Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanabatda polisiýa dollar alyp-satýanlara garşy reýd geçirdi


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň günbatar welaýatynda walýutanyň gara bazaryndaky söwdagärler barlaglara sezewar edildi we tussag edilip, soň boşadyldy. Azatlygyň welaýatdaky habarçylary polisiýanyň walýuta söwdagärlerine garşy eden reýdleri barada habar berdiler.

7-nji sentýabrda, Balkanabatyň merkezi bazarynda walýuta çalşygy bilen meşgullanýan onlarça raýat tussag edildi we polisiýa bölümine äkidildi. Ýerli çeşmelere görä, reýdlere polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri gatnaşypdyr.

"Daýhan bazarynda geçirilen reýd wagtynda walýuta söwdasy bilen meşgullanýan raýatlaryň hemmesi diýen ýaly 40 töweregi adam tussag edildi, polisiýa bölümine äkidildi we sorag edildi" - diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri aýtdy.

Başga bir çeşmäniň habaryna görä, tussag edilenler irden sagat 10-dan agşam 5-e çenli polisiýa bölüminde saklanypdyr.

Ýurtda nagt pul çalşygy bikanun hasaplanýar, ýöne walýuta çalşygynyň resmi bolmadyk gara bazary köp ýyl bäri saklanýar. Häzirki reýdleriň we walýuta söwdagärleriniň tussag edilmeginiň sebäpleri barada resmi görnüşde düşündiriş alyp bolmady. Anonim gürleşen çeşmeler bolsa, polisiýada tussag edilenlere reýdiň dolanyşykda galp banknotlaryň peýda bolmagy bilen baglanyşykly diýlip, aýdylandygyny habar berýärler.

"Galp banknotlaryň peýda bolandygyny aýtdylar. Pul çalşýanlaryň nagt pullarynyň hemmesi ýörite enjamlarda barlandy. Pul çalşylanda seresap boluň diýildi. Şeýle hem bölümde tussag edilenlere galp pullar we olary saýgarmagyň usullary barada dokumental film görkezildi. Mundan başga-da, görkezmeler berldi we galp manatlaryň ýa-da dollarlaryň tapylan halatynda derrew habar bermek talap edildi" - diýip, çeşmeleriň ýene biri aýtdy.

Çeşmelere görä, tussag edilenlere, hususan-da, 5-nji sentýabrda Gazylarbat bazaryndaky näbelli adam tarapyndan köp mukdarda galp dollar satylandygy barada habar berilipdir we şuňa meňzeş ýagdaýardan hüşgär bolmaga çagyrylypdyr. Şeýle hem olara ýanlarynda kameranyň bolmagy maslahat berilipdir.

Tutulan walýuta söwdagärlerine netijede üç hepde azatlykdan mahrum edilip, mejbury işlere çekilmek ýaly çäre görüljegi aýdylypdyr, emma özlerine derek pagta ýygnamak üçin hakyna adam tutmaga rugsat berilipdir.

Geçmişde dollar alyp-satýanlara garşy çäreler döwlet baýramçylyklaryndan we ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalardan öň güýçlenýärdi, şeýle hem kanun goraýjy edaralaryň ýolbaşçylygynyň çalyşmagynyň yzýany walýutanyň gara bazaryna häkimiýetler tarapyndan üns artýardy. Käbir halatlarda "täsirli wezipeli adamlaryň" goldawyna daýanyp işleýän ýerli pul çalşýanlaryň täsir meýdanyny gaýtadan paýlaşmak synanyşyklary hem walýutanyň gara bazarynda durnuksyzlyk döredýärdi.

Türkmenistanda dollaryň gara bazary 2016-njy ýylda nagt walýutanyň konwertasiýasyna resmi gadagançylyk girizilenden soň döredi. Kanuny bolmadyk dollar çalyşygy bazarynda ýurtdaky sosial-ykdysady proseslere baglylykda üýtgeýän öz düzgünleri we walýutanyň hümmeti bar. Şol bir wagtyň özünde, birnäçe ýyllap türkmen manatynyň gara bazardaky hümmeti üýtgese-de resmi nyrhdan bäş esse ýokary çäkde galýar.

Türkmen manadynyň resmi hümmeti 2015-nji ýyldan bäri 1 ABŞ dollaryna 3,5 manat derejesinde üýtgewsiz saklanýar. Ýurtda diňe nagt däl walýuta öwrülişigine rugsat berilýär we ol Merkezi bankyň kursuna görä amala aşyrylýar, ýöne ol ilatyň iňňän az sanly bölegi, şol sanda käbir telekeçiler we studentler üçin elýeterlidir.

Türkmenistanyň häkimiýetleri gara walýuta bazary bilen baglanyşykly bolup geçýän wakalar barada resmi düşündiriş bermeýärler. Kämahal, ýolbaşçylar bu ugurda bar bolan meselelere degmezden, milli manadyň durnukly hümmetini üpjün etmegiň we pul dolanyşygyny tertipleşdirmegiň zerurdygyny yglan edýärler. Döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal bikanun walýuta söwdasynda tutulandygy aýdylýan adamlaryň özlerini günäkärläp edýän çykyşlaryny görkezýär.

Abraýly halkara maliýe guramalary, Türkmenistanyň hökümetine ilat üçin töwekgelçiliklerden gaça durmak üçin walýuta syýasatyny gözden geçirmegi birnäçe gezek maslahat berdiler. 2022-nji ýylda Bütindünýä banky ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Türkmenistany ikinji gezek hasabatyndan çykardy. Halkara walýuta fondy hem 2021-nji ýylda Türkmenistanyň resmi hökümet statistikasyny ulanmagy bes etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG