Balkan welaýatynyň iri şäherleriniň birnäçesinde ýaşaýyş jaýlaryň gaz üpjünçiligi tutuş günüň dowamynda kesilýär. Ýerli ilat gazsyz galmagyň döredýän oňaýsyzlyklaryndan we hatda gaz abzallarynyň howpsuzlygynyň hatar astynda bolmagyndan kösenýärkä, ýerli hususy kärhanalaryň käbiri gyş paslynda gaz üpjünçiliginiň doly kesilmeginden howatyrlanýar.
Balkanabatda, Gumdagda we Jebelde üç gün bäri gaz ir sagat 10-dan agşam 18-e çenli berilmeýär. Azatlygyň ýerli habarçysynyň maglumatyna görä, gaz edaralary munuň sebäbini gyşa taýýarlyk işleri bilen düşündirýärler.
"Şäher gaz howpsuzlygy gullugy ilata duýdurmazdan, tebigy gaz üpjünçiligini öçürip, gyşa taýýarlyk maksady bilen uly abatlaýyş işleriniň alnyp barylýandygyny aýdýar" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Gaz üpjünçiligi diňe bir ýaşaýyş jaýlardan däl, eýsem kärhanalaryň ýerleşýän binalarynda hem öçürilýär.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda gyş möwsüminde binalary ýylatmak döwrüniň 10 njy oktýabrdan başlap 1-nji aprele çenli kesgitlenýändigini, ýylyň galan böleginiň oňa taýýarlyk üçin berilýändigini belleýärler. Muňa garamazdan, her ýyl bejeriş işleri gyş möwsüminde alnyp barylýar.
"Ähli ýyladyş gazanlary barlap, işe taýýarlaýan gulluklar galan 6 aýyň dowamynda býujetden aýlyk alýarlar. Emma gaz üpjünçilik edaralary gyşa taýýarlyk işlerine gyş sezony yglan edilenine 1 aý galanda başlaýarlar we ilaty gazsyz kösenýärler" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Balkan welaýatynda hususy kärhanalaryň birnäçesine, şol sanda kerpiç öndürýän edaralara ýerleşýän binalarynyň gyş möwsüminde gaz üpjünçiliginden kesiljekdigi barada duýduryş berlipdir.
"1-nji oktýabrdan ähli hususy kerpiç kärhanalaryny we gaz bilen işleýän beýleki kärhanalary tebigy gazdan kesip, olara gyş möwsümi tamamlanýança 1-nji aprele çenli hususy kärhanalaryny işletmäge rugsat berilmejekdigi aýdyldy. Bu çäräniň gyş möwsüminde ilaty gaz bilen üpjün etmek zerurlygy bilen düşündirildi" diýip, ýene bir çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan habarly çeşmelere görä, şu günler gaz üpjünçilik edaralary ýerli ýyladyşhanalary hem gazdan kesmek çärelerini alyp barýarlar.
Tebigy gazy öndürýän we eksport edýän ýurduň öz ilatynyň gaz üpjünçiligini çäklendirmeginiň düýp sebäplerini ýurt resmileri düşündirmeýärler. Gaz üpjünçiligi ýyllarboýy yzly-yzyna kesilýär, ilat gazsyz kösenýär.
Döwlet ilaty gaz bilen üpjün etmek hyzmatynyň hiliniň gowşaklygyna garamazdan, tölegleri ýokarlandyrýar.
"Gaz howpsuzlygy hyzmatynyň bahasy 6 esse ýokarlanyp. 10 manatdan 60 manada ýetdi. Bu hojalykda gaz bilen işleýän näçe enjam bolsa, olaryň her biri üçin 60 manatdan töleg alynýar. Şeýle-de, ýangyn howpsuzlugy ýagny '04' edarasy hem goşa dyrnak içindäki edýän hyzmatlary üçin tölegini 12 manatdan 51 manada çenli ýokarlandyrdy" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary bu tölegleriň halk üçin artykmaç çykdajy bolýandygyny we şeýle tölegleri töläp bilmedik hojalyklaryň köpelýändigini aýdýarlar. Emma tölegleri wagtynda geçirmediklere jerime salynýar we olaryň gaz üpjünçiligi kesilýär.
Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň ýaşaýjylara ýazýan jerimeleri 500 we 1000 manat aralygynda.
Balkan welaýatynyň gaz üpjünçilik kärhanasyndaky çeşme täze ýyldan ilata berilýän gazyň 1000 kubmetriniň bahasynyň 20 manat boljagyny, emma bu bahanyň ýene ýokarlandyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Azatlyga Balkan welaýatynyň gaz edaralaryndan resmi maglumat almak başartmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum