Türkmenistanda soňky birnäçe aý bäri ýitileşip dowam edýän ýangyç gytçylygynyň fonunda, golaýda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ýangyç beketleriniň birinde awtoulag ýangyjynyň üstünde işgärler bilen sürüjileriň arasynda ýakalaşyk boldy. Goh-galmagala gatnaşan raýatlar polisiýa işgärleri tarapyndan jogapkärçilige çekilýär.
Ýangyç gytçylygy ilatyň gündelik durmuşyny bökdeýär, awtoulag eýeleri birnäçe sagatlap benzin nobatyna garaşmaly bolýarlar, üstesine ýangyç ulaglara çäkli möçberlerde berilýär, sürüjiler guýulýan ýangyjyň hiline we göwrümine şübhe bildirýärler. Gytçylyk, nobatlar we ýangyç guýujy işgärlere bolan ynamsyzlyk raýatlaryň arasynda tolgunyşyklara, gahar-gazaba sebäp bolýar.
“Biziň awtoulaglarymyza EKO93 diýip guýan benzinleri A80 görnüşli benzin bolup çykdy” diýip, ýeňil awtomobil ulaglarynyň sürüjileri aýdýar.
Ýokary hilli EKO93 benziniň bir litri Türkmenistanda 2 manatdan, A80 benzini 1 manat 15 teňňeden satylýar. Sürüjilere görä, ýangyç beketleri EKO93 benziniň bahasyna A80 benzinini satýarlar.
“Bizi aldap, kän pulumyzy aldyňyz. Az mukdardaky benzini gymmat bahadan satdyňyz. Bize pulumyzy gaýtaryp beriň, ýa-da bizden aldaw ýoly bilen alan pullaryňyzyň öwezine benzin guýup beriň” diýip, sürüjiler ýangyç beketleriniň işgärleriniň üstüne azgarylyp başlaýarlar.
Işgärler ne bu aýyplamalary boýun alyp, sürüjileriň pullaryny yzyna gaýtaryp berýärler, ne-de bu gürrüňleri inkär edip, adamlary köşeşdirmäge çalyşýarlar.
“Şondan soňra adamlar ýakalaşyp başlady. Polisiýa ýangyç guýujy işgärleriň tarapyny çalyp, adaty raýatlary, sürüjileri polisiýa bölümine alyp gitdi” diýip, şaýatlar aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu waka boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň etrap häkimliginden hem-de ýerli polisiýa bölüminden teswir alyp bilmeýär.
Etrabyň beýleki bir ýangyç bekedinde ýangyç guýujy işgärler bilen ýük ulag sürüjileriniň arasynda hem goh-galmagal bolupdyr, ýöne bu galmagalyň yzy ýakalaşyga ýazmandyr.
Sebitde dizel ýangyjy iri ýük ulaglaryna çäkli möçberlerde berlip başlanypdyr. Bu ýagdaý ulag sürüjileri bilen ýangyç guýujylaryň arasynda galmagala ýol açypdyr.
“Dizel ýangyjy her bir ýük ulagyna çäkli möçberde, 100 litr berilýär. Onda-da, uzakly gün nobata garaşmaly. Biziň ýük ulagymyzyň baky 600 litr dizel alýar. Çäkli möçberlerde satylýan dizel hem dogry-dürs guýulmaýar: 100 litr diýip, 80 litr guýýarlar, ähli beketler kem guýýar” diýip, bir ýük ulag sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Awtoulag eýeleri beketlerdäki awtomatlaşdyrylan ölçeýji enjamlarda görkezilýän sanlara ynamsyzlyk bildirýärler.
Beýleki bir ýük ulag sürüjisi üstüne para berip, has köp möçberlerde dizel ýangyjyny satyn almagyň mümkindigini aýdýar.
“Meniň ýük ulagymyň baky 600 litr dizel ýangyjyny alýar. Men 50 manat para berip, bakymy doldurtmagy başardym. Ýangyç bekediniň ölçeýjisi meniň ulagyma guýlan dizeliň möçberini 650 litr hökmünde görkezýär. 600 litr göwrümi bolan benzin bakyna 650 litr ýangyç guýup bolmaýar” diýip, ýük ulag eýesi aýdýar.
Awtoulag eýeleri bu ýagdaýa garşylyk bildirip, beketleriň işgärleri bilen galmagal edipdirler.
“Ozalam awtoulagyň bakynda 50 litr dizel bardy. Kem guýýarsyňyz diýip aýtsak, bar nirede dogry guýýan bolsalar, şol ýerden guýduraýyň diýip, bizden gaty görüp, aňyrsyna öwrülip gitdi” diýip, ýük ulag sürüjisi aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu waka boýunça hem ýangyç bekediniň işgärlerinden teswir alyp bilmeýär.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýygy-ýygydan benzin gytçylygy ýüze çykyp başlady. Ýöne şeýle ýagdaýlar soňky birnäçe aýyň dowamynda has-da ýitileşip dowam edýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýitileşýän ýangyç gytçylygy barada yzygiderli habar berip gelýärler.
Dowam edýän gytçylygyň arasynda iýulyň soňky hepdesinde Lebap welaýatynda her bir awtoulaga bir saparda berilýän ýangyjyň möçberi 10 litre çenli çäklendirildi. Munuň yz ýany, awgustyň birinji hepdesinde Mary welaýatynda hem täze düzgüne geçilip, bu sebitde awtoulaglara bir saparda berilýän ýangyjyň göwrümi 20 litre çenli çäklendirildi.
Soňky maglumatlar bilen bu sebitde iri ýük ulaglaryna bir saparda berilýän dizel ýangyjynyň göwrümi hem 100 litre çenli aşakladyldy.
Häkimiýetler iri ýük ulaglarynyň uly göwrümli ýangyç baklary bilen bagly meseleleri mundan ozal hem gün tertibine getiripdiler.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary geçen ýylyň noýabrynda halkara ugurlar boýunça gatnaýan goşa bakly ýük ulaglaryna zawodda öndürilende oturdylan ikinji baklaryň aýyrdylmagynyň talap edilip başlanandygyny habar beripdiler.
Şonda häkimiýetler bu ýagdaýy ýük ulag sürüjileriniň serhetüsti dizel söwdasy bilen meşgullanmakda güman edilmegi bilen düşündiripdiler.
Türkmenistan dünýäde awtomobil ýangyjynyň arzan bahasy boýunça iň öňdäki ýurtlaryň hatarynda gelýär.
Bu ýurtda bir litr benziniň EKO93 görnüşi 2 manatdan, A95 görnüşi 1 manat 50 teňňeden, A92 görnüşi 1 manat 35 teňňeden, A80 görnüşi 1 manat 15 teňňeden, dizel ýangyjy 1 manatdan satylýar.
Bu bahalar dollaryň resmi alyş çalyş bahasy boýunça takmynan 30 sent we 60 sent aralygynda bolýar. Benziniň bahasy dollaryň gara bazar bahasy boýunça hasaplananda 5 sent bilen 10 sent aralygynda üýtgeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary dowam edýän gytçylygyň arasynda Mary welaýatynyň beýleki sebitlerinde hem awtoulag eýeleriniň arasynda nägilelikleriň artýandygyny, olaryň gatnaşmagynda başga beketlerde hem dawa-jenjelleriň, ýakalaşyklaryň we goh-galmagallaryň bolup geçýändigini habar berýärler.
“Bu ýagdaý boýunça hiç ýere arz edip bolmaýar, arz etseňem özüňi günäkär çykarýarlar” diýip, bir ýadaw sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum