Balkanda ilata ýurtdaky petikli saýtlara we sosial ulgamlara tölegsiz girmäge mümkinçilik berýän VPN ulgamlary petiklendi. Şeýle-de, Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri saglygy goraýyş pudagynyň işgärlerine şahsy durmuşynda-da sosial ulgamlardan peýdalanmagy gadagan etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji aprelde sebitden maglumat berdi.
“Geçen aýlarda Türkmenistanda, şol sanda Balkanda mugt VPN-leriň sanynyň birden köpelmegi bilen, ilat arasynda Internet aktiwligi, erkin pikir alyşmak mümkinçiligi ýokarlandy. Ýöne adamlaryň Internet torundan erkin ulanmak mümkinçiligi uzaga çekmedi. Geçen hepdäniň ahyrynda, has takygy dördünji we bäşinji günlerde tölegsiz VPN ulgamlary petiklenip başlandy” diýip, habarçymyz aýtdy.
Türkmenistanlylar iki aýdan gowrak wagt bäri, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, tölegsiz VPN ulgamlarynyň onlarçasyndan mugt peýdalanyp, ýurtdaky petikli saýtlaryň we sosial ulgamlaryň köpüsine bökdençsiz girip bilýärdiler. Emma indi üç gün bäri bu tölegsiz VPN-leriň tas hiç biri işlemeýär.
“Mugt VPN-ler doly petiklendi. Häzirki wagtda welaýatda tölegli VPN ulgamlarynyň diňe birnäçesi hereket edýär” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Mundan başga-da, Türkmenbaşynyň häkimiýetleri saglygy goraýyş pudagynyň işgärlerine şahsy durmuşynda-da sosial ulgamlardan, şol sanda TikTok-dan, Instagramdan peýdalanmagy gadagan etdi.
“Bäşinji güni, ýagny 12-nji aprelde Türkmenbaşynyň saglygy goraýyş edaralarynyň, şol sanda Awaza şypahanasynyň ýolbaşçylary saglyk işgärleri bilen ýygnaklary geçirdiler. Olar işgärlere indiden beýläk iş wagtynda hassahanalara, şypahana we beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň binalaryna telefon alyp girmegi hem gadagan etdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly bir saglyk işgäri anonim şertde gürrüň berdi.
Türkmenbaşyda geçen hepdäniň dowamynda Internetiň tizligi hem juda peseldi. Habarçymyz onuň tizliginiň sekuntde 1 kb-e çenli haýallandygyny, hatda ýerli saýtlara hem girmegiň mümkin bolmandygyny aýtdy.
“Şu aýyň başyndan bäri şäheriň 1-2-3-nji we 4-nji etrapçalarynda, Şagadam, Magtymguly we Azady köçeleriniň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň öý internetleri hem işlemeýär. Resmiler munuň sebäbini köçelerde simleriň täzelenýändigi bilen düşündirýärler” diýip, habarçymyz belledi.
Azatlyk bu barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda “Türkmentelekomyň” ýerli edarasyndan we welaýatyň Saglygy goraýyş bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri ilat üçin garaşsyz maglumatlaryň elýeterliligini ýyllarboýy çäklendirip, petikli saýtlara we sosial torlara girmäge mümkinçilik berýän VPN hyzmatlarynyň öňüni alyp gelýär. Bu hyzmatlardan peýdalanýan raýatlar we olary hödürleýän ussalar yzarlanýar. Häkimiýetler bu çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.
Ýöne Balkanyň häkimiýetleriniň bu ugurdaky nobatdaky çäreleri, soňky hepdelerde Internet torunyň türkmen böleginde sosial we syýasy meseleler we problemalar hakynda internet ulanyjylarynyň arasynda, megerem, soňky onýyllyklarda ilkinji gezek açyk diskusiýalaryň gurnalyp başlanandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Bu habarlaryň arasynda, 10-njy aprelde habarçylarymyz Aşgabadyň mekdeplerinde Bilim ministrliginiň işgärleriniň mugallymlar bilen ýörite ýygnaklary geçirendiklerini habar berdiler.
Ministrligiň işgärleri olara mekdepleriň çäginde bolup geçýän wakalaryň mekdepleriň çäginden daşaryk syzdyrylmazlygy, şeýle-de bilim edaralaryna syýasatyň girmegine rugsat berilmezligi ündediler.
Ýerli synçylar sosial ulgamlarda, galyberse-de, ilat arasynda peýda bolýan açyk pikir alyşmalaryň häkimiýetleriň halk arasynda doly pikir gözegçiligini gazanmak ugrundaky synanyşyklaryny “puja çykarýandygyny” aýdýarlar.
Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýär.
Ýurtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum