde ýagyp başlan gar 3-nji martda ir sagat 9-a çenli dowam edip, onuň galyňlygy 30 santimetre barabar bolupdyr. Howanyň temperaturasy -15C° çenli pese düşüpdir.
"Uly magistral ýollar we ýyladyş ulgamy tas ähli etraplarda uly meselä öwrüldi. Gündiz sagat 15:00 hem Saparmyrat Türkmenbaşyda -6°C sowuk. Jemgyýetçilik transport serişdeleriniň, awtobuslaryň ýangyjy buza öwrülip, etraplar aralygynda jemgyýetçilik transporty irden gatnamady. Taksileriň we hususy awtoulaglaryň ýol hadysalaryna uçran halatlary köp boldy. Ýuduň soňky onlarça ýyl taryhynda martda bu dereje köp gar ýagmandy we şeýle sowuk howa bolmandy. Adamlar 'bahar geldimi, gyş?' diýip haýran galýarlar" diýip, daşoguzly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Habarçymyz polisiýadaky çeşmä salgylanmak bilen sebitde dürli agyrlykdaky onlarça ýol hadysasynyň hasaba alnandygyny habar berdi.
"Ýollary gardan arassalamak üçin greýderler berilmedi. Ýagan gar asfaltyň ýüzüni buzly örtgi bilen örtdi, Maşynlaryň ýörän yzlary has howply ýagdaýa geldi. Boldumsaz etrabynyň çäginde ýollardaky buz we gar sebäpli ulag hadysasy köp boldy" diýip, ýene bir çeşme aýtdy.
Çeşmä görä, Saparmyrat Türkmenbaşy - Daşoguz magistralynda 5 adamyň ölümine getiren awariýa sebäp bolupdyr.
Bu aralykda ilatly ýerleriň ençemesinde gazyň we toguň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykdy. Adamlar aşa sowukda toksuz we ýylylyksyz galdy.
Daşogzuň Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy we Akdepe etraplarynda duşenbe güni tas 18 sagatlap elektrik togy bolmandyr.
Boldumsazyň Medeniýet, Almalyk, Maýda, Homaý, G.Atamedow daýhan birleşiklerinde elektrik üpjünçiligi azyndan 15 sagatlap kesilipdir.
Ýerli çeşmeler agzalan ilatly ýerlerde elektrik energiýasyny üpjün edýän stansiýada dörän awariýanyň sebäp bolandygyny aýtdylar.
Şeýle-de, ýaşaýyş ýerleriň birnäçesinde gaz keslipdir.
"2-nji martda agşam sagat 10-da kesilen gaz basymy sebäpli sowukda gaz turbalary ýarylyp, abatlaýyş işleri geçirilýär" diýip, boldumsazly çeşme aýtdy.
Energiýa edaralarynyň hünärmenleri garaşylmadyk garyň köp pudaga zyýan ýetirendigini aýdyp, demirgazyk welaýatdaky howanyň sowuklygynyň beýleki etraplardan uly tapawut edýändigine ünsi çekdiler.
"Akdepe etrabynda şu gije ilat ýyladyş, elektrik energiýasy we gaz bilen üpjün edilmedi. Köp sagatlap elektrik energiýasynyň kesilmegi aragatnaşygyň kesilmegi we agyz suw üpjünçiliginiň kesilmegi ýaly howply ýagdaýlary döretdi" diýip daşoguzly çeşme aýtdy.
Aşa sowukda gazsyz we toksuz galan daşoguzlylar özbaşdak çäre tapyp gün görmäge mejbur bolýarlar. Oba ýerlerinde ilat odun ýakyp gün geçirýär.
Türkmenistanda şu gyş garly boldy. Aşgabatdan we Awazadan 24-26-njy fewral aralygynda gelip gowşan suratlarda gar bilen örtülen agaçlary, binalary we düz meýdanlary synlasa bolýar. Mary welaýatynyň obalarynda gardan soň emele gelen batgalyk ýerli ýaşaýjylary başagaý etdi. Balkanda sürüjiler sürçek ýollarda agyr synaglara sezewar boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum