Mary welaýatynyň etrap geňeşlikleri birnäçe günläp toksuz galýarlar. Birnäçe etrabyň ilatly ýerlerinde elektrik energiýasynyň kesilendigini, şeýle-de suwuň we kadaly gaz üpjünçiliginiň ýokdugyny Azatlygyň welaýatdaky habarçylary 25-nji dekabrda habar berdiler.
Marynyň öňki Oguzhan häzir Sakarçäge etrabynyň we käbir beýleki etraplaryň geňeşlikleriniň elektrik üpjünçiligi garyň ýagmagyndan soň kesilipdir.
Azatlygyň habarçysyna görä, ýerli tok edaralarynyň işgärleri toguň kesilmegini simleriň üzülip, ýere gaçmagy, şeýle-de transformatorlaryň sandan çykmagy bilen düşündirýärler.
Irden içjek çaýymyzy gije gaýnadyp başlaýarys. Ol ertire çenli zordan gaýnaýar...
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen maryly elektrik ussalary sebitde, aýratynam oba ýerlerinde energiýa sistemasynyň könelişendigini, şol sebäpden transformatorlaryň ýygy-ýygydan sandan çykýandygyny, simleriň üzülip, durýandygyny we özleriniň olary bejerip, ýetişmeýändigini gürrüň berdiler.
"Biz bejerip ýetişemizok, ilki bilen edilmeli zat ähli etraplaryň, geňeşlikleriň elektrik simlerini täzelemeli. Biz her ýerde üzülip ýere düşen simleri sepläp bejerjek bolýarys, olam gyzyp täzeden üzülýär ýa-da transformatory hatardan çykarýar, beýdip işläp bolmaz. Ýagdaý gün günden beterleşýär" diýip, etrap tok edarasynyň ussasy gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan etrap ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, olaryň durmuşyny kynlaşdyrýan ýagdaý elektrik energiýasynyň bolmazlygy bilen çäklenmeýär, ilatly ýerleriň ençemesinde gaz we agyz suwy hem ýok.
"Suw turbalary doňup ýaryldy, olary bejerjek bolýanam ýok. Daşardaky ýerasty suwumyzdan hem peýdalanyp bilmeýäris, sebäbi ýerasty suwy sorup çykarýan suw nasoslarymyz tok bolmansoň işlemeýär. Bizde içimlik suwy ýok. Häzir suwy elimize bedre, plastik gaplary alyp Mary ýapdan daşaýarys. Işjek, suwa düşjek, jam ýuwjak suwlarymyzy elimiz bilen öýlerimize çekýäris" diýip, etrap ýaşaýjysy aýdýar.
Marynyň etrap ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, suw daşaýan ýük ulaglaryň daşap satýan suwuny satyn almaga köp hojalyklaryň maddy mümkinçiligi ýok. Suw daşaýan ulagyň ýapdan suw getirip, ýaşaýjylaryň howlusyna getirip bermeginiň ortaça bahasy 200 manada düşýär.
"Bizde onça pul ýok, puly bolan 200 manat berip daşadýar, emma pulsuz hojalyk diýseň kän" diýip, ýaşaýjy aýdýar.
Azatlygyň Marydaky habarçylary etraplaryň ýangyç beketleriniň hem tok bolmansoň işlemeýändigini aýdýarlar.
"Merkeze ýa-da merkeziň golaýynda toguň bar ýerlerindäki ýangyç beketlerine gidip, uzyn nobatda ençeme sagatlap garaşyp, ýangyç guýmaga synanyşýarys. Köplenç nobatyň ýetmänkä solýarka, benzin gutaryp galýar ýa-da ol ýerde hem tok kesilip, tä tok gelýänçä uzyn nobatdaky sürüjiler, nobatyny saklap, garaşmaly bolýarlar" diýip, maryly sürüji gürrüň berdi.
Marynyň obalarynda gaz üpjünçiliginiň gowşamagy adamlaryň ýylynmak problemasyny artdyrdy.
"Gazymyzam gaty haýal. Her gyş pasly gelip, howa sowanda gazymyzy haýalladýarlar. Biz her güni çagalarmyz bilen bilelikde bir otaga jemlenişip, gyş eşiklermizi geýip ýatýarys, sowukda çagalarmyz we özümiz syrkawlaýarys. Maşgalamyzda bir adam syrkawlasa biziň barymyza ýokuşýar" diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan obalylar gazyň basynyň örän pes bolmagy sebäpli nahar bişirmegiň, hatda çaý gaýnatmagyň örän kyndygyny aýdýarlar.
Odun hem tapylmansoň sygyryň, düýäniň dersini-tezegini ýakyp çörek bişirýäris
"Irden işjek çaýymyzy gije gaýnatmaga goýýarys ol ertire çenli zordan gaýnaýar. Öýde solýarka peç gurdyrdyk, emma häzir solýarka gytçylyk edýär we tapdyrmaýar. Şonuň üçin biz tapanja odunlarymyzy peçe salyp, ýakyp nahar-çaý bişirmeli bolýarys. Odun hem tapylmansoň sygyryň, düýäniň dersini- tezegini ýakyp çörek bişirýäris" diýip maryly ýaşaýjy aýdýar.
Marynyň etraplarynda elektrik energiýasynyň kesilmegi ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligine hem erbet täsir etdi, mobil telefonlary toksuz öçüp galýar.
"Daşary ýurtlara işlemäge gidip, bizi ekleýän hossarlarymyz bilen gürleşmek üçin hem el telefonlarymyzy obamyzda tok öndüriji generatory bolan hojalyk tapsak şol hojalyga baryp, zarýadyny doldurýarys, ýa-da awtoulagy bolan adamlara berip bir az bolsa-da zarýada goýup bermeklerini soraýarys" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýene bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Elektrik toguny we nebit-gazy uly mukdarda öndürip eksport edýän Türkmenistanyň resmileri ýurt ilatynyň tok, gaz we ýangyç üpjünçiliginden ýyllarboýy mahrum bolmagynyň sebäplerini düşündirmeýärler. Ilatly ýerleriň energiýa üpjünçiligi gyşda hasam agyrlaşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum