Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylyk gabatlarynda, ýolagçylaryň sebitara transport meseleleri ýitileşdi


Türkmenistanda iri baýramçylyklaryň fonunda sebitara transport gatnawlary işjeňleşýär. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Türkmenistanda iri baýramçylyklaryň fonunda sebitara transport gatnawlary işjeňleşýär. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda bellenilip geçilen Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, 25-30-njy dekabr aralygynda Aşgabat bilen welaýat merkezleriniň arasynda ýolagçy gatnawlary ýygjamlaşdy. Bu ýagdaýyň fonunda, otly, uçar we taksileriň bahasy ep-esli ýokarlandy. Biletleriň döwlet bahasynyň üstüne para alnyp berilmegi ýaly hadysalar bolup geçdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji ýanwarda maglumat berdi.

Otly biletleriniň 45 manat bolan döwlet bahasy 150 manada, 145 manat döwlet bahasy bolan kupe orunly biletleriň bahasy 350 manada satyldy diýip, bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Uçar petekleriniň we hususy taksileriň bahasy 2 müň manada çenli ýokarlandy diýip, beýleki bir ýolagçy aýdýar.

Türkmenistanda bellenilip geçilýän möhüm baýramçylyklaryň öňüsyrasynda sebitara transport gatnawlary işjeňleşýär. Sebitleriň arasynda bar bolan transport ulgamlary talaplary kanagatlandyryp bilmeýär.

Transport pudagyndan habarly çeşmeler 25-30-njy dekabr aralygynda Aşgabat bilen welaýat merkezleriniň arasynda otly we awtobus gatnawlarynyň sanynyň artdyrylandygyny, muňa garamazdan, köpeldilen gatnawlaryň ýolagçylaryň talaplaryny ödäp bilmändigini aýdýarlar.

Bu döwürde Aşgabatdan ugraýan ýolagçy otly gatnawlarynyň sany Lebap, Daşoguz we Balkan ugurlary boýunça adatdakysyndan ençeme esse artdyryldy. Şeýle-de, Lebap we Balkan ugurlary boýunça awtobus gatnawlarynyň sany köpeldildi. Muňa garamazdan, ýolagçy petekleriniň hyrydary has köp boldy.

“Bir prowodnik Aşgabat-Türkmenabat otlusyna 500 manat para bilen bir ýolagçy mündürdi. Aşgabadyň demir ýol menzilinde prowodnikler jogapkär işgärleriň gözüniň öňünde para alýarlar” diýip, bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti otly petekleriniň onlaýn söwdasyny ýola goýdy, ýöne transport pudagynda işe girizilýän onlaýn gurallar bilet söwdasynda parahorlygyň öňüne geçip bilmedi.

Içerki ýolagçylar baýramçylyk günlerinde we öňüsyrasynda Aşgabat demir ýol menzilinde oturdylan bilet terminallaryna transport resmileri tarapyndan ýörite adamlaryň bellenilip, terminallardan bilet satyn alýan ýolagçylardan para alnandygyny aýdýarlar.

“Wokzalda oturdylan alty terminal ýolagçylaryň bähbidine işledilmedi, transport resmileri we polisiýanyň transport ulgamlaryna gözegçilik edýän bölümleri terminallara öz adamlaryny belläp, biletleriň döwlet bahasynyň üstüne para aldylar” diýip, bir ýolagçy aýdýar.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary sentýabryň ahyrynda, Garaşsyzlyk baýramyna gabatlap, içerki uçar gatnawlarynyň biletleriniň döwlet bahasynyň üstüne para alnyp berilmegi ýaly hadysalar barada habar berdi.

Has ozal, sebitara ýolagçylar tomusky dynç alyş möwsüminiň ahyrky günlerinde, awgustyň aýaklarynda içerki transport gatnawlary bilen bagly kynçylyklary başdan geçirdiler.

Bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde Aşgabat bilen welaýat merkezleriniň arasynda ýola goýlan transport gatnawlarynyň artdyrylmagyny paýtagtda ýaşaýan içerki migrantlaryň sanynyň köp bolmagy bilen ilteşdirýär.

“Ýöne transport gatnawlarynyň artdyrylmagy bu pudakdaky parahorlyga täsir etmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýurduň transport we aragatnaşyk pudagyna Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi gözegçilik edýär.

“Demirýollary”açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasyna görä, adaty günlerde Aşgabat bilen ýurduň iri sebit merkezleriniň arasynda gündelik azyndan bir sany otly gatnawy ýola goýlupdyr.

Azatlyk Radiosy baýramçylyk günlerinde sebitara transport gatnawlarynyň töwereginde emele gelen meseleler, kynçylyklar, şol sanda biletleriň döwlet bahasynyň üstüne para alnyp berilmegi barada transport resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG