Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Mekdep, köçe arasyndaky uruş'. Türkmen ýaşlarynyň arasynda köçe toparlarynyň 'meşhurlygy' artýar


Ýaşlar uly topar bolup Aşgbadyň köçesinden barýar. Noýabr, 2023
Ýaşlar uly topar bolup Aşgbadyň köçesinden barýar. Noýabr, 2023

Türkmenistanda ýaşlaryň, şol sanda ýetginjekleriň bir ýere uly topar bolup üşenini, ýa-da şäheriň içinde uly topar bolup ýörenini indi has ýygy-ýygyndan görse bolýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky aýlarda paýtagtda we ýurduň beýleki şäherlerinde şular ýaly üýşmeleşler we toparlaýyn uruşlar hem ýakalaşyklar seýrek däl.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde orta mekdep okuwçylarynyň arasynda köpçülikleýin söweşler ýygy-ýygydan ýüze çykýar. “Çekeleşikler” dürli mekdepleriň okuwçylarynyň we dürli köçeleriň ýaşaýjylarynyň arasynda bolýar.

Bolýan zatlar ene-atalary we polisiýany aladalandyrýar.

Soňky wakalaryň biri 8-nji dekabr gijesi bolup geçdi. 7-nji we 9-njy mekdepleriň okuwçylary öz arasynda ýakalaşdy.

"Mekdep okuwçylary kimiň mekdebiniň has güýçlüdigini görkezmek islediler. 9-njy mekdebiň okuwçylarynyň arasynda söweşde ýaralananlar bar, birnäçe adam Baýramaly etrap hassahanasyna düşdi" diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen Baýramalydaky çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Keselhananyň işgärleriniň sözlerine görä, getirlen ýetginjekleriň kellesinde ýaralar, bedenlerinde gök we ýara bardy. Lukmançylyk işgärleri polisiýa ýüz tutmaga mejbur bolupdyr.

"Baýramalynyň polisiýasy bu waka boýunça derňew işine başlady. 7 we 9-njy mekdepleriň birnäçe okuwçysy polisiýa hasaba alyndy" - diýip, çeşme gürrüň berdi.

Şuňa meňzeş ýagdaýlar Aşgabada hem degişli.

Azatlyga soňky aýda gowşan wideolaryň birinde onlarça ýaş adam türkmen paýtagtynyň köçelerinden ýöräp barýar. Wideony noýabr aýynyň başynda surata düşüren çeşmäniň sözlerine görä, hyjuwly görünýän bu ýaşlar öz deň-duşlary bilen dawa etmäge barýar.

Türkmen ýaşlary rus serialyndan ‘ruhlanyp’, köçelerde bidüzgünçilik edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary şeýle ýagdaýlaryň köpelýändigini aýdýarlar.

"Paýtagtyň mekdeplerinde ahlak we ruhy taýdan çökgünlik çuňlaşýar. 11-nji synpa ýetenlerinde orta mekdep okuwçylary ugruny doly ýitirýärler. Hökümet syýasaty synp bölünişigine, deňsizlige we şahsýetiň çüpremegine şert döredýär, netijede hukuksyzlyk, kemsitme we ýigrenç ösýär. Oglanlar belli bir maksatlar we mümkinçilikler bolmazdan zalym, ýarym bilimli mekdebi terk edýärler. Ýaşlar üçin abraýly adam ýok, ýöne güýç we hyjuw bar. Geljege ynamsyz, şu günki güni kesgitsiz bolan bu ýaşlar bütin dünýä gaharlanýar" - diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy öz pikirini paýlaşdy.

Mundan öň mekdep okuwçylarynyň arasynda köpçülikleýin ýakalaşyklar bolupdy. 2018-nji ýylyň noýabrynda Türkmenabatda dört mekdebiň okuwçylarynyň arasynda bolan uruş barada habarçylar maglumat beripdi. Emma, habarçylar häzirki wagtda meseläniň ýaýbaňlanmak we agyrlaşmak tendensiýasy göze ilýär.

Ene-atalaryň köpüsi muny türkmen ýaşlarynyň arasynda meşhurlyk tapan “Ýigdekçäniň sözi” atly rus teleserialynyň köp görülmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Marydaky polisiýa işgäriniň sözlerine görä, ýetginjekler filmi internetden ýükläp alýarlar we fleşkada öz arasynda paýlaşýarlar. Şeýle hem ýaşlar bu seriala aýry bir ýerlerde, şol sanda jaýlaryň ýerzeminlerinde jemlenip, topar bolup tomaşa edýärler.

"Olar seriala tomaşa edýärler we pikir alyşýarlar. Ýetginjekleriň özleri film gahrymanlaryň özüni alyp barşyny nusga edinýändigini we şolar ýaly "abraýly" bolmaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar. Bu filmiň 21 ýaşa çenli ýaşlara berilmezligini talap edip, biz film prokat nokatlaryna aýlandyk. Biz bu rus filminiň ýetginjeklerimize şeýle täsir edip biljekdigini pikir etmändik" - diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Russiýada, Gazagystanda we Ukrainada öu günler “Ýigdekçäniň sözi. Asfaltdaky gan" atly bu serialy gadagan etmek üçin çagyryşlar edilýär. 1970-nji we 1980-nji ýyllarda Gazanyň jenaýat toparlary hakda gürrüň berýän bu film zorluga we garakçylyga romantika äheňini bermekde aýyplanýar. Serialyň döredijileri bolsa, bu aýyplamalary geň diýip atlandyrdylar we filmiň jenaýatyň jezasyz bolup bilmejekdigini görkezýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bolup geçýän wakalar barada pikirini beýan etmeýärler. Şol bir wagtyň özünde ene-atalardan howpsuzlygy üpjün etmek we çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talabyny artdyrýarlar.

"Mekdeplerde ýygnaklar geçirilýär, ene-atalar çagalaryny alkogol içmek, çilim çekmek ýa-da sapakdan gaçmak ýaly etmişlerden saklamak üçin gözegçiligi güýçlendirmeli. Ene-atalardan mugallymlar bilen aragatnaşyk saklamak talap edilýär. Ene-atalar ýazmaça borçnamalara gol çekmeli bolýar", - diýip, aşgabatly mekdep okuwçysynyň ejesi gürrüň berdi.

Habarçylaryň belleýşi ýaly, toparlara goşulýan çagalaryň köpüsi agyr ýagdaýdaky maşgalalardan. Olaryň ene-atalary ýurduň daşynda işleýärler ýa-da türmede oturýarlar, ýeke ene-ataly maşgalalaram köp.

Bu aralykda, ýurtda jenaýat barha artýar. Mary welaýatynda kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen işleýän polisiýa işgäriniň bellemegine görä, jenaýat edýän we jenaýatyň pidasy bolýan ýetginjekler köpelýärar. Egin-eşik, telefon, sumka we şaý-sepler ýaly zatlaryň ogurlyklary artýar.

Ýurtdaky jenaýat ýagdaýy barada resmi maglumatlar ýok. Jenaýatyň statistikasy metbugatda çap edilmeýär, resmiler bolup geçýän ýagdaýlary barada çykyş etmeýär.

Ýaşlaryň jenaýata ýykgyn etmegi ýönekeý raýatlaryň durmuşynyň häkimiýetleriň berk gözegçiligindäki ýurtda bolýar. Häkimiýetler ilata ýygnanyşmagy, şol sanda baýramçylyklarda oturyşlyk guramagy we gatnaşmagy gadagan edýär. Polisiýa dükanda çörek we azyk satyn almak üçin nobata durýan adamlary yzygiderli dargadýar. Aşgamlaryna köçä çykan adamlar islendik sebäp bilen esassyz tussag edilýär.

Şeýle şertlerde onlarça ýaşlaryň uly toparlara jemlenip, agşamlaryna şäherlerde mähelle bolup, hereket edýändigi we uruş-ýakalaşyga baş goşup bilýändigi geň galdyrýar. Azatlyk, bolup geçýän wakalara häkimiýetleriň nähili garaýandygyny we polisiýanyň näme üçin reaksiýa bildirmeýändigini anyklap bilmedi. Aşgabadyň we Marynyň häkimliklerinden weIçeri işler ministrliginden maglumat alyp bolmady.

Ozalky ýyllarda häkimiýetler ýetginjekleriň arasyndaky jenaýatyň öňüni almak meselesine üns beripdi. 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap ýurtda çagalar türmelere yzygiderli alnyp barylýardy. Mekdep okuwçylary guramaçylykly ýagdaýda türmä äkidilip, olara ahlak sapagy berilýärdi.

“Adatça, tussaglykda nädogry işler etmek, jenaýat etmek, ogurlamak we ýetginjeklere erbet endikleri bar bolsa we nädogry işleri etseler, öňünden kamera salýardylar. türmä git. Näme-de bolsa işledi. Çagalar üçin jenaýat işleriniň sany azdy "-diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Baýramaly ýaşaýjy ýatlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG