Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň propagandasy ýaýbaňlanýar


Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat
Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat

Türkmen häkimiýetleri öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultyny dabaralandyrmak tagallalaryny öňküsinde-de güýçlendirýärler. Bu tagallaryň çäginde Balkan welaýatynyň häkimiýetleri býujet işgärleri bilen ýörite ýygnaklary geçirýärler. Ýygnaklarda Arkadag şäheriniň we adybir telekanalyň, şeýle-de G.Berdimuhamedowyň ikinji sapar haja gitmeginiň we onuň kitaplarynyň propagandasy edilýär.

“Şu gün günbatar welaýatda uly göwrümli çäreler geçirildi. Çäreleriň birnäçesi kenarýaka etrapda gurnaldy. Awaza dynç alyş merkezinde hem mejbury çäreler geçirildi. Olara döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň tas ählisi gatnaşdyryldy” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 3-nji iýulda gürrüň berdi.

Bu ýygnaklar zerarly günüň birinji ýarymynda döwlet edaralarynyň ençemesi, şol sanda banklar, ýol polisiýasy ýapyk boldy we bulara raýatlar kabul edilmedi.

Ýygnaklar Balkan welaýat medeniýet we teleradio bölüminiň, Kärdeşler arkalaşygynyň, zenanlar guramasynyň we kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan geçirildi.

“Resmiler esasy ünsi telekanala gönükdirip, her bir býujet işgäri bu telekanala günüň dowamynda 3 sagat tomaşa etmeli diýdiler” diýip, ýygnaga gatnaşan balkanly býujet işgäri aýtdy.

Häkimiýet wekilleri ýygnaga gatnaşanlara çagalary türk, rus filmleriniň "ahlaksyz mazmunly materiallaryndan goramak” üçin olara “Arkadag” telekanalyna tomaşa etmegi öwretmäge hem çagyrdylar.

“Häkimiýet wekilleri geçen aýdaky kalýan wakalaryny hem mysal getirip, munuň bilen bagly daşary ýurt metbugat serişdelerini günäkärlediler. Olar döwletimizde ‘Arkadagyň’ alyp barýan syýasaty berk wagyz edilse, onda ýurtda beýle wakalaryň bolmajakdygyny aýtdylar” diýip, balkanly býujet işgäri belledi.

Ýatlatsak, “Watan” habarlar gepleşiginiň 7-nji iýunda berlen reportažynda sosial torlarda suw çilimli, ýagny kalýanly suratlaryny paýlaşan adamlaryň öz-özlerini ýazgarýan tobaly çykyşlary görkezildi.

Ýygnaklar barada ýurduň döwlete degişli metbugat serişdelerinde häzirlikçe haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň welaýat häkimliginden telefon arkaly kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.

G.Berdimuhamedowyň wagzynyň ýaýbaňlanmagy, onuň Saud Arabystanyna haj zyýaratyny amala aşyrmagyndan, şeýle-de onuň lakamyny göterýän “Arkadag” şäheriniň açylmagyndan we ýurtda adybir telekanalyň ýaýlymynyň başlamagyndan sanlyja gün soňa gabat geldi.

Gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy mälim edilen we birinji tapgyry müňlerçe adamyň gatnaşmagynda 29-njy iýunda, G.Berdimuhamedowyň doglan gününde açylan Arkadag şäheri Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda guruldy.

Synçylar Arkadag şäheriniň töweregindäki işjeňlige “lideriň şahsyýet kultuny mundan beýläk-de ösdürmek synanyşyklary” hökmünde baha berýärler.

Bellesek, türkmen häkimiýetleri G.Berdimuhamedowy wagyz etmek işlerini geçen ýylyň başynda hem güýçlendirip, ýörite ýygnaklary geçiripdiler. Lebap welaýatynda geçirilen şol ýygnaklar Türkmenistanda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atlandyrylmagynyň yz ýanyna gabat gelipdi.

Bu aralykda, balkanly býujet işgärleri ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelerden, şol sanda “Arkadagyň wagzyndan bizar bolandyklaryny” aýdyp, özlerine gündelik iýjek çöreginiň gaýgydygyny belleýärler.

“Resmiler, hamana, Türkmenistanyň ähli halkyny Arkadag guzlan ýaly gürleýärler. Hamana, Arkadag bize bu ýurdy peşgeş berdi. Halk ýuwaş, sesini çykaranok diýip, halys ýürege düşdüler. Bize Arkadag şäheri ýa telekanaly ýa-da onuň kitaplary gerek däl. Biderek taslamalara pul harçlamagyň deregine, biziň ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi gowulandyrsalar, has gowy bolardy” diýip, balkanly býujet işgäri aýtdy.

Dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG