Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda suwuň iki esse gymmatlamagy ilatda toguň hem gymmatlamagyndan howatyrlanma döretdi


Türkmenistan sebitde elektrik energiýasyny öndürip satýan esasy ýurtlaryň biri bolup, Owganystany, Eýrany, Özbegistany we Gyrgyzystany elektrik togy bilen üpjün edýär.
Türkmenistan sebitde elektrik energiýasyny öndürip satýan esasy ýurtlaryň biri bolup, Owganystany, Eýrany, Özbegistany we Gyrgyzystany elektrik togy bilen üpjün edýär.

Türkmenistanda suw tölegi 100% ýokarlandy. Paýtagtyň we sebitleriň ýaşaýjylary bu barada kommunal hyzmatlar üçin töleg geçiren wagtynda bilip galdylar. Häkimiýetleriň bahalaryň ýokarlanandygy barada habar bermezligi, ilatyň arasynda elektrik energiýasy ýaly beýleki hyzmatlaryň hem gymmatlamagyndan gorkularyň artmagyna getirdi.

Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin ýylyň başy adatça kommunal tölegleri tölemek bilen başlandy. Hasaplaryny tölänlerinde köpler suwuň iki esse gymmatlandygyny bilip galdylar.

"Düýn bir dostum geçen ýylyň suw çykdajylary üçin töleg etdi. Ol şol ýerde bahanyň her kub metr üçin 50 teňňeden 1 manata çenli ýokarlanandygyny bilip galdy" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 4-nji ýanwarda aýtdy.

Suw üpjünçiligi üçin nyrhlaryň ýokarlanmagy baradaky habar ilat arasynda tolgunyşyk döretdi, köpler suw töleglerini gyssagly geçirmäge howlukdylar.

"Suw üçin pul tölän adamlar kän. Munuň näme üçin beýle bolandygyny soranlarynda, edara işgäri suwuň gymmatlandygy sebäpli köpçüligiň tölemäge howlukýandyklaryny aýtdy. Emma ol ýerde ýazmaça bildiriş ýokdy" - diýip, aşgabatly zenan gürrüň berdi.

Mundan bir gün öň Azatlygyň Lebap welaýatdaky habarçysy ýaşaýyş jaýlarynyň agyz suw üpjünçiligi üçin tölegleriň ýokarlanandygy barada habar beripdi.

“Suw edaranyň we Jaý dolandyryş müdirliginiň işgärleri 1-nji ýanwardan başlap hojalyklara berilýän 1 kub metr suwuň bahasynyň 1 manat diýlip kesgitlenilendigini aýtdylar. Olar munuň Türkmenistan boýunça tassyklanan nyrhdygyny bellediler. Öň ýaşaýjylar 1 kub metr üçin 50 teňňe tölän bolsalar, indi 1 manat tölärler” - diýip, Azatlygyň habarçysy Türkmenabadyň ýaşaýjylaryna salgylandy.

Suwuň bahasynyň ýokarlanmagy barada ilata habar berilmedi. Jemagat gulluklarynyň edara jaýlarynda we ýurduň metbugatynda suw tölegleriniň ýokarlanandygy barada habar bolmady.

Azatlygyň habarçylarynyň belleýşi ýaly, köpçüligiň ýanwar aýyndan başlap suwuň we elektrik energiýasynyň bahasynyň ýokarlanmagynyň mümkindigi barada eýýäm dekabr aýynda gürrüň edendigini belleýärler.

"Suw we elektrik energiýasynyň töleginiň ýanwar aýyndan 100% ýokarlanjakdygy barada gürrüňler dekabr aýynda ýaýrapdy. Bu gün suwuň gymmatlandygy tassyklandy. 50 teňňe bahaly suwuň belli bir mukdary 1 manata çykdy" - diýip, habarçy aýdýar.

Suwuň bahasynyň duýdansyz ýokarlanmagy ilatyň arasynda beýleki hyzmatlaryň, şol sanda elektrik energiýasynyň hem has gymmat bolup biljekdigi baradaky gorkyny artdyrdy.

"Energiýa üpjünçilik edarasynda entek elektrik energiýasynyň bahasyny ýokarlandyrmak barada buýrugyň ýokdugyny aýtdylar. Ýöne adamlar elektrik togunyň ýokarlanmagyndan eýýäm gorkýarlar. Mundan başga-da, köp jaýlaryň ýyladyş sistemasy pes ýa-da asla işlemeýär, käbirler bu berilmeýän hyzmat üçin tölemeli bolýarlar, şol bir wagtda-da, jaýlary elektrik enjamlary bilen gyzdyrýarlar mejbur edilýärler" - diýip Azatlygyň habarçysy belledi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda kommunal hyzmatlar onlarça esse gymmatlady. Diňe 2015-nji we 2019-njy ýyllar aralygynda kommunal hyzmatlaryň bahasy 60 esse ýokarlandy.

Suwuň bahasynyň häzirki ýokarlanmagy aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň we stipendiýalaryň her ýyl bolşy ýaly on göterim ýokarlanan wagtyna gabat geldi. Geçen ýyllaryň tejribesinden, girdejileriň 10% ýokarlanmagy harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň birnäçe esse gymmatlamagy bilen utgaşýar.

"Suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly problemalar nukdaý nazaryndan suwuň gymmatlamagyna düşünip bolar, emma elektrik toguny özümiz öndürýäris" -diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Türkmenistan sebitde elektrik energiýasyny öndürip satýan esasy ýurtlaryň biri bolup, Owganystany, Eýrany, Özbegistany we Gyrgyzystany elektrik togy bilen üpjün edýär.

Emma Türkmenistanda ilaty suw bilen üpjün etmekde çynlakaý meseleler dowam edýär. Ne ýaşaýyş jaýlaryna, ne-de oba hojalygyna ýeterlik suw berilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurt bezeg çüwdürimleriniň sany we göwrümi boýunça rekordlara eýe bolýar, şeýle hem dünýäde agyz suwuny tygşytsyz sarp edýän esasy ýurtlaryň biri hasaplanýar.

2018-nji ýylyň ýanwar aýynda türkmen häkimiýetleri ilat üçin suw, gaz we elektrik energiýasyna degişli ýeňillikleri ýatyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow şonda prezident hökmünde yglan eden bu kararyny halk ýaşulularynyň ýeňillikleri ýatyrmagy sorap eden köp haýyşlaryna esaslanyp kabul edendigini aýdypdy. Şeýle hem döwlet baştutany raýatlaryň hal-ýagdaýynyň ep-esli ýokarlanandygyny we her maşgalanyň pul gazanmak üçin has köp mümkinçilikleriniň bardygyny öňe sürüpdi. Onuň şol aýdanlary ýurtdaky agyr işsizlige, zähmet migrasiýasynyň akymynyň köpelmegine we ilatyň aglaba böleginiň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter peselmegine gabat gelipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG