15-nji ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden halka özüniň hoşlaşyk çykyşy bilen ýüzlenip, Amerikada juda baý adamlaryň “howply oligarhiýasynyň” emele gelýändigini, olaryň demokratiýa howp abandyryp biljek täsire we güýje eýedigini duýdurdy.
“Men häkimiýetiň sanlyja birnäçe juda baý adamyň elinde jemlenmeginden alada galýaryn” diýip, Baýden Ak Tamdan çykyş etdi.
Ol baýlyklaryň sanlyja adamda jemlenmegi bilen, diňe bir demokratiýa däl, eýse esasy azatlyklara we erkinliklere hem howp abanýandygyny aýtdy. Ol munuň her bir adamyň üstünlige ýetmek baradaky “adalatly mümkinçilik” umytlaryna hem wehim salýandygyny belledi.
Bir prezidentlik möhletinden soň, Baýden 20-nji ýanwarda, saýlanan prezident Donald Trampyň kasam kabul ediş dabarasyndan soň, wezipesinden çekiler. Milliarder Trampy Tesla we SpaceX kärhanalarynyň başlygy, dünýäniň iň baý adamy Elon Mask, we beýleki gurply tüjçarlar goldaýar.
Trampyň aşa-sagçy syýasatyny goldaýan Mask, geçen ýyl Trampyň saýlaw kampaniýasyna onlarça million dollar harçlady. Ol Trampyň innagurasiýa dabarasyna hem gatnaşar.
Beýleki ABŞ-ly belli milliarderler, ýagny Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň, şeýle-de Facebook-yň esaslandyryjylarynyň biri we Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Zukerbergiň hem Trampyň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşjakdygy bellenilýär.
Baýden özüniň bitiren käbir işleri barada hem durup geçdi. Ol şol sanda, özüniň prezidentlik möhletiniň birinji iki ýylynda ýurdy koronawirus pandemiýasyndan çykarmagy, ýerli önümçiligi goldamagy we reseptli berilýän dermanlaryň bahasyny azaltmagy ýaly çäreleri agzap geçdi.
Şol bir wagtda, Baýden ABŞ-nyň gymmatlyklarynyň “dowamly synaglara duçar bolýandygyny” belledi, we “tehnologiki senagat toplumy” diýip häsiýetlendiren gurluşyň mümkin özgerişi we emeli aňyň geljegi barada duýdurdy.
Munuň bilen baglylykda, ol Amerikanyň çagalaryny, hojalyklaryny we demokratiýasyny goramak maksady bilen, sosial media ulgamlarynyň jogapkärçiliginiň kepillendirilmelidigini nygtady.
Baýden emeli aňy – bar bolan meseleleri çözmäge, hatda düwnük keselini bejermäge potensialy bolan haýran galdyryjy özgeriş diýip atlandyrdy. Emma onuň “hak-hukuklarymyza, gündelik durmuşymyza, şahsylygymyza, işleýşimize we ýurdumyzy nähili goraýandygymyza täze wehimleri” abandyryp biljekdigini hem duýdurdy.
2020-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda Trampdan üstün çykan Baýden, öňümizdäki hepde Ak Tamy terk eder. Ol 2024-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda, özüniň mental ýagdaýy bilen bagly bildirilen aladalar sebäpli bäsleşikden çekilip, wise-prezident Kamala Harrise Demokratik partiýanyň adyndan dalaş etmäge mümkinçilik döretdi. Harris 5-nji noýabrdaky geçirilen saýlawlarda Trampdan ýeňildi.
Forum