Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda bugdaý eken kärendeçiler saman umydyndan kesilýär - çeşmeler


Bezeg suraty. Häkimiýetler bugdaýy orlan meýdanda mal bakýan çopanlara jerime salýar - çeşmeler.
Bezeg suraty. Häkimiýetler bugdaýy orlan meýdanda mal bakýan çopanlara jerime salýar - çeşmeler.

Bereket we Gyzylarbat etraplarynyň ýerli emeldarlary bugdaýdan boşan ýerleriň saman-sypalyny bu meýdanlarda der döken kärendeçilere berdirmän, daýhan maşgalalarynyň hasabyna gazanç edýärler diýip, Azatlygyň habarçysy 31-nji iýulda habar berdi. Bu maglumat prezidentiň 29-njy iýulda üç sebitiň häkimlerini täzeläp, oba hojalyk pudagyndaky özgertmeler, hususan-da hökümetiň önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek boýunça boýun alan borçnamalaryny ýene bir gezek sözde, dilde tassyklan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Daýhanlaryň bugdaý meýdanlarynyň saman-sypalyny ýygnap almakdan mahrum edilmeginiň resmi, açyk düşündirişi ýok, ýöne bu ýagdaý dilden gumdaky goýun-geçileriň gyş otuny, döwlet eýeçiligindäki mallaryň ot-iým ätiýaçlygyny taýýarlamak maksady bilen düşündirilýär diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda bugdaý, arpa ekilen ýerleriň saman-sypalyny ýygnap alyp, işikde mal bakmak hukugy 1990-njy ýyllardan öň, kolhoz-sowhoz döwründe hem daýhanlara degişlidi we emeldarlar bu samandan şahsy peýda görjek bolmaýardy.

“Gumdaky goýun-geçilere gyş oty, iým üçin diýlip, kärendeçileriň ellerinden alnan bugdaý samanynyň her teleşkasyny 500 manatdan, gamyş we beýleki haşal oty bolsa, köp saman bolsa, 800 manatdan satýarlar” diýip, Azatlyk arkaly iň ýokarky başlyklara sesini eşitdirmek isleýän daýhan aýtdy.

Bereket etrabynyň Uzynsuw, Aýdyň, Obaý daýhan birleşikleriniň aýry-aýrylykda gürleşen daýhanlarynyň tassyklamagyna görä, şu ýyl bugdaý tabşyrmak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirip bilmän bergidar çykan kärendeçi köp bolupdyr we olar döwlet öňündäki bergilerini saman satyp, biraz ýeňlederis diýip umyt edipdir.

“Samanlaryňyza degmäň, özleri adam tapyp, çopanlar kipledip alyp giderler diýdi… Biz hem samana degip bilmedik. Aslynda daýhan birleşiginiň resmileri çopanlara däl-de, öz bähbitleri üçin, hususy taraplara saman satyp, gazanç etmek hyýalyna münüpdir. Muny soň bilip galdyk” diýip, Obaý daýhan birleşiginiň bir ýaşaýjysy aýtdy.

Onuň pikiriçe, oba emeldarynyň samany gumdaky çopan goşlaryna, döwlete degişli maldarçylyk hojalyklaryna ugratmaly diýýäni ýokardan berlen tabşyryk däl-de, toslanyp tapylan ‘delil’ hem bolup biler.

Şol bir wagtda, ol daýhan birleşiginiň ýolbaşçysynyň saman şikaýaty bilen baran daýhanlaryň ýüzüni alandygyny, ‘size saman ýok, gerek bolsa, kärendesine ekip oturan bugdaý ýerleriňizi hem eliňizden alaryn’ diýip, adamlara haýbat atandygyny gürrüň berdi.

Mundan başga, daýhanlar bugdaý ekilen ýerde oba adamlarynyň çekene mallaryny bakýan çopanyň saklanandygyny, ‘döwletiň ýerinde mal bakmak gadagan’ diýip, sygyrlaryň alnyp gidilendigini we her sygyr üçin 300 manatdan jerime salnandygyny aýdýarlar.

Ýurt maglumat almak, emeldarlar bilen gürleşmek üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk ýerli resmilerden bu aýdylýanlar barada hiç bir düşündirş alyp bilmeýär.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşýän daýhanlar indi oba ýerinde ýaşamakda ‘many galmandygyny’ öňe sürýärler.

Özüni Mekan Nyýazmämedow diýip tanadan oba ýaşaýjysynyň sözlerine görä, ýerli emeldarlar bugdaýdan boşan meýdanlaryň suwa golaý ýerlerini iş başarýan telekeçi adamlara, hususy taraplara iýul, noýabr aralygynda gök, bakja ekinlerini ekmek üçin her gektaryny 3 müň manatdan, has gowy ýerleriň gektaryny 5 müň manatdan wagtlaýyn satýarlar. Emma Azatlyk bu aýdylýanlary hem ýerinde barlap, resmilerden düşündiriş alyp bilmeýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli hünärmen türkmen häkimiýetleriniň ýokardan yglan edýän oba özgertmeleriniň köplenç aşakda, etrap ýerlerinde bir topar emeli bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, ýönekeý adamlaryň arz edip, sesini eşitdirmek mümkinçiliginiň tas ýokdugyny öňe sürdi.

“Etraplarda kärendeçi daýhanlaryň hak-hukuklaryny goraýan edara-guramalar ýok, kärendeçi daýhan öz ýeriniň hakyky eýesi bolmasa, oba hojalygynda hiç bir netije bolmaz” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Resmi beýanatlara görä, ýurduň oba hojalyk zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär, bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýyl bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Emma diňe bugdaý we pagta öndürijileriň däl, hökümet tabşyrygy esasynda ýa-da umumy ylalaşyk esasynda beýleki önümleri öndüren daýhanlaryň hem uly zyýana galýandygy baradaky habarlar köpelýär.

Soňky döwürde Ahalda dörän ýyladyşhana dartgynlygy we işini ýitirýän ýüzlerçe aýal gyz, Baýramalyda ýetişdiren ýeralamasyny ýerläp bilmeýän daýhanlar, Lebapda we Maryda ýetişdiren garpyzlaryndan zyýan çeken kärendeçiler baradaky maglumatlar syzyp çykdy. Ýöne ýurduň üç sebitiniň häkiminiň täzelenmegi ýa başga işe geçirilmegi bu ýagdaýlar bilen baglanyşdyrylmady. Emma prezidentiň Ahalyň öňki häkimi Röwşen Hojagulyýewi mejlis zalyndan kowmagy, oňa ‘bar, gidiber’ diýmegi bu resminiň işini ýitirmeginiň sebäbi ‘ýyladyşhana dartgynlygy’ bilen bagly bolmasyn diýen soraglary döretdi.

2021-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine bellenen Röwşen Hojagulyýew geçen ýylyň 14-nji iýulynda sebit häkimligine bellenipdi we, gysga wagtda ýokary wezipelere çykan resmilere soň birden “Watan” habarlarynda görkezilýän sýužetde ‘bar, gidiber’ diýilmegi olaryň maşgalalary üçin gowy yşarat hasaplanmaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň öňki iki prezidenti hem öz goýberen kadr ýalňyşlyklaryny düzetjek bolmakda, ýöne hemişe başgalary günäkärläp, öz säwligini boýun almazlykda ýatlanýar.

Forum

XS
SM
MD
LG