Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosynyň prezidenti žurnalist Alsu Kurmaşewanyň boşadylmagyny talap edýär. Şu gün onuň tussag edilenine 100 gün doldy


Alsu Kurmaşewa, arhiw suraty
Alsu Kurmaşewa, arhiw suraty

Ony 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda tussag etdiler.

Şu gün, 25-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Tatar-başgyrt gullugynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň tussaglykda oturanyna 100 gün boldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Stiwen Kapus «Adalatsyz hatda bir gün türmede oturmak hem heläkçilik, emma ABŞ-yň graždanynyň 100 günläp, rus türmesinde saklanmagy adalatsyzlykdyr" diýip, beýanat berdi.

— Bu diňe gabahatlykdyr. Alsu — aýal, ene we biziň guramamyzyň eý görülýän işgäridir. Russiýa ony derrew azatlyga goýbermeli. Biz ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Alsuny "adalatsyz tussag edilen" diýip, çalt ykrar etjekdigine umyt edýäris – diýip, Kapus belledi.

Alsu Kurmaşewanyň iki graždanlygy bar: ABŞ-yň hem Russiýanyň raýaty. Tussag edilmezinden öň, ýanýoldaşy we çagalary bilen Pragada ýaşady. Geçen ýylyň maý aýynyň ortalarynda, maşgala ýagdaýy sebäpleri öz dogduk mekany Kazan şäherine bardy.

– Siz meniň "şeýle wagtda" öýüme (!) gelendigime guwanýarsyňyz – diýip, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda, Alsu wagtlaýyn tussaghanadan ýazdy. – Ýöne biz häzirki wagtda ýaşaýarys we biziň "başga" wagtymyz bolmaz. "Wagt", elbetde, bolar, ýöne şol günler ýakynlaryň kömege mätäçlerden kimdir biriniň bolmazlygy mümkin. <…> Men öz maşgalam üçin jogapkärdirin. Kiçi ýaşly çagalarym, garry ejem üçin.

2-nji iýunda öýüne gaýtmak üçin, Kazan howa menziline baranda, uçmazdan öňinçä, Alsuny howpsuzlyk güýçleri sakladylar. Ondan amerikan we rus pasportlaryny aldylar. Birnäçe günden soň, žurnalistiň garşysyna ikinji raýatlygy barada habar bermändigi üçin (Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 330.1 maddasy), jenaýat işi açyldy we Alsudan hiç ýere gitmezlik barada, ýazmaça hat alyndy. Diňe oktýabr aýynda, Kazandaky kazyýetiň karary bilen oňa 10 müň rubl jerime salyndy.

Kazyýetiň çykaran hökümi yglan edilenden bir hepde geçensoň, 18-nji oktýabrda, žurnalist ýene-de tussag edildi. Oňa RF Jenaýat kodeksiniň 330.1 maddasynyň 3-nji bölümi esasynda aýyplanma bildirdiler (“Russiýa Federasiýasynyň kanunçylygyna laýyklykda, daşary ýurt agentleriniň hasaba alynmagy üçin, zerur bolan resminamalary ygtyýarly edara bermek barada, bellenen borçnamanyň ýerine ýetirilmezligi, daşary ýurt agentleriniň hasaba alnyşyna goşulmak üçin, zerur bolan adam, ýagny eger-de daşary ýurt çeşmeleri tarapyndan Orsýetiň harby, harby-tehniki işleri ulgamyndaky maglumatlaryň toplanylmagy alynsa, Orsýetiň howpsuzlygyna garşy ulanylyp bilner"). Sülçüleriň aýtmagyna görä, Kurmashewa "daşary ýurt agentleriniň" hasaba alnyşyna goşulmak üçin, özi barada dokumentleri bermändir. Bu Orsýetde şu madda boýunça žurnalistiň garşysyna açylan ilkinji jenaýat işi.

23-nji oktýabrda kazy Alsuny wagtlaýyn tussaghana ugratdy. Şondan iki aý geçensoň, rus goşuny barada "ýalan" ýaýradandygy üçin, žurnaliste garşy täze jenaýat işi (RF JK 207.3 maddasynyň 2-nji bölüminiň “d” bölegi) açyldy.

Muňa Idel.Realii redaksiýasynda çapdan çykan "Uruş ýok bolsun. Ukrainanyň çozuşlaryna garşy çykýan russiýalylaryň 40 hekaýasy" kitap sebäp boldy.

Fewralyň başynda Alsunyň tussag edilmeginiň uzaldylmagyna garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendi

Forum

XS
SM
MD
LG