Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen ikinji “Merkezi Aziýa - Germaniýa” sammitinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Germaniýanyň arasynda has ýakyn syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň gurulmagyna çagyrdy. Onuň pikiriçe, bu hili hyzmatdaşlyk sebitdäki we onuň töweregindäki ýagdaýa düýpli derejede oňyn täsir ýetirip biler.
TDH-nyň habaryna görä, türkmen döwletiniň başlygy bu sebitdäki parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmagyň hem-de goramagyň möhümdigini, bitarap we parahatçylygy söýýän döwlet hökmünde, Türkmenistanyň muňa uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Şeýle-de, "Merkezi Aziýa - Germaniýa" formatynyň çäginde, Berdimuhamedow bu maksada ýetmek üçin hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.