Azatlyk Radiosynyň ýangyç gytçylygy barada habar berip, wideo maglumaty çap edensoň, ýurduň gündogar sebitinde sürüjilere çäkli mukdarda ýangyç satylyp başlandy. Muňa garamazdan, welaýatyň ýangyç beketleriniň öňünde türkmenistanly we daşary ýurtly ýük ulaglarynyň birnäçe kilometrlere uzaýan nobatlary saklanyp galýar.
Lebaply çeşmeleriň 15-nji oktýabrda beren habaryna görä, welaýatyň ýangyç beketleriniň öňünde emele gelen ulag nobatlaryny görkezýän wideo ýazgysynyň Azatlyk Radiosynda çykmagy ýerli häkimiýetleri uly howsala salypdyr. Şondan soň 14-nji oktýabrdan başlap, A-95 we A-92 markaly benzin satylyp başlanypdyr.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda awtoulag ýangyjynyň gytçylygynyň saklanýan wagtynda Türkmenabat – Mary awtomagistralynyň ugrunda ýerleşýän bir ýangyç bekediniň öňünde 4-nji oktýabrda üç kilometre çenli uzap gidýän awtoulag nobatynyň emele gelendigini habar berip, Lebapdaky çeşmelerinden gelen wideony çap edipdi.
Lebapdaky ygtybarly çeşme ýerli häkimiýetleriň mundan soň herekete girişendigini gürrüň berdi.
“Garaşsyz habar beriş serişdeleri birnäçe aýdan bäri dowam edýän ýangyç gytçylygy barada yzygider habar berip gelýärdi. Emma Azatlyk Radiosynda çykan wideodan soň, welaýatyň MHM bölümi welaýat we etrap häkimlikleri bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda duşuşyk geçiripdir. Kärdeşlerimiň aýtmagyna görä, degişli wideo Ministrler Kabinetine we prezidentiň apparatyna baryp ýetipdir” diýip, Lebaply çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýerli çeşmeleriň 17-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, ýeňil ulaglara ýangyç satylyp başlapdyr. Muňa garamazdan, sebitiň ýangyç beketlerinde uly göwrümli ýük ulaglary üçin niýetlenen ýangyç henizem ýok.
“Men şu gün üç sany ýangyç bekedini gördüm. Ählisiniň öňünde kilometrlere uzaýan ýük maşynlarynyň nobatlaryny görmek bolýar. Ýük maşynlarynyň aglabasy daşary ýurtly. Aýdyşlaryna görä, olar solýarkanyň nobatynda garaşýarlar” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Lebapdan Mary welaýatyna barýan täze awtomagistralyň ugrunda ýerleşýän 65 belgili TNÖ ýangyç bekediniň öňünde duran ýük ulaglarynyň nobaty birnäçe kilometrlere uzaýar.
“Orazaly obasynyň deňinden, ýangyç kolonkasyna çenli ýük maşynlaryň ýangyç üçin nobata durşuny gördüm. Bir iki sany sürüji bilen gürleşdim. Onuň birisi türkiýeli ekeni. Ol maňa: 'Allanyň unudan ýurdy bu, gaýdyp geljek däl, ýollarynyň erbetliginden bir azap çekdim, indi bolsa ýangyç hem berenoklar' diýip, sögünip gepledi” diýip, ýerli çeşme gürrüň berdi.
Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň habar bermegine görä, ýeňil ulaglar üçin benziniň satylyp başlanmagy bilen şäherde ýol hereketi biraz janlanypdyr.
“Ýollarda ýeňil ulaglaryň sany öňki ýagdaýyna geldi diýsek ýalňyşmarys. Emma şäherden etraplara gatnaýan taksileriň ýol kireýiniň nyrhy entek arzanlamady” diýip, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy aýtdy.
Soňky aýlarda ýitileşen benzin gytçylygy awtoulaglar üçin ýangyjyň käwagt doly satuwdan ýok bolmagyna, satylan wagtynda örän çäkli mukdarda goýberilmegine we iňňän uly nobatlaryň döremegine sebäp boldy.
Türkmenistanda benzin gytçylygy jemgyýetçilik transportunyň işine we taksileriň elýeterlilige ýaramaz täsir ýetirdi. Ýangyç gytçylygynyň fonunda iýmit önümleri gymmatlady.
Azatlyk Radiosy benzin gytçylygynyň sebäpleri barada pudak wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Nebite baý Türkmenistan ýangyç önümleriniň ençeme görnüşini öndürip, daşary ýurtlara satýar.
Türkmen hökümeti içerki hyrydarlarynyň ýangyç satyn almakdaky kösençliklerini agzamaýar we ýurtda yzly-yzyna döreýän ýangyç gytçylygynyň sebäplerini düşündirmeýär. Şol bir wagtda-da, resmi hasabatlarda nebit önümçiliginiň we eksportunyň mukdarynyň artýandygyny aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum