Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa iş saparyna baryp, GDA agzalarynyň döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar.
“Türkmenportal” neşiriniň rus prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän sammitde ýylyň netijeleri jemlener we köp ugurly hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşylar.
Bu gezekki sammit Sankt-Peterburgyň golaýynda, Leningrad sebitinde ýerleşýän “Igora” kurort toplumynda geçiriler.
TASS-yň habaryna görä, bu çärä Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri gatnaşýar.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan COVID-19 synagynda oňy netije görkezendigi sebäpli resmi däl sammite gatnaşmajakdygyny aýtdy. Azerbaýjanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Ylham Alyýew Aktauda bolan uçar heläkçiligi sebäpli Russiýa saparyny gysgaltmaly boldy.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolan Türkmenistan, habarda bellenmegine görä, GDA-nyň agza döwletleri bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini, umumy maksatlary nazara almak bilen hyzmatdaşlyk edýär.